Köneürgenç etrabynyň “Täze ýap” we “Zaman” daýhan birleşiklerinde 28-nji aprelde 280 töweregi ýerli ýaşaýjýynyň döwlet dükanlaryndan ýeňillikli azyk paýlaryny talap edip geçiren aýrybaşga iki protest aksiýasynyň yz ýany, sebitde Internet aragatnaşygynyň kesilendigi, howpsuzlyk güýçleriniň köçelerde patrullyk edýändigi barada habarlar gowuşýar. Bu aralykda, ilatyň subsidirlenen azyk paýlaryny talap edýän täze protest çäreleri Köneürgenç etrabynyň 30 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem hasaba alyndy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Köneürgenç etrabynda kesilen Internet aragatnaşygynyň 15-nji maýa çenli ýapyk saklanmagyna garaşylýandygyny, sebitde polisiýa we esgerlerden ybarat 50-den gowrak gözegçilik toparlarynyň döredilendigini habar berýär.
“Üç esger we üç polisiýa işgärinden ybarat toparlar ulaglarda nobatçylyk çekýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.
Ýatlasak, geçen hepde “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň “Täze ýap” daýhan birleşiginde 28-nji aprelde 100-e golaý ýerli ýaşaýjynyň mart we aprel aýlary üçin ýeňillikli azyk paýlaryny talap edip, protest aksiýalaryny geçirendiklerini, munuň yz ýany, “Zaman” daýhan birleşiginde hem 180 töweregi ýaşaýjynyň birmeňzeş talaplar bilen Köneürgenje barýan uly ýoly petikländiklerini ilkinji bolup habar berdi. Bu wakalary tassyklatmagy başaran Azatlyk Radiosynyň habarçysy protestçileriň polisiýa güýçleri bilen çaknyşandygyny, 15 töweregi raýatyň saklanandygyny habar berdi.
Bu aralykda, 6-njy maýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň "Goşahowly" we "Aýböwür" geňeşlikleriniň hem-de Peşanalydepe obasynyň ýaşaýjylaryndan ybarat 350 töweregi protestçi etrap merkezine jemlenip, häkimlik binasynyň öňünde döwlet dükanlaryndan fewral aýyndan bäri alyp bilmeýän un paýlaryny talap etdiler.
Etrap häkimi proteste ýygnananlaryň un paýlarynyň 8-nji maý, duşenbe gününe çenli öýlerine eltilip beriljekdigini wada berdi we protestçileri garşylyksyz dargatmagy başardy. Şeýle-de, etrabyň çörek kärhanasynyň başlygy we söwda bölüminiň hünärmenleri ýygnanlaryň her birine 10 sany buhanka çöregini paýlap beripdirler.
Şeýle-de, etrap häkimi protest aksiýasyna ýygnananlaryň öňünde etrabyň söwda bölüminiň başlygyna dilden käýinç beripdir we 8-nji maý güni agşam sagat 18:00-a çenli ilatyň ýeňillikli azyk paýlary paýlanmasa, işinden boşadyljakdygyny duýdurypdyr. Azatlyk Radiosynyň habarçysy protest aksiýasynyň yz ýany, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň döwlet dükanlarynda ilatyň un paýlarynyň berlip başlanandygyny habar berýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimlik binasynyň öňünde geçirilen nägilelik çäresine ýygnananlar bazarlardaky we dükanlardaky azyk önümleriniň bahalarynyň hem halkyň aýlyk girdejilerine laýyk getirilmegini talap edýärler.
“Aglamadyk çaga süýt ýok. Býujet edaralarynda we oba hojalyk pudagynda adamlar döwletiň berýän ujypsyz aýlyk hakyna zähmet çekýärler. Döwlet hem bazarlardaky we dükanlardaky bahalary ilat üçin elýeter etmeli” diýip, Goşahowly geňeşliginden bolan birnäçe aksakgal ýaşuly aýdýar.
“Bu ýagdaýlar ilat arasynda düýpli närazyçylyga getirmänkä, döwletiň pikir etmeli wagty geldi” diýip, ýaşulular sözüniň üstüni ýetirýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda raýatlaryň gurpdan düşmegi bilen, döwlet dükanlarynda un we ösümlik ýagy ýaly esasy iýmit önümleri azyk paýlary hökmünde arzan bahadan, kesgitli möçberlerde raýatlara hödürlenilýär. Emma häkimiýetler ýurduň aglaba sebitlerinde ilaty azyk paýlary, şol sanda çörek bilen-de kadaly üpjün edip bilmeýärler.
Ýeňillikli azyk önümleriniň gytçylygy dowam edýän mahaly, häkimiýetler ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny öňe sürüp, raýatlaryň döwlet dükanlaryndaky azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipleri gozgap başladylar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 12-nji aprelde häkimiýet wekilleriniň ilat bilen ýörite ýygnaklary geçirip, ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy bilen bagly teklipleri öňe sürendiklerini habar berdiler.
Ýygnaga gatnaşan bir mekdep garawuly ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda emele gelen eklenç kynçylyklaryna salgylanyp, häkimiýetleriň subsidirlenen önümleri ýatyrmak teklibine garşy çykdy. Ýatlasak, ýygnaga gatnaşýan bir howpsuzlyk işgäri mekdep garawulyny ýygnakdan kowup goýberdi.
Şol bir wagtda, soňky aýlarda ýurduň dürli künjeklerinde azyk paýlarynyň gijikdirilmegi ýa-da satuwdan aýrylmagy bilen bagly ilat arasynda nägilelik çäreleri köpelýär. Azatlyk mundan iki hepde töweregi ozal Ahalyň Kaka şäheriniň ýaşaýjylarynyň, ýerli häkimiýetlere nägileligini bildirip, arz-şikaýatlarynyň netijesinde döwlet dükanlaryndaky çöregiň iki esse ýokarlandyrylan bahasyny gaýtadan arzanlatmagy başarandygyny habar beripdi.
Häkimiýetler bar bolan problemalara garşy göreşmegiň deregine, meselä ünsi çekýän raýatlara basyş görkezmek arkaly jogap bermegi saýlap alýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum