Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda mejbury pagta ýygymy ozal görlüp-eşidilmedik derejede ‘möwjeýär’


Pagta ýygmak üçin gowaça meýdanyna baran türkmenistanlylar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Pagta ýygmak üçin gowaça meýdanyna baran türkmenistanlylar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri ýurtda mejbury pagta ýygmak çäresini ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirdiler. Mary welaýatynda köçelerde we ýollarda düzgün bozanlar bilen bir hatarda, serhoşlar, dilegçiler, zibil dörýänler mejbury pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilýärler. Balkan welaýatynda pagta ýygymy möwsüminde adamlaryň “wagtyny ogurlaýandygy” aýdylýan maşgala çärelerini, şol sanda toýlary we sadakalary geçirmek dilden gadagan edildi. Türkmenistan pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.

“Häzirki gün kimi mejbury pagta ýygymyna çekip bilseler çekýärler. Marynyň tas ähli etrabynda polisiýa awtobusly aýlanyp, pyýadalar üçin geçelgelerden geçmedik raýatlary awlaýar. Olar pyýadalaryň ýoly kesip geçmegine ýöriteläp garaşýarlar. Olary awtobusa doldurýarlar we polisiýa bölümine alyp gidýärler. Bu ýerde 40 manat jerimäni tölemäge ýagdaýy bolmadyk raýatlar üç günlük pagta ýygymyna mejbury çekilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 11-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Mundan başga-da, polisiýa ýollarda göz öňünde tutulmadyk ýerlerde çilim we nas çekýänleri, köçelerde hajathana zerurlyklaryny amal edýänleri we serhoşlary, zibil çeleklerini dörýänleri hem gözleýär.

“Saklanan adamlaryň ählisi polisiýa bölümine alnyp gidilýär we bu ýerden pagta meýdanlaryna iberilýär. Hat-da polisiýada hasapda duranlar hem pagta ýygymyna mejbury iberilýär. Olaryň arasynda biri bilen gohlaşyp, paýyş sözleri ulanyp, üstünden arza ýazylanlar hem bar. Hat-da hojalyklar tarapyndan arza berlenler hem pagta ýygymyna mejbury äkidilýär. Olaryň arasynda adamym ýa oglum içip, hojalyga gün berenok diýip, polisiýada hasapda duranlar hem bar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, uly göwrümdäki pagta meýdanlaryny kärendesine alan käbir telekeçiler häkimlikler bilen gepleşikleri geçirýärler.

"Olar ýolbaşçylardan edara-kärhanalarda “ýaramaz häsiýetde” tanalýan işgärleri hem dürli bahanalar bilen pagta ýygymyna çekmek barada maslahat edýärler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Balkandaky habarçymyz we çeşmelerimiz sebitiň pagta meýdanlarynda soňky 15 ýylda görlüp-eşidilmedik derejede mejbury zähmetiň “gaýnap joşýandygyny” habar berýärler.

“Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynyň häkimiýetleri pagt aýygymy bilen bagly, sebitde toý sadakalaryny we beýleki maşgala çärelerini bermegi noýabryň 1-ne çenli gadagan etdiler. Diňe ölen adamlaryň maşgalalaryna agşam sagat 6-dan soň diňe gartaşan adamlary çagyryp, belli-belli gün sadaklaryny, ýagny merhumyň üçüni, ýedisini, kyrkyny we şuňa meňzeşleri bermäge rugsat berilýär” diýip, sebitdäki habarçymyz 11-nji sentýabrda beren maglumatynda şuňa meňzeş gadagançylygyň diňe koronawirus pandemiýasy döwründe bolandygyny, ýöne onuň geriminiň bu derejede bolmandygyny hem aýtdy.

Mundan başga-da, Gyzylarbatdaky uly toý mekanlarynyň gapylaryna häkimlik tarapyndan möhür goýuldy. Etrapdaky 10-a golaý toýhana, restoran we kafe hem ýapyldy.

Ýagdaýlardan habarly çeşmämiziň tassyklamagyna görä, häkimligiň wekilleri esasanam toý mekanlarynyň gulplary açylsa, onda olara uly jerime tölediljekdigi ýa-da toý zalynyň ýykyljakdygy barada haýbat atdylar.

“Sebitdäki uly toý mekanlarynyň birnäçesi onlarça işgärini iki aýlyk işden boşatdy. Olar mejbury pagta ýygymyna ugradyldy” diýip, habarçymyz aýtdy.

Ady agzalan etraplaryň häkimiýetleri pagta ýygymy mösümi tamamlanýança, sebitleriň daýhan bazarlaryny hem agşam sagat 9-a çenli ýapyk saklamagy dilden buýurdylar. Bazarlar diňe gije işlemeli edildi.

“Bereketde we Gyzylarbatda hususy mikroawtobusy ýa-da traktory bar bolan raýatlar-da, ýerli häkimiýetleriň basyşlaryna sezewar edilýärler. Olardan hususy ulaglarynda býujetçileri pagta ýygymyna gatnatmak talap edilýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Häkimiýet wekilleri ilata dilden berýän maglumatlarynda 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk gününe çenli welaýat pagta planynyň azyndan 60% ýerine ýetirilmelidigini aýdýarlar.

Balkanlylaryň ençemesi häkimiýetleriň bu çärelerini “Stalin döwrüniň zulmuna” meňzedip, pagtanyň “gamçy bilen ýygdyrylýandygyny” aýdýarlar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetler bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna resmi derejede 9-njy sentýabrda girişildi. Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlanar.

Muňa garamazdan, ýurtda eýýäm ençeme hepde bäri pagta ýygymy dowam etdirilýär. Bu işlere býujet işgärleri mejbury çekilýär ýa-da olardan hakyna adam tutmak talap edilýär. 7-nji sentýabrda Balkandaky habarçymyz bu işlere günlükçi hökmünde mekdep okuwçylarynyň hem gatnaşdyrylýandygyny habar berdi.

Halkara hukuk goraýjy toparlar, şol sanda Pagta kampaniýasy türkmen hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden, şol sanda çaga zähmetinden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edýärler. Häkimiýetler bu baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz Ýolöten etrabyndaky gowaça meýdanlarynyň köpüsini pagta derek ýandagyň we haşal otlaryň basyp durandygyny görse bolýandygyny habar berýär.

“Ýeri kärendesina alan telekeçiler suw asla ýok diýip, şu ýyl bergili çykmakdan alada galýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG