Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda raýatlaryň hereketi çäklendirilip, beýleki welaýatlaryň taksileri özlerine degişli sebitlere iberilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Marynyň häkimiýetleri beýleki welaýatlardan gelip, hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlary öz ýaşaýan sebitlerine iberýärler. Munuň bilen bir wagtda, Marynyň döwlet belgisine eýe bolan awtoulaglaryň hem welaýatdan çykmagyna rugsat berilmeýär. Bu ýagdaý, ilatyň sebitara hereketini ýiti çäklendirýär. Kanun goraýjylar we polisiýa işgärleri bu çäreleriň sebäbini howpsuzlyk bilen düşündirýärler.

“Mary we Baýramaly şäherleriniň wokzallarynda polisiýa işgärleri Aşgabadyň, Ahalyň, Lebabyň we Daşogzuň döwlet belgilerine eýe bolan ulaglardan welaýatdan çykmagy talap edýärler. Bu ulaglar adatça wokzallaryň awtoduralgalarynda durup, ýolagçy müşderileri ýygnaýarlar. Üstesine, Marynyň döwlet belgisine eýe bolan awtoulaglar hem welaýatdan çykarylmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy awgustda sebitden maglumat berdi.

Kireý edýän sürüjileriň ençemesiniň aýtmagyna görä, polisiýa käbir ulaglaryň guratlyk hatlaryny alýar we olaryň haçan gaýtaryljakdygy barada hiç zat aýtmaýar.

Bu çäklendirmeler, taksileriň kireý nyrhlarynyň birden tas 10 esse gymmatlamagyna hem getirdi. Mundan birnäçe gün ozal adam başyna Aşgabada 40-50 manat alan taksiler 9-njy awgustda 350-400 manat sorap başladylar.

Ýöne bu nyrha kaýyl bolup, taksä münen adamlar-da, Marynyň Ahal welaýaty bilen serhetleşýän öňki Oguzhan, häzirki Sakarçäge etrap postundan geçirilmän, yzlaryna gaýtarylýar.

“Adamlaryň käbiri işe ýa ýokary okuw jaýlaryna synag tabşyrmaga barýandygyny, daşary ýurda uçmak üçin biletleriniň bardygyny aýdýar. Käbirleri bolsa, saglyk meselesi sebäpli barýandyklaryny, ellerinde lukmanlaryň beren ýollanmasynyň bardygyny aýdýar. Muňa garamazdan, hiç kimi beýleki welaýata geçirmeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, welaýatlylar diňe Aşgabada däl, eýse Lebap tarapa hem goýberilmeýärler. Lebapdan Mary welaýatyna hem awtoulaglar goýberilmeýär.

Habarçymyz öňümizdäki günler üçin awtobus, otly we uçar biletleriniň hem tapdyrmaýandygyny aýdýar.

“Iň ýakyn wagtdaky uçar biledi bir aý soňa bar. Otly üçin öňümizdäki üç hepdäniň dowamynda bilet ýok, barja bilet satylyp gutardy diýýärler” diýip, habarçymyz belledi.

Sebit häkimiýetleri hereket çäklendirmesiniň sebäpleri barada ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Ýöne welaýatyň döwlet postlarynda nobatçylyk çekýän kanun goraýjylar we polisiýa işgärleri bu çäreleriň sebäbini howpsuzlyk bilen düşündirýärler, ýöne muňa nämäniň sebäp bolandygy barada maglumat bermeýärler.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi özlerini yzyna gaýtarýan polisiýa we kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine nägilelik bildirýär. Olar munuň köp adamyň işine, okuwyna we saglygyna ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden we Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň ýurt içindäki hereketini wagtal-wagtal çäklendirýärler.

Bu çäklendirmeler esasan ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da halkara çäreleriň öňüsyrasynda güýçlenýär. Çäklendirmeler käte ençeme sagat, käte birnäçe gün, käte-de birnäçe aý dowam edýär.

Geçen hepdäniň ahyrynda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz 5-nji awgustda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Awaza zolagyna barmagy bilen bagly, kurort şäherinde we onuň töweregindäki sebitlerde hereketiň çäklendirilendigini habar berdiler.

Berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde bu çäklendirmeler we olaryň sebäpleri barada hiç hili mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG