Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: 7 müň dollara goşun gullugy üçin ýer saýlap bolýar


Harby komissariat. Türkmenistan (faýl suraty)
Harby komissariat. Türkmenistan (faýl suraty)

Türkmenistanda ýaşlaryň harby gulluga alynmagy we möhleti dolan esgerleriň goşun gullugyndan boşadylmagy dowam etdirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri goşuna alynýan esgerleriň gulluk etjek ýeriniň diňe bir ýaşaýan ýerine ýa-da harby ýolbaşçylaryň kararyna bagly bolman, eýsem paranyň mukdaryna hem bagly bolýandygyny aýdýarlar.

Aşgabadyň harby komissariatlarynda paranyň mukdary 7 müň dollara ýetýär. Bu barada habar berýän ýagdaýdan ygtybarly çeşmäniň sözlerine görä, bu pula paýtagtyň ýaşaýjylary harby gulluk borjuny öz şäherinde berjaý etmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.

"Aşgabatda harby gulluga çagyrylan esgerleriň öýlerine golaý galmagy üçin 5000-den 7000 dollar aralygynda pul alýarlar. 2000 müň diňe tanyşlyk billen" -diýip, anonim gürleşen Aşgabatdaky çeşme aýtdy.

Paranyň mukdary gulluk ýerine görä tapawutlanýar. Welaýatlarda ýerleşýän harby bölümlerde gulluk etmek has az çykdajyny talap edýär.

"Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Balkanabatda gulluk etmek üçin azyndan 6000 manat töleýärler. Aýdylyşyna görä, ol ýerde gulluk şertleri kadaly" - diýip çeşme aýdýar.

Mundan öň Azatlyk Radiosynyň habarçylary welaýatlarda goşun gullugyna alynýanlaryň hem gulluk etjek ýerini saýlamagy üçin käbir resmi däl mümkinçilikleriň bardygyny habar beripdiler. Hususan-da, Mary welaýatynyň etraplarynda 400-den 1000 manata çenli para berip, gulluk etmek üçin harby bölümi saýlap bolýar.

Esgerlere zulum etmek, lukmançylyk kömeginiň bolmazlygy, sütem we dürli ýanamalar ýaly agyr meseleler ýaşlary harby gullukdan gaça durmak üçin mümkinçilik gözlemäge mejbur edýär, olaryň ene-atalaryny bolsa, çagalarynyň gullugy üçin has howpsuz harby ýerleri saýlamaga iterýär.

Azatlygyň habarçylary şy ýyl hem mekdep okuwçylarynyň gutardyş synaglaryny doly tabşyrmanka goşuna alynýandygyny habar berdiler. Jemleýji synaglara taýýarlyk görýän ýaşlaryň ençemesinden, ekzamenleriň soňuna birnäçe gün galanda goşuna alynýan harby bölümlere barmak talap edildi. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň ençemesiniň goşun gullugyna gitmek üçin harby bölümlere meýletin ýüz tutýandyklary habar berildi.

Harby gulluk Türkmenistanda hökmany hasaplanýar, kontrakt boýunça harby gulluk ýa-da alternatiw gulluk göz öňünde tutulmaýar.

Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň hataryna çagyrmak we goşun gullugynyň möhleti dolan esgerleri goýbermek möwsümi ýylda iki gezek apreliň başyndan iýunyň aýagyna çenli we oktýabryň başyndan dekabryň aýagyna çenli amala aşyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, esgerleriň goşundan goýberilmeginde hem para meselesi ýüze çykýar. Hususan-da, esgerleriň goşundan wagtynda öýlerine gaýdyp gelmegi üçin soralýan para birnäçe müň manada ýetýär.

Azatlyk bilen gürleşen esgerleriň sözlerine görä, şu ýyl harby gullugyny tamamlan esgerleriň köpüsi harby gullukdan wagtynda gitmek üçin soralan parany berip bilmändir we öýlerine dolanmaga rugsat almak üçin gulluk eden harby bölüminde işlemeli bolupdyr.

“Harby bölümde esgerlere aýratyn bölüm berilýär. Olara diňe şu ýer abatlanylandan we abadanlaşdyrylandan soň öýlerine iberiljekdigi aýdylýar ". Hiç kime işlemezden bölümden çykmaga rugsat berilmeýär "-diýdi.

Azatlyk Radiosynyň agzalan harby bölümlerden we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekillerinden resmi taýdan düşündiriş almak synanyşyklary başa barmady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG