Daşary ýurt puluny nagt çalyşmagy resmi taýdan gadagan eden Türkmenistanda häzirki wagtda amerikan dollaryny 19,4-19,8 manat aralygynda çalyşyp bolýar, bu sekiz ýyl bäri üýtgemedik resmi walýuta kursundan bäş esse gymmatlygyna galýar. Bu aralykda, käbir walýuta söwdagärleri ýene basyşa sezewar boldular.
Türkmenbaşyda resmi däl walýuta çalşygyny amala aşyrýan ençeme nokatlar ýapyldy. Ýerli pul çalyşýanlara, esasanam "Kenar" bazarynda işlemek gadagan edildi.
Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, polisiýanyň daşary ýurt puluny satmak we satyn almak bilen özbaşdak meşgullanýan käbir adamlary yzarlamagy, "täsirli adamlaryň" goldawyna bil baglaýan ýerli pul çalyşýanlaryň öz täsirini artdyrmak synanyşygy bilen baglanyşykly.
"Bazarda pul çalyşýanlara 30-njy aprelde işlemek gadagan edildi. Indi şäherde, öz öýlerinde pul çalşýanlardan iki ýerde walýutany çalyşyp bolýar. Olaryň arkasynda wezipeli adamlar bar. Mälim bolşuna görä, olar öz monopoliýasyny ornaşdyrmaga çalyşýarlar. Olar gara bazardan 30-a golaý pul çalyşýan adamy gysyp çykarmagy başardylar "- diýip, Azatlygyň habarçysy ygtybarly çeşmä salgylanyp habar berýär.
Amerikan dollarynyň bahasy häzir 19,4-19,8 manat aralygynda bolup, bu gara bazar nyrhy birnäçe aý bäri kän bir üýtgemän galýar. Çeşmeler, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde pul çalyşýanlaryň Aşgabatda "kesgitlenýän" nyrha görä pul çalyşýandygyny belleýär. "Olar bank işgärleri ýaly hereket edýärler, diňe resmi statusy ýok" -diýip, habarçy belleýär.
2016-njy ýylda walýutanyň nagt görnüşde çalyşmagyny resmi taýdan gadagan eden Türkmenistanda walýuta çalşygynyň gara bazary ençeme ýyllap saklanyp galýar. Gara bazarda walýutanyň bahasy ýurtdaky sosial we ykdysady proseslere baglylykda üýtgeýär, emma resmi we gara bazar nyrhlarynyň arasyndaky tapawut bäş esseden ýokary bolmagyna galýar. Ýurtda rugsat berlen, nagt däl walýuta öwrülişigi Merkezi Bankyň kursy boýunça amala aşyrylýar, ýöne mundan raýatlaryň örän çäkli kategoriýasy peýdalanyp bilýär, olaryň hataryna telekeçiler we talyplar girýär.
Daşary ýurt walýutasynyň goşa nyrhy ilatyň bank we pul ugradýan hyzmatlar arkaly pul ugratmak mümkinçiligine hem ýaramaz täsir ýetirýär. Pul geçirýän hyzmatlar ýurtda örän çäkli.
Türkmenistanyň häkimiýetleri walýuta çalyşygyna degişli ýagaý we gara bazar meselesi barada resmi düşündiriş bermeýärler. Öňki ýyllarda wagtal-wagtal alyş-çalyş nokatlarynda reýdler geçirildi we döwlet telewideniýesinde bikanun walýuta söwdasynda tutulandygy aýdylan "günäkärleriň" toba ediji çykyşlary görkezildi.
Bu aralykda, çeşmeler walýutanyň gara bazarynyň, "täsirli adamlaryň" gözegçilik edýändigini we olaryň bahalary hem-de şertleri kesgitleýändigini belläp, olaryň arasyndaky täsir üstündäki göreş sebäpli, şol reýdleriň we walýutany çalyşýanlaryň käbirlerine edilýän basyşlaryň geçirilýändigini öňe sürýärler.
"Walýuta çalyşygyna ýokardan gözegçilik edilýär, walýuta söwdasyna rugsat berlenler howpsuzlyk gulluklarynyň goragy astyndadyr. Indi her şäherde diýen ýaly ýerli bazary monopoliýa eden adamlar bar. Hut şolar öz tygşytlan serişdeleri bilen walýuta alyş-çalşygyny özbaşdak geçirmäge we gazanç etmäge synanyşýan adamlary kowýarlar", - diýip, adynyň aýdylmazlygyny sorap, söhbetdeş bolan çeşme aýdýar.
Ýurtda walýutanyň gara bazary 2016-njy ýylda daşary ýurt pullarynyň resmi çalyşygyna gadagançylyk girizilenden soň ýüze çykdy. 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Merkezi Banky milli puluň resmi kursuny 3,5 manat 1 amerikan dollaryna barabar diýip kesgitlän nyrhynda saklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum