Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biometriki pasporta ýüz tutulanda, sowetler döwründe berlen Dogluş şahadatnamalary kabul edilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy biometriki pasporta ýüz tutulanda soralýan resminamalara täze üýtgetmeleri girizdi. Täze düzgüne laýyklykda, Türkmenistanyň raýatynyň ýurtdan çykmak we ýurda girmek üçin daşary ýurt pasporty resmileşdirilende Sowetler döwründe berlen Dogluş hakynda şahadatnamalary kabul edilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda soňky wagtlarda biometriki pasporta ýüz tutýan birnäçe raýata salgylanyp, pasportlar resmileşdirilende Sowetler döwründe berlen rus dilli Dogluş şahadatnamalarynyň kabul edilmeýändigini we olaryň täzelenilmeginiň talap edilýändigini habar berdi.

“Dogluş hakynda şahadatnamalar rusça sözler bilen ýazylyp, sowet döwründe berlen bolsa, şeýle şahadatnamalar biometriki pasport üçin zerur bolan resminamalaryň hatarynda kabul edilmeýär, täzeläp gelmegi soraýarlar” diýip, ýagdaýdan habarly bir lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web sahypasyna görä, biometriki pasporty almak ýa-da çalyşmak üçin 3x4 ölçegde surat, Dogluş hakynda şahadatnama, Türkmenistanyň raýatynyň pasporty (ýazgydan çykan bolsa, ýaşaýan ýeri barada kepilnama), 65 ýaşa çenli bolan erkek raýatlar üçin Harby bilet, Maşgala ýagdaýyny tassyklaýan resminamalar we, eger bar bolsa, başga ýurda degişliligini tassyklaýan pasport soralýar.

“Biometriki pasporta nobata ýazylan adamlaryň köpüsi Sowetler döwründe berlen Dogluş hakynda şahadatnamalary sebäpli, yzyna gaýtarylýarlar” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Köne şahadatnamalar Lebap welaýatynyň Raýat ýagdaýlarynyň namalary boýunça ýerli müdirliginde, "Bagt köşgünde" täzelenýär.

Ýerli ýaşaýjylar Dogluş hakynda resminamalaryny täzeletmek üçin ilkibaşda Halk bankyň ýerli şahamçasyna 52 manat möçberinde töleg geçirýärler.

“Soňra Bagt köşgüne baryp, Dogluş hakynda şahadatnamasynyň täzelenilmegi boýunça haýyş bilen Arza ýazýar. Takmynan bir hepdäniň içinde täze şahadatnama taýýar bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Biometriki pasportlaryny resmileşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýatyndaky şahamçalaryna ýüz tutan raýatlaryň ençemesi täze düzgüniň SSSR döwründen galan Dogluş şahadatnamalaryna eýe bolan ähli raýatlaryň ýüztutmalaryny öz içine alýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň raýatynyň ýurtdan çykmak we ýurda girmek üçin daşary ýurt pasportynyň resmileşdirilmegi boýunça girizilen täze talaplar barada Döwlet migrasiýa gullugyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistan 1991-nji ýylda Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzynyň dargamagy bilen, garaşsyzlygyny aldy. Munuň yz ýany, ýurdy Sowet mirasyndan arassalamak çärelerine bat berildi. Garaşsyzlygyň yz ýany, köçelere, obalara, etraplara we şäherlere Sowetler döwründe dakylan atlaryň ençemesi aýrylyp, ilatly nokatlaryň atlary milli häsiýetde türkmençeleşdirildi.

Şeýle-de, Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň başlarynda dessine kril elipbiýsini terk edip, latyn harplaryny kabul etdi. Garaşsyzlygyň yz ýany, Sowetler döwründe raýatlara berlen gyzyl reňkli pasportlaryň garaşsyz Türkmenistanyň pasportlary bilen çalşyrylmagyna ýol açyldy. Sähel wagtdan gyzyl pasportlar güýjüni ýitirdi.

Bu aralykda, Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurt döwletlerine syýahat etmegini çäklendirmäge gönükdirilen emeli päsgelçilikler öz güýjünde galýar. Raýatlar daşary ýurt pasportlaryny resmileşdirmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Galyberse-de, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar öz ýaşaýan ýurtlarynda ýerleşýän türkmen ilçihanalarynyň ýa-da konsulhanalarynyň üsti bilen biometriki pasportlaryny alyp, ýa-da çalşyp bilmeýärler.

Raýatlaryň biometriki pasportlaryny resmileşdirmegi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary, hususan-da, türkmen migrantlarynyň köplük bolup ýaşaýan ýurtlarynyň biri bolan Türkiýede pasportlarynyň möhleti dolan ençeme türkmenistanlynyň bikanun ýagdaýa düşmegine alyp geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG