Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ÝOJ-larynda talyplaryň biometrik pasportlary, sürüjilik şahadatnamalary ýygnalýar


Studentler. Illýustrasiýa suraty
Studentler. Illýustrasiýa suraty

Türkmenisanyň ýokary okuw jaýlarynda studentleriň biometrik maglumatly daşary ýurt pasportlary we sürüjilik şahadatnamalary ýygnalýar. Şeýle-de, talyplaryň ene-atalaryndan Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ulaglary hasaba alyş bölümlerinde ogul-gyzlarynyň adyna ulag serişdeleriniň döwlet belligine alynmandygy barada kepilnama almak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy iýunda habar berdi.

“Ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplaryň adyna ulag serişdeleriniň döwlet belligine alynmandygy barada Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýerli edaralaryndan tassyknama almaly” diýip, bir welaýat ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy özüniň ýagdaýdan habarly çeşmelerine salgylanyp, talyplardan edilýän täze talaplaryň ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagt Aşgabatda berjaý edilýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary talyplaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň hem-de biometrik pasportlarynyň ellerinden alynmagy barada resmi düşündiriş bermeýärler.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ene-atalar talyplaryň biometrik pasportlarynyň ellerinden alynmagyny “olaryň tomus paslynda daşary ýurt döwletine syýahat etmeginiň öňüni almaga” gönükdirilendigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlarynda indi ençeme ýyl bäri talyp ýaşlara awtoulag dolandyrmaga rugsat berilmeýär.

Ozalky ýyllarda Azatlyk Radiosynyň ýerli korrespondentleri talyplaryň ene-atalaryna ogul-gyzlarynyň sürüjilik şahadatnamalaryny öýlerinde saklamagyň maslahat berilýändigini habar beripdiler.

Ýaşlaryň awtoulag dolandyrmak mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi studentleriň arasynda ýol hereketi bilen bagly hadysalaryň öňüni almak synanyşyklary bilen düşündirilýärdi.

Tankytçylar Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda talyplara özbaşdak şahsyýet hökmünde çemeleşilmezligini, olaryň tas ähli meselelerine diýen ýaly ene-atalarynyň gatyşdyrylmagyny, talyplaryň ulag sürmek ukyplaryna kembaha garalmagyny, olara ynamsyzlyk bildirilmegini, tomusky dynç alyşda talyplaryň daşary ýurt döwletlerine syýahat etmegine rugsat berilmezligini tankyt edýärler.

“Talyplar tomus paslynda daşary ýurt döwletine çykaýmasyn diýip, olaryň ‘zagran’ pasportlaryny hem ellerinden alýarlar” diýip, bir paýtagt ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ozalky ýyllaryň tejribelerinden çen tutulsa, ýaş raýatlar Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilende olardan okuw döwründe diskoteka gitmezlik, çilim çekmezlik, awtoulag sürmezlik ýaly talaplar boýunça ýazmaça dilhaty alynýardy. Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri talyplardan petikli saýtlara girmezligi, VPN ulanmazlygy, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlaryndan bolsa sosial torlara girmezligi talap edip, gözegçilik çärelerini güýçlendirdi.

Şeýle-de, Türkmenistanda talyplar ýyllarboýy döwlet syýasatyny wagyz etmek we mahabatlandyrmak maksady bilen geçirilýän köpçülik çärelerine yzygiderli çekilýär.

Bulardan başga-da, talyplar wagtal-wagtal Aşgabadyň teatrlarynda sahnalaşdyrylýan oýunlara mejbury tomaşaçy hökmünde gatnaşmaly bolýarlar. Şeýlelikde, ýaş ösdürimleriň talyplyk ýyllary döwletiň gatyşygy bilen elmydama berk gözegçilikde saklanýar.

“Türkmenistanda ýokary bilim aljak bolsaň, adyňa awtoulag bolmaly däl, okuw döwründe ‘zagran’ pasportyň hem eliňden alynýar. Bu talaplary berjaý etmeseň, onda Türkmenistanda bilim alyp bilmeýärsiň” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylary sitirleýär.

Türkmenistanda 19 sany raýat ýokary okuw jaýy, bäş sany harby ýokary okuw edarasy we 42 sany orta hünär mekdebi, jemi 66 sany ýokary we orta hünär mekdebi bar.

Bu ýyl ýurt boýunça 82 müň töweregi okuwçy umumybilim berýän orta mekdeplerden uçurym boldy. Ýerli ýokary okuw jaýlaryna girmekde bar bolan problemalar, şol sanda giň ýaýran korrupsiýa, galyberse-de, ýokary bilim edaralarynda ýaş ösdürimlere berilýän ýokary bilimiň hiliniň pes bolmagy ýaly sebäpleriň fonunda, indi ençeme ýyl bäri köp sanly türkmenistanly daşary ýurt döwletlerinde bilim almaga ýykgyn edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG