Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdepler gyz okuwçylara ýokary bahadan ýaşyl mata satyn aldyrýar


Mekdep okuwçylary. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Mekdep okuwçylary. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda okuwçylary öz mekdeplerinden egin-eşikleri satyn almaga mejbur etmek praktikasy dowam edýär. Käbir welaýatlarda orta mekdep mugallymlary şu günler öz gyz okuwçylaryna jaň edip, olardan bazarlardaky nyrhdan has ýokary bahadan ýaşyl mata satyn almagy talap edýärler.

Mekdep ýolbaşçylary tarapyndan hödürlenýän bir köýneklik mata ortaça 30 göterim gymmada düşýär, şeýle bolsa-da, okuwçylar täze okuw ýylyna köýnek tikdirmek üçin bu ýaşyl matany mekdepden satyn almaga mejbur edilýär.

"Synp mugallymlary mekdep okuwçylaryna jaň edýärler we täze okuw ýyly üçin täze mekdep formasyna niýetlenen ýaşyl matany satyn almaga mejbur edýärler. 2 metr 20 santimetrlik bu mata bölegi üçin 300 manat talap edilýär. Lomaý bazarda şol bir matanyň bahasy 200 manat" - diýip, Azatlygyň habarçysy Ahal welaýatyndaky ýagdaýy gürrüň berýär.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okaýan gyzlar üçin mekdep formasy ýaşyl köýnekden, ak öňlükden we milli tahýadan ybarat.

Habarçymyz bilen gürleşen mugallymlaryň sözlerine görä, mekdepler okuwçylara satmak üçin matany lomaý bahadan satyn alýarlar, şonuň üçin satuwdan girdeji ep-esli bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de, mugallymlar okuwçylaryň arasynda matany paýlamaga mejbur bolsalar-da, özleriniň mundan hiç hili peýda görmeýändigini aýdýarlar.

"Bilim resmileri mata satuwyndan gelýän tapawudy öz aralarynda bölüşýärler. Olar bilimiň hilini ýokarlandyrmak ýa-da okuw şertlerini gowulandyrmak, şol sanda mekdep binalaryny abatlamak barada alada hem etmeýärler. Olaryň aladasy okuwçylaryň ene-atalaryndan nädip pul ýygnamakdyr - diýip, Ahal welaýatynyň mekdepleriniň birinde işleýän mugallym, adynyň agzalmazlygy şerti bilen Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Ahal welaýatyň bilim edaralarynyň wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Mekdepleriň okuwçy gyzlara köýnek üçin mata satmak tejribesi birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýär. Käbir mekdeplerde täze köýnek üçin mata okuw ýylynyň ahyrynda satylýar.

Orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda ýörite egin-eşik hökmany hasaplanýar.

Studentler birmeňzeş eşikleri geýmäge we olary göni okuw jaýlarynda, şol edaralar tarapyndan kesgitlenen bahalarda satyn almaga mejbur bolýarlar. Ýurduň okuwçylaryndan her gün geýmeli eşiklerden başga-da, baýramçylyk lybaslary, dürli medeni we sport çäreleri üçin geýimleri we dürli enjamlary satyn almak talap edilýär.

Bu aralykda, dürli tutumlar we talaplar ýylsaýyn agyrlaşýan sosial we ykdysady şertlerde kynlyk bilen güzeranyny aýlamaga synanyşýan köp maşgalanyň ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrýar. Köp maşgalalar çagalaryny mekdebe taýýarlap bilmeýär.

Soňky ýyllarda ýurtda öň ulanylan zatlaryň bazarlarynyň meşhurlygy artdy. Mundan başga-da, käbirleri mekdep eşiklerini satyn almak üçin karza batýarlar.

Dilegçilik edýän çagalaryň sany köpelýär, olaryň käbiri şeýlelik bilen okuw esbaplaryny satyn almak üçin serişde ýygnaýarlar. Ýurduň häkimiýetleri problemalaryň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG