Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt araklary gytaldy. Ýerli spirtli içgileriň ‘hili erbet’


Türkmenistanyň arak önümleri
Türkmenistanyň arak önümleri

Türkmenistanyň ýurda getirilmäge degişli spirtli önümleriň goşmaça salgydyny artdyrmagynyň yzy bilen, söwda tekjelerinde has gymmatlan daşary ýurtly araklaryň we çakyrlaryň görnüşleri hem azaldy.

Muňa garamazdan, agyr ykdysady krizisiň arasynda alkogol içgileri dükanlarda iň geçginli harytlaryň hatarynda galýar. Ýöne raýatlaryň, aradaky baha tapawudy sebäpli, has köp ýykgyn edip başlan ýerli alkogol önümleriniň hiliniň ýaramazdygy bellenilýär.

Geçen ýylyň noýabrynda "Salgytlar hakyndaky" kanuna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, Türkmenistanyň çägine getirilýän alkogol önümleri üçin salynýan goşmaça tölegler 53% -den 61%-e artdyryldy.

“[Lebabyň dolandyryş merkezi] Türkmenabadyň dükanlarynda häzir esasan diňe ýerli araklar satylýar. Daşary ýurt içgileriniň arasynda, diňe Russiýanyň we Belarusyň önümleri bar. Olaryň 0,5 litrlik bir çüýşesi 100-120 manat aralygynda satylýar. Emma adamlaryň köpüsiniň muňa puly ýok. Şol sebäpli, raýatlar ortaça 30 manatdan satylýan ýerli araklary satyn alýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 10-njy awgustda gürrüň berdi.

Ol ýerli araklaryň onlarça görnüşiniň dagy satuwda bardygyny, emma olaryň hiliniň daşary ýurt içgilerinden has ýaramazdygyny sözüne goşdy.

“Ýerli araklaryň çüýşesi, ady biri-birinden tapawutly bolsa-da, içiniň düzümi şol bir zat. Onuň tagamy gaty ajymytyk, ysly. Nahar başynda 100 gram içeniňden iki sagat soň, erbet kelleagry başlanýar. Peregaryň ysy (aragyň ysy) ertesi hem uzakly gün aňkap durýar. Hünärmenler muny aragyň önümçiliginde ulanylýan spirtiň hili bilen baglanyşdyrýarlar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Türkmenistanyň hökümeti alkogol önümleri boýunça import-eksport maglumatlaryny, şeýle-de spirtli içgileriň harçlanyşy boýunça sanlary äşgär etmeýär. Azatlygyň munuň bilen bagly soraglaryny hem jogapsyz goýýar.

Habarçylarymyz ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran işsizlik sebäpli adamlaryň köpüsiniň agyr ýaralydygyny, olaryň geljege umytsyz garaýandyklaryny aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, kyn güne düşen raýatlar meselelerine döwletiň degişli edaralary we institutlary arkaly oňaýly çözgüt tapyp bilmän, muňa özboluşly çykalga hökmünde, serhoş bolup, reallykdan gaçmaga synanyşýarlar.

Azatlygyň söhbetdeşleri serhoş adamlaryň huşuny doly ýitirýändiklerini, hatda serhoş halda köçede aýak ýalaňaç gezýändiklerini, olaryň arasynda öz janyna kast edýän adamlaryň hem bolýandygyny gürrüň berýärler.

Anonim gürleşen ýerli lukmanlaryň biri soňky döwür aşa köp arak içmek bilen ilteşikli nähoşlyklar, şol sanda bagryň sirrozy ýaly keseller bilen ýüz tutýan, esasan hem erkek kişileriň köpelendigini nygtady.

Türkmen mediasy döwlet syýasatynyň jemgyýeti sagdyn durmuş ýörelgelerine höweslendirmäge gönükdirilendigini gaýtalaýar, ýöne jemgyýetdäki “arak belasy” meselesi boýunça hiç maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG