Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dem alyş keselleri köpelýär


Türkmenistan.
Türkmenistan.

Türkmenistanda sowuklama alamatlary bilen geçýän kesel bilen näsaglanlaryň sany köpelýär. Maryda hassahanalar näsag köp, käbir ýerlerde lukmançylyk edaralary hassalary stasionar bejergi üçin kabul etmeýär, hassalara öýde bejergi almak maslahat berilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatyndaky saglyk işgärlerine salgylanyp habar berýärler.

Marynyň hassahanalary we saglyk öýleri soňky günlerde ýerli ýaşaýjylaryň iň köp barýan ýerine öwrüldi. Azatlygyň habarçylarynyň belleýşi ýaly, lukmanlara ýüz tutýanlaryň köpüsi dem alyş ugrundan näsaglykdan ejir çekýärler.

Baýramalyda bolsa, lukmançylyk edaralary hassalaryň akymyna döz gelmeýärler we hassalara öýde bejergi almagy maslahat berýärler.

"Baýramalynyň hassahanalarynda näsaglaryň akymy sebäpli oraglarda ýeterlik ýer ýok. Çagalar köp. Boş ýeriň ýoklugy we näsaglaryň köp bolmagy zerarly agyr hassalary kabul edýäris we ýüz tutýanlaryň köpüsine bejeriş usullaryny kesgitläp, dermanlary ýazyp berýäris we öýde bejergi almagy maslahat berýäris" - diýip, ýerli lukman gürrüň berdi.

Saglyk işgärleriniň sözlerine görä, häzirki wagtda ýüz tutýan hassalaryň köpüsinde ýokary gyzgyn, dem almak kynçylygy we ýüreginiň bulanmagy ýaly alamatlar bar.

Bu aralykda, habarçylar syrkawlanlaryň hemmesiniň lukmanlara ýüz tutmaýandygyny aýdyp, ençemesiniň öýde özbaşdak bejergi almaga synanyşýandygyny belleýärler. Lukmançylyk hyzmatlary tölegli bolansoň, bu çykdajy hemmeler üçin elýeterli däl.

"Köpler öýde öz-özüni bejermäge synanyşýarlar we diňe erbetleşende lukmanlara ýüz tutýarlar. Lukmançylyk hyzmatlary köpler üçin elýeterli däl. Lukmanlara görünmegiň bahasy 2000 manada ýetýär. Bu gaty köp pul we köpler muny tölemegi başarmaýar" - diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Lukmanlar dümewe meňzeş häzirki dem alyş keselleriniň ýaýramagyny paslyň çalyşmagy we howanyň temperaturasynyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar. Munuň sebäbini Mary welaýatyň saglygy saklaýyş pudagynyň wekillerinden anyklamak boýunça edilen synanyşyklar oňyn netije bermedi.

Geçen hepde Azatlyk Radiosynyň habarçylary dem alyş ugrundan keselleriň beýleki welaýatlarda hem ýaýrandygyny habar beripdi. Aşgabatdaky habarçy paýtagtdaky lukmanlaryň koronawirusyň, hususan-da Omikronyň köpelýändigini aýdýandygyny habar beripdi.

Resmiler keselçiligiň köpelmegi bilen bagly ýagdaý barada resmi düşündiriş bermedik hem bolsalar, Türkmenistanyň günbatar welaýatynda häkimiýetler dezinfeksiýa çärelerini ýerine ýetirmek üçin talaplary artdyrypdy. Ýerli edara-kärhanalarda sentýabryň ikinji ýarymynda dezinfeksiýa işleri geçirilip başlandy. Saglygy saklaýyş pudagynyň işgärleri koronawirusa meňzeş dem alyş wirusynyň ýaýramagy barada ilaty habarly edip başladylar. Mekdepleriň, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin edaralaryň işgärleri we okuwçylary, olaryň ene-atalary şuňa meňzeş duýduryşlary aldy we dezinfeksiýa çärelerini berjaý etmek talaby bilen tanyşdyryldy.

22-nji sentýabrda Türkmenbaşyda hassahananyň wekili 1200-e golaý çaganyň hepdäniň dowamynda şäheriň ýokanç keseller keselhanasyna kabul edilendigini, käbirleriniň aşa ýokary temperaturasyny peseldip bolmaýandygyny we 15 adamyň öýkeni emeli işletmek boýunça gurallara çatylyp, intensiw terapiýa bölüminde saklanýandygyny habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde söhbetdeş bolan Türkmenbaşynyň lukmançylyk edaralarynyň wekilleri ölüm hadysalarynyň hem bardygyny habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, şondan soň Türkmenbaşynyň häkimiýetleri dezinfeksiýa çärelerini görmegi buýurypdyr.

Ýerli hassahanalarda we klinikalarda işleýän lukmanlaryň bellemegine görä, soňky wagtda keselleýänlerde ýokary gyzgyn, dem almakda kynçylyk, burnyň ganamagy we içgeçme ýaly alamatlar iň köp duş gelýär.

Onýyllyklaryň dowamynda ýurduň häkimiýetleri keselçilik boýunça statistikany çap etmän gelýär we epidemiýa barada resmi maglumat bermeýär. Türkmenistan, dünýäde öz çäginde COVID-19 hadysasyny ykrar etmedik tas ýeke-täk döwletdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG