Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar gününi belleýän Türkmenistanda “çagalyk döwri 6-7 ýaşda tamamlanýar”


Köçäniň boýunda banan satyp oturan çagalar.
Köçäniň boýunda banan satyp oturan çagalar.

1-nji iýunda dünýäniň ençeme ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda Halkara çagalar güni bellenilýär. Türkmenistanyň prezidenti bu gün mynasybetli çap eden gutlagynda, ýurtda “erkana ýaýraýan bagtyýar çagalara” gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny öňe sürdi.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan ýerli ýaşaýjylar ýurduň merkezi sebitlerinden daşky ýerlerdäki çagalara ýeterlik derejede üns berilmeýändigini, olaryň tomusky dynç alyşlarynda işlemäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

Habarçylarymyz uly baýramçylyklaryň we dabaralaryň öňýanynda adatça bolşy ýaly, hamala, Çagalar gününde ýazgy edilen hökmünde reportažlaryň öňünden wideo düşürilendigini aýtdylar.

Emma 1-nji iýunda köpçülikleýin mejbury çärelerden başga, körpeleriň güýmenjesi üçin başga hiç hili dabaralaryň göze ilmeýändigi bellenilýär.

Bazarda araba daşaýan ýaş oglan
Bazarda araba daşaýan ýaş oglan

Habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, özleriniň aýlanyp gören ýurduň etrapdyr obalarynda işsizligiň giňden ýaýrandygy we maşgala sebedine girýän girdejiniň pesligi sebäpli, oba ýerlerinde ýaşaýan çagalaryň aglabasy tomusky dynç alyş möwsüminde dürli işlerde işlemäge mejbur bolýarlar.

Mundan başga-da, ýurtdaky ykdysady ýagdaýlaryň agyrlaşmagynyň arasynda, hatda has kiçi ýaşly çagalaryň hem pagta meýdanynda potratçy maşgalalaryna ýardam hökmünde zähmet çekýändigi nygtalýar.

“Türkmenistanyň köp ýerinde çagalyk döwri eýýäm 6-7 ýaşda tamamlanýar. Mundan soňra, olaryň esasy aladasy, şol sanda günlükçi bolup maşgalasyna hemaýat bermekden ybarat. Çagalaryň köpüsi ene-atasynyň gurby çatmaýandygy sebäpli, mekdep harajatlary üçin hem pullary özleri gazanmaga synanyşýarlar. Olaryň käbiri bazarlarda araba sürýär, ýene biri ulaglaryň tekerlerini ýuwýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Ol çagalaryň gazanç etmek üçin işleýän döwründe olaryň betbagtçylyga uçrap, heläk bolmagy ýaly wakalaryň hem ýüze çykýandygyny sözüne goşdy.

Prezidentiň 1-nji iýunda çap edilen gutlagynda çagalaryň dynç almagy üçin, şol sanda Gökdere jülgesinde, “Awaza” syýahatçylyk zolagynda hem mümkinçilikleriň döredilendigi bellenilýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, çaglaryň ýokarda gürrüňi edilýän çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç almagy üçin ýörite ýollanma talap edilýär. Bu ýollanmalar bolsa, diňe döwlet edara-kärhanasynda işleýän işgärleriň çagalaryna berilýär.

“Döwlet edaralarynda zähmet çekýän ene-atalar çagalarynyň ýollanmasy üçin hem 1 müň manat möçberinde çykdajy etmeli bolýar. Munuň üstesine, ýörite tomusky egin-eşikler hem satyn alynmaly. Bu hatda döwletden aýlyk alýan hojalyklaryň hem köpüsine başartmaýar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Mal bakýan çagalar
Mal bakýan çagalar

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurtda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy we olaryň tomusky dynç alyş möwsüminde öz wagtyny boş geçirmezligi üçin ähli şertleriň döredilýändigi” aýdylsa-da, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada mesele gozgalmaýar.

Türkmenistan çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG