Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda Türkiýeden deport edilen raýatlar häkimiýetleriň yzarlamalaryna sezewar edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde we onuň töwereginde Türkiýeden deport edilip, ýurda dolanan raýatlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Bir tarapdan, 10-15 ýyldan soň watanyna dolanan türkmenistanlylar saglyk sadakalaryny berýärler. Beýleki tarapdan, olar ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan yzarlanyp, yzygiderli sorag edilýär. Munuň bilen bir wagtda, watana dolanan raýatlar ýurtda “para bermezden” işe ýerleşmek mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarlar.

Bu wakalar, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede häkimiýetleriň bikanun migrantlara garşy giň gerimli reýdleri geçirýän we türkmen raýatlarynyň köpçülikleýin watanyna dolanmaly bolýan döwrüne gabat geldi.

“Balkanabadyň we onuň töwereginde Türkiýeden gelen raýatlarymyzyň sany 100-den geçýär. Olaryň arasynda 8-15 ýyl bäri watana gelmän, türk döwletinde işlänler we ýaşanlar bar. Olar türk häkimiýetleriniň bikanun migrantlara garşy geçiren reýdleriniň pidasy boldular. Olar, hamala, uzak möhletli türme tussaglygyny tamamlap gelen bendiler ýaly garşy alynýar. Olaryň hossarlary we dogan-garyndaşlary olar üçin saglyk sadakalaryny berýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Habarçymyz ýakynda watanyna dolanan balkanlylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olardan özleriniň başdan geçirýän ýagdaýlaryny gürrüň bermegi sorady.

10 ýyla golaý wagtdan bäri maşgalasyndan aýry ýaşan we iki hepde öň Türkiýeden gelen balkanly Mährijemal (red: ady üýtgedildi) watanyna gadam basan birinji gününden bäri Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Zenanlar birleşiginiň soraglaryna we haýbatlaryna sezewar edilýändigini aýtdy.

“Olar ähli zady soraýarlar. Mobil telefonlarymyzy 10 günläp MHM edarasynda sakladylar we barladylar. Telefondaky birnäçe messenjeri, şol sanda WhatsApp, Telegram, Facebook, Viber ýaly programmalary hem pozupdyrlar we doly telefonumdan aýrypdyrlar” diýip, Mährijemal aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri geçen aýyň başyndan Türkiýeden deport edilen raýatlaryny ýurda getirip başladylar. Şonda Azatlygyň ýurduň dürli pudagyndaky çeşmeleri bu türkmenler üçin karantin zolaglarynyň esaslandyrylýandygyny, medisina barlaglarynyň guramalaşdyrylýandygyny, galyberse-de getirilen raýatlary sorag etmek üçin MHM-niň işgärlerinden ýörite toparyň düzülýändigini aýdypdylar.

“Men MHM işgärlerine telefonumdaky messenjerlerde meniň dostlarymyň, tanyşlarymyň kontaktlary bardy, näme üçin meniň şahsy zadymy meniň rugsadym bolmazdan aýyrdyňyz diýip soradym. MHM ofiseir maňa ‘bärisi saňa Türkiýe däl. Şahsy zat Türkmenistanda bolmaýar. Gerek bolsa telefonyňy hem alyp goýmaga hakym bar. Köp gürleme. Berildimi?! Begenip, öýüňe git” diýip, jogap berdi” diýip, Mährijemal aýtdy.

Mährijemal we onuň ýaly başga-da ençeme balkanabatly ýurda dolananlaryna iki hepde bolandygyny, ýöne “para bermezden” işe ýerleşmek mümkinçiliginiň ýokdugyna eýýäm düşünendiklerini hem aýdýarlar.

“Ýönekeý mekdeplerde tam süpüriji bolup işe girmek üçin 40 müň manat para soraýarlar. Bu gara bazaryň kursunda 2 müň ABŞ dollaryna deň” diýip, balkanabatly raýat gürrüň berdi.

Şeýle-de, watanyna dolananlar Türkmenistanda erkin ýaşamak, işlemek, söwda etmek we Internetden peýdalanmak mümkinçilikleriniň ýokdugyny aýdyp, “ ýurduň türmeden tapawudynyň galmandygyny” belleýärler.

“Türkiýeden gelenleriň tas ählisi deportlaryny ýapdyryp, daşary ýurtlara gitjek bolýar. Sebäbi olar ýurtda adam gadyr-gymmatynyň galmandygyny aýdýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu adamlara ýurduň migrasiýa edaralarynyň käbir ofiserleri uly para öwezine 5 ýyl möhletli goýlan deport gadagançylygyny aýryp bermegi wada berýärler.

“Bu ofiserler 200 müň manat möçberinde para soraýarlar. Bu, gara bazaryň nyrhynda 10 müň ABŞ dollar bolýar. Olar bu para bir aýyň dowamynda ýene Türkiýä ýa-da başga döwlete çykmak üçin ähli resminamalary dolly taýýar edip berýärler we öz işlerine kepil geçýärler” diýip, Mährijemal aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada sebitiň migrasiýa edarasyndan, MHM-niň we Zenanlar birleşiginiň ýerli edaralaryndan kommentariýa alyp bilmedi.

Türk häkimiýetleri, Rejep Taýýyp Erdoganyň 28-nji maýda täzeden prezidentlige saýlanmagynyň we täze içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň 4-nji iýunda wezipä girişmeginiň yzysüre, ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini güýçlendirdiler.

Bu waka, Erdoganyň öz saýlaw kampaniýasynyň dowamynda “tertipsiz, bikanun migrasiýany nol derejä çenli azaltmagy” wada bermeginiň yz ýanyna gabat geldi. Soňky ýyllarda Türkiýede zähmet, şol sanda bikanun migrantlaryň sanynyň we olar bilen ilteşikli jenaýatlaryň göz-görtele artmagy, türk halkynyň arasynda bu babatda nägilelikleri döredipdi.

Türk häkimiýetleri tussag we deport edilen on müňlerçe migrantyň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy barada häzire çenli aç-açan maglumat bermeýärler. Ýöne olaryň arasynda türkmenler hem bolup, Türkmenistan geçen aýyň başynda Türkiýeden deport bolan müňden gowrak raýatyny ýurda getirdi.

Bu aralykda, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” öz habarçylaryna salgylanyp, olaryň arasynda türkmenistanly raýat aktiwistleriniň hem bardygyny habar berýär.

Neşiriň 4-nji sentýabrda çap eden maglumatynda Türkiýede bolan wagtlary protestlere gatnaşyp, sosial ulgamlarda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edendigi aýdylýan iki aktiwistiň Türkmenistana iberilendigi we olaryň biriniň türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilendigi aýdýar.

Bellesek, bu häzirlikçe diňe bir çeşme bolup, Azatlyga muny öz habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak başartmady. Ýöne redaksiýa munuň bilen bagly habarlary öwrenmegi we yzarlamagy dowam etdirýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri Türkiýede on müňlerçe türkmen migrantynyň duçar bolýan ýagdaýlary, olaryň Türkmenistana deport edilmegi we ýurtda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada kelam agyz söz aýtman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG