Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 1970-nji ýyllarda gurlan dört gatly ýaşaýyş jaýlary abatlaýyş işlerine mätäçlik çekýär. Binalardaky lagym we suw geçiriji turbalar, şeýle-de ýyladyş ulgamlary ençeme ýyllardan bäri abatlanmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji maýda sebitden maglumat berdi.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi esasan paýtagt Aşgabatda, galyberse-de, ýurduň sebitlerinde garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ak mermerli köp gatly jaýlary, kaşaň-kaşaň myhmanhanalary, durmuş desgalaryny, hökümet binalaryny, suw çüwdürimlerini we beýlekileri yzygiderli ýagdaýda efire berip, “bagtyýarlyk döwrüniň, täze galkynyş eýýamyny” gije-gündiz wasp edýär.
Ýöne Türkmenabat şäherinde Sowet ýyllarynda gurlan köp gatly jaýlarda indi ençeme ýyllardan bäri çalşyrylmaýan lagym turbalaryndan çala suw syzyp başlasa, daş-töweregi ýakymsyz ys gurşap alýar, jaýlarda oturar ýaly bolmaýar.
“Ýerzeminlerde lagym suwlary akyp başlasa, jaýlarda oturar ýaly bolmaýar. Erbet ys gurşap alýar” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Köp gatly jaýlaryň onlarça ýaşaýjysy ýerzeminleriň aşagyndan çekilen turbalaryň tas ýarym asyrdan gowrak wagt bäri çalşyrylmaýandygyny, turbalaryň çüýräp, zaýalanandygyny aýdýarlar.
“Häzirki günde Türkmenabatda 1970-nji ýyllarda gurlan dört gatly jaýlaryň 90 prosenti doly rekonstruksiýa mätäç” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenabatda Sowetler döwrüniň soňky çärýeginde diklenen dört gatly panel jaýlaryň gurluşygyndan habarly bir ýerli ýaşaýjy şol döwürleri ýatlaýar:
“Ýadymda. 1969-njy ýylda Türkmenistanda aýazly sowuk boldy. Şonda hatda Amyderýa hem doňup, munuň yz ýany, şol wagtky Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherini suw basdy. Şol döwürlerde, 1970-nji ýyllarda Türkmenabatda köpçülikleýin ýaşaýyş toplumlaryny gurdular. Hatda Daşkentden özbek gurluşykçylary getirildi. Olar 200-e golaý, dört gatly ýaşaýyş jaýlaryny galdyrdy” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Ýöne aradan 50 ýyl töweregi wagt geçdi. Sowetler döwründe jaýly bolan adamlar, häzirki günde, ýerzeminden syzýan ýakymsyz ysyň ýaýramagyna garşy göreşýärler.
Ýerli ýaşaýjylar wagtal-wagtal öz aralarynda adam başyna 500 manatdan pul toplap, köne turbalary çalşyrýarlar.
Üstesine, 50 ýyllyk jaýlaryň ýaşaýjylary hojalyk hyzmatlary, lagym we ýyladyş ulgamlary üçin özleriniň her ýyl töleg töleýändiklerini aýdýarlar.
Muňa garamazdan, Türkmenabadyň Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşigi lagym ulgamlaryny çalyşmakda zerur bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak üçin hiç hili ýardam bermeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu jaýlaryň Türkmenabat şäheriniň Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşiginiň garamagynda durýandygyny aýdýar.
Türkmenistanda hereket edýän Ýaşaýyş jaý ulanyş trestleri Jemagat hojalygy birleşiklerine degişli bolup, bu edaralar ilata hödürlenýän hojalyk hyzmatlarynyň gözegçiligini öz üstüne alýar.
“Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşigi Öý dolandyryş edaralaryna gurluşyk harytlaryny satyn alyp berse, Öý dolandyryş edaralarynyň ussalary abatlaýyş işlerini geçirip, turbalary bejerip berýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Türkmenabat ýaşaýjylary Sowetler döwründe gurlan köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerinden syzýan lagym suwlarynyň ýakymsyz ysyndan ynjalyksyz galýan mahaly, döwlet telewideniýesi “bagtyýar we berkarar zamanada” gurlan ýaşaýyş toplumlaryny we beýleki desgalary mahabatlandyrýar.
Türkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar maliýe serişdesi harçlandy.
Bu aralykda, türkmen hökümeti Köpetdagyň eteginde tarp ýerden täze şäher bina edýär. Şäheriň gurluşygyna 5 miliard dollar töweregi pul serişdesiniň harçlanjakdygy aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum