Türkmenistanyň Lebap welaýatynda käbir pudaklaryň işgärleri mejbury pagta ýygymyndan boşadyldy. Ýogsa, mundan bir hepde töweregi wagt ozalam pagta ýetişdirmekdäki esasy sebitleriniň birinde diňe bir býujetçiler däl, eýse adminstratiw jogapkärçiligine çekilen raýatlar hem pagta ýygmaga mejbur edilipdi.
Şu hepdäniň başyndan bäri, pagta möwsümi döwri mejbury zähmetden peýdalanmakda tankytlanýan Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem mejbury ýygym işleri bes edildi. Munuň anyk sebäpleri we möhleti barada düşündiriş berilmeýär. Emma munuň Türkmenistana Zähmet boýunça halkara guramasynyň we ABŞ-nyň Zähmet boýunça departamentiniň ýakynda etmeli saparyna gabat gurnalan bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.
“15-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň ýerli häkimliklerinde uly ýygnaklar geçirilip, olarda käbir pudaklaryň işgärleriniň pagta ýygymyna çekilmejekdigi yglan edildi. Bularyň arasynda medisina, muzeý-teatr, aragatnaşyk, wokzal, aeroport pudaklarynyň dagy işgärleri bar” diýip, bu ýygnaga gatnaşanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Mundan öň, şu hepdäniň başyndan bäri ýurduň beýleki sebitlerinde hem ozal pagta zor bilen çekilen býujetçileriň, esasan hem bilim we saglyk pudaklarynyň işgärleriniň mejbury ýygymdan boşadylandygy habar berildi.
Ýöne Lebapdaky habarçymyz ýurduň gündogar welaýatynda mugallymlaryň şu günki gün hem gowaça meýdanlaryna ugradylýandygyny aýtdy.
Halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankytlanýan Türkmenistanda käbir pudaklaryň işgärleriniň köpçülikleýin ýygymdan boşadylmagy boýunça düşündiriş berilmeýär. Azatlygyň bu barada ýerli häkimliklerden maglumat almak synanyşyklary hem netije bermedi.
Ýogsa, geçen hepdäniň aýagyna çenli ýurduň tas ähli gowaça meýdanlarynda ýygym işleriniň ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilendigi barada Azatlyk yzygiderli habar beripdi.
Halkara hukuk goraýjy toparlar, şol sanda Pagta kampaniýasy türkmen hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden, şol sanda çaga zähmetinden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edýärler. Häkimiýetler bu baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar.
Bellemeli ýeri, soňky özgerişlikler golaýda Türkmenistana Zähmet boýunça halkara guramasynyň we ABŞ-nyň Zähmet boýunça departamentiniň etmeli saparynyň öň ýany bolup geçýär. Garaşsyz neşriler türkmen häkimiýetleriň, munuň bilen bagly, öz asyl kärinden daşgary pagta ýygýan adamlary meýdanlardan ýygnajak bolýandygy baradaky pikiri orta atýarlar. Turkmen.news neşiri Zähmet boýunça halkara guramasynyň gözegçi missiýasynyň ýurduň dürli sebitlerine aýlanyp býujetçiler, daýhanlar bilen dagy gepleşikleri geçirjekdigini belleýär.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan bjuýet işgärleri hem munuň wagtlaýyn kabul edilen karar bolmagyndan alada galýandyklaryny aýdýarlar.
“Býujet işgärleriniň bir bölegi bu karara gaty begendi. Olar indi aýlygymyz gädilip durmaz, indi ak un satyn alyp, çagalarymyza pişme bişirip bileris diýýärler. Býujetçileriň ýene bir bölegi bolsa, pagta meýdanlary ellenmän galsa, onda özlerini gaýtadan bu işlere çekilip biljekdiklerini aýdyp, häkimiýetlere ynamyň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, maryly býujetçileri biri 18-nji sentýabrda gürrüň beripdi.
Şol bir wagtda, häkimligiň geçirýän soňky ýygnaklarynda ýeri kärendesine alan daýhanlaryň ýa-da telekeçileriň özleriniň pagta ýygymyny amal etjek adamlary tapmaga borçludygy hem aýratyn bellenip geçilýär.
Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli daýhanlar we oba hojalyk hünärmenleri soňky döwür ýylyň aşa yssy gelmegi, oba hojalygyndaky ýyllarboýy dowam edip gelýän meseleler zerarly pagta hasylynyň pes boljakdygyny duýdurýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum