Mary welaýatynyň çäginde ýene güýçli, gurak we tozanly ýel turdy. 2-nji maýda irden sagat 11-den soňra başlan şemal soňy bilen güýçli ýele öwrülip, 3-nji maýda öýläne çenli dowam etdi. Tozanly ýel miweli baglara zeper ýetirip, köp daýhanyň maddy zyýan çekmegine getirdi.
"Ähli ýerler çäge ýagan ýaly örän tozanly boldy. Şäher ýerlerinde baglyklaryň azlygy sebäpli, oba ýerleri bilen deňeşdirilende, has-da tozanly boldy. Tozan zerarly köçelerde köp adamyň maska geýendigini görse bolýar. 3-nji maýda öýlän howa kadalaşyp başlady. Bu gün howa sähel tozansyz, ýöne şemally bolmagynda galýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 4-nji maýda aýtdy.
Howanyň düzüminde emele gelen tozan köp adamyň saglygyna hem ýaramaz täsir edýär. Hususan-da, demgysma keseli bolan adamlar tozanly howada dem almagyň kynlaşýandygyny aýdýarlar.
"Ýakymsyz howa köp adamyň ysgynsyzlanmagyna, demgysma eltýär. Kellesi agyrýan adamlar hem köpeldi. Diňe uly adamlar däl, eýse çagalar hem kelleriniň agyrýandygyny aýdýarlar" diýip, habarçy belledi.
Güýçli ýel sebitde ýaňy ýetişip gelýän gök-bakja önümleriniň köpüsiniň dökülmegine hem getirdi. Ýeliň yz ýany, baglarda heniz doly bişmedik erik, alma ýaly miweleriň göklügine ýerde dökülip ýatandygyny görse bolýar.
"Gök miweleri mallara iým hökmünde beräýmeseň, olary satyp bolmaýar. Bu ýyl köp daýhan girdejisiz galdy" diýip, maryly bir daýhan anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Adatça bolşy ýaly Türkmenistanyň media serişdelerinde Maryda turan tozanly ýel we onuň ilata, şol sanda daýhanlara ýetiren täsirleri barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan maglumat berilýär.
Ýöne howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiri 30-njy aprelde çap eden maglumatynda 2-nji maýda Türkmenistanyň birnäçe sebitinde güýçli ýeliň turmagyna, käbir ýerlerde ýagyş ýagyp, ýyldyrym çakmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
"Mary welaýatynda tizligi 15-20 m/s çenli ýetýän şemalyň bolmagyna, käbir ýerlerde tozanly, gumly ýelleriň turmagyna garaşylýar" diýip, neşir belledi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde howanyň duýdansyz üýtgemegi, anomal yssy ýa-da aşa sowuk howa, hususan-da, güýçli tozanly ýeller, ýagyş-ýagmyr ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Maryly ýaşulularyň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna, güýçli ýeller mundan ozal hem käte bolýardy, ýöne soňky ýyllarda bolşy ýaly ýygy-ýygydan gaýtalanmaýardy we olaryň düzüminde tozan, gum bolmaýardy.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň çäginde emele gelen adaty bolmadyk howa şertleri, tozanly ýeller we olaryň mümkin bolan sebäpleri barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Ýöne türkmen topragyna o diýen mahsus bolmadyk bu tebigy faktorlar, öz çägindäki gaz gorlarynyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanyň howa goýberilýän zyýanly gazlara jogapkär bolmakda barha köp tankytlanýan mahalyna gabat gelýär. Hat-da, bu mesele Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň 24-nji aprelde Waşingtonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren duşuşygynda hem gozgaldy.
Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri we hünärmenleri ýurduň çäginde emele gelen adaty bolmadyk howa şertleriniň ýurtda daşky gurşawa bolan çemeleşmeler bilen ilteşiklidigini ýa däldigini, ýa-da bu ýagdaýyň ýurduň ýangyç önümçilik desgalarynda tassyk bolan zyýanly zyňyndylar bilen ilteşikli bolmak ähtimallygyny ne tassyklaýar ne-de inkär edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum