Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda dem alyş ýollarynyň keseli ýaýraýar, lukmançylyk çykdajylary artýar


Saglyk öýi. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Saglyk öýi. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Dem alyş ýollarynyň keselleri ýurduň gündogarynda ýaýraýar. Keselleýänleriň arasynda çagalar köp. Sebit häkimiýetleri bu ýagdaý barada düşündiriş bermeýärler, köpçülige derman satyn almak we hassahanalardan bejergi soramak elýeterli däl.

Türkmenabatda saglyk edaralary hassalardan hyryn-dykyn. Bu ýagdaý ähli etraplarda diýen ýaly birmeňzeş. Näsaglaryň köpüsi ýiti respirator keselçiligi (ORWI) we grip bilen keselleýär. Bu barada 20-nji dekabrda Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy aýdýar.

"Türkmenabatda näsag çagalary bilen köplenç Ene we çaga merkezine ýüz tutýarlar. Bu ýerde boş ýer ýok, ähli otaglar näsaglardan hyryn-dykyn. Käbir çagalar grip keseli bilen yzly-yzyna keselhana düşýärler we birnäçe gezek bejergä mätäç bolýarlar" - diýip, habarçy aýdýar.

"Düzgüne laýyklykda, lukmançylyk edaralarynda çagalara bejergi mugt berilmelidir. Emma hakykatda çagalara ilkinji üç günüň dowamynda derman berilýär, soň ene-atalar zerur dermanlary satyn alyp, getirmeli bolýarlar. Mundan beýläk derman berilmez diýip, duýdurýarlar. Mundan başga-da, çaganyň hassahanada bolmagy üçin töleg talap edýärler" - diýdi Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Çagalary Ene we çaga merkezinde bejergi alýan ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyga anonim gürrüň bermeklerine görä, olardan çaganyň lukmançylyk edarasynda galmagy üçin töleg etjekdigi barada öňünden dilhaty alypdyrlar. Töleg etmekden ýüz öwürýänlere hassahanada ýeriň ýokdugy aýdylýar. Azatlyk Radiosy bu lukmançylyk edarasynyň wekillerinden resmi taýdan düşündiriş alyp bilmedi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysynyň ýerli lukmanlara salgylanyp, aýtmagyna görä, çagalaryň gaýtadan keselleýän halatlary köp duş gelýär.

Bu hadysa diňe çagalar bilen çäklenmeýär. Ulular hem kesel bolýarlar.

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri bu ýagdaý bilen baglanyşykly düşündiriş bermeýärler. Şeýle-de bolsa, welaýatda käbir çäreler görülýän ýaly. Habarçylaryň sözlerine görä, ýerli lukmançylyk edaralary öňküsinden has güýçlendirilen tertipde işleýär.

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi ýurtdaky keselçilik ýagdaýy barada resmi statistika çap etmeýär.

Keselçiligiň ýaýramagy sebitdäki adatdan daşary aýazly howa gabat geldi. Dekabr aýynyň başyndan bäri Türkmenistanyň çägindäki temperatura -22 gradusa çenli pese düşdi. Ýurduň köp ýaşaýjysy yzygiderli ýyladyşsyz galýarlar. Elektrik togunyň kesilmegi, gaz we suw üpjünçiliginiň hatardan çykmagy dowam edýär.

Sowuklama epidemiýasy Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda-da ýüze çykýar.

Gyrgyzystanda ýüzlerçe bilim edarasy ýapyldy, dümew we ýiti respirator keselçiligiň güýçli depginde ýaýramagy zerarly ähli mekdepler onlaýn okuw tertibinde geçirildi. Dem alyş ýollarynyň ýiti keseli we dümew sebäpli çagalaryň 17-30% -i sapaklara gatnamaýar.

Keseliň ýaýramagy Täjigistanda-da ýüze çykdy. Bu ýurduň häkimiýetleri koronawirusyň gaýdyp gelmeginden howatyrlanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň käbir sebitlerinde epidemiýa garşy çäreler güýçlendirildi.

Goňşy Özbegistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň tassyklanan hadysalarynyň köpelendigini habar berdiler. Täjigistanyň häkimiýetleri Özbegistan bilen serhetden geçýänleriň hemmesiniň temperaturasyny barlap başlady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG