Diňle: Maryda raýatlaryň hereketi çäklendirilip, beýleki welaýatlaryň taksileri özlerine degişli sebitlere iberilýär
Marynyň häkimiýetleri beýleki welaýatlardan gelip, hususy awtoulagynda kireý edýän raýatlary öz ýaşaýan sebitlerine iberýärler. Munuň bilen bir wagtda, Marynyň döwlet belgisine eýe bolan awtoulaglaryň hem welaýatdan çykmagyna rugsat berilmeýär. Bu ýagdaý, ilatyň sebitara hereketini ýiti çäklendirýär. Kanun goraýjylar we polisiýa işgärleri bu çäreleriň sebäbini howpsuzlyk bilen düşündirýärler.