Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Aşgabatda we Türkmenbaşyda dilegçilik edýän çagalar köpeldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galanda, Aşgabadyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň köpçülik ýerlerinde dilegçilik edýän we sadaka soraýan çagalar göz-görtele köpeldi. Çagalaryň aglabasy özleriniň bu işlere baş goşmagynyň sebäbini mekdebe özbaşdak taýýarlyk görmäge mejbur bolýandyklary bilen düşündirýär.

“Çagalar esasan adamlaryň köp bolýan ýerlerinde, şol sanda söwda merkezlerinde, medeni seýilgählerde, Awazadaky myhmanhanalaryň golaýynda dilegçilik edýärler. Käbir çagalar ownuk hajathana kagyzlaryny, çig salfetkalary satmaga çalyşýarlar. Käbirleri bolsa, köwüş arassalap bermek ýaly hyzmatlary teklip edýärler” diýip, ýurduň günbatar welaýatyndaky habarçymyz 2-nji awgustda aýtdy.

Çagalaryň ençemesi özleriniň ene-atasynyň işsizdigini, käbiri ýetimdigini aýdyp, täze okuw ýyly üçin zerur bolan zatlary özleri satyn almaly bolýandygyny we munuň üçin pul gerekdigini belleýär.

Häzirki wagtda bir çagany mekdebe taýýarlamak üçin 1800 manat çemesi pul gerek bolup, bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursuna görä, 514 ABŞ dollaryna barabar bolýar.

Türkmenbaşynyň köpçülik ýerleriniň, şol sanda myhmanhanalarynyň resmileri çagalaryň gözgyny ýagdaýlaryna rehimleri gelip, olary gazançdan mahrum etmekden saklanýarlar we olara hiç zat diýmeýärler.

“Ofiserimiz bize ownuk söwda edip, gazanç edýän çagalara degmezligi tabşyrdy. Ol ‘men döwlet gullukçysy bolup, alýan aýlygym çagalarymyň mekdep zerurlyklaryny üpjün etmäge ýetmeýär. Onsoň olaryň ýagdaýy has-da gözgyny. Hiç bir ene-atanyň günüň 35-40 gradus yssysynda öz çagalaryny dilegçilik, gazanç etmek üçin köçä keýpine goýbermejekdigini bilýäris. Çagalar hakykatdanam pula mätäç’ diýdi” diýip, türkmenbaşyly polisiýa işgäri aýtdy.

Aşgabatdaky habarçymyz dilegçilik edýän we sadaka soraýan çagalara esasan “Ylham” seýilgähinde duş gelse bolýandygyny aýdýar.

“Çagalaryň käbiri ene-atasynyň ýokdugyny, käbiri olaryň işlemeýändigini ýa syrkawdygyny ýa-da türmededigini aýdýar. Olar azyk almak üçin dilegçilik etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçymyz belledi.

Ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiz şeýle maşgalalaryň tas hiç birine döwlet tarapyndan maliýe kömeginiň berilmeýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, olar häzirki wagtda ýurtda işsizligiň iň derwaýys meseledigini, ilatyň işe ukyply gatlaklarynyň hünärine ýa-da ukybyna görä iş tapyp bilmeýändigini hem belleýärler.

“Iş berijiler Türkmenistandaky krizis ýagdaýyndan peýdalanyp, adamlara az zähmet hakyny töleýärler. Olar adamlaryň zähmetinden näresmi peýdalanýarlar we olary sosial goraglar bilen üpjün etmeýärler. Adamlar günde 12-13 sagatlap agyr işlerde işledilýärler we olara munuň üçin 20 manat tölenýär. Zähmetkeşleriň hukuklaryny goramaly döwlet edaralary bu kanun bozmalara göz ýumýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady krizis we giň ýaýran işsizlik, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagy, ýurtda el serýän, zibil dörýän, ogurlyk we talaňçylyk edýän raýatlaryň, şol sanda çagalaryň köpelmegine getirdi.

Türkmen hökümeti ykdysady kynçylyklary we ilat arasynda barha köp göze ilýän garyplygy ykrar etmeýär. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.

Muňa derek, häkimiýetler adamlaryň dilegçilik etmeginiň, sadaka soramagynyň we zibilleri dörmeginiň öňüni almak boýunça alyp barýan işlerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG