Türkmenistandan Moskwa bilet satyn almak kynlaşdy. "Türkmen howa ýollarynyň" bilet satýan ofislerinde öňümizdäki ýarym ýyla uçar biletleri satylmaýar. "Goşmaça töleg" bilen satylýan bilet hem köp däl, üstesine-de olar gymmada düşýär we köpler üçin elýeterli däl.
"Türkmen howa ýollarynyň bilet satýan ofisleriniň maglumat bölüminde oktýabr aýyna çenli Moskwa biletiň ýokdugyny aýdýarlar. Emma kassirleriň aýdyşy ýaly, bilet peýda bolanda üstüne 2500 manat goşmaça berlip, dessine satyn alynýar" diýip, paýtagtdaky habarçymyz 30-njy aprelde aýtdy.
Russiýa uçuşlary amala aşyrýan “Türkmen howa ýollarynyň” web sahypasynda içerki we daşary ýurt uçar gatnawlaryna bilet gözlemek üçin onlaýn gözleg hödürlenýär, ýöne ýakyn aýlara bilet satyn almak mümkinçiligi ýok. Awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda Moskwa gatnaýan reýsler baradaky maglumatlarda "ýer ýok" diýlen bellik görkezilýär.
Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçy onlaýn bilet satyn almak mümkinçiliginiň paýtagtyň uçar biletlerini satýan ofislerinde hödürlenýändigini, emma bu hyzmatyň ýolagçynyň yzyna dolanmagy üçin teklip edilýändigini aýtdy.
"Yzyna dolanmak üçin biletleri diňe onlaýn görnüşinde we diňe bank kartasy bilen töläp satyn alyp bolýar, agentlikde size muny etmäge kömek edýän kassasy bar" - diýip, habarçy aýdýar we köpçüligiň gaýdyş biletlerini Moskwada satyn alýandygyny, şol sanda tanyşlaryna hem garyndaşlaryna sargap, öňünden aldyrýandygyny belleýär.
Russiýa, işiň gözleginde daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylar üçin meşhur ýurtlardan biridir. Stambul we Dubaý bilen birlikde Tatarstanyň paýtagty Gazana gidýänler hem köp bolýar.
"Gazana gidýän raýatlar üç aýlyk wiza alýarlar we soňra wizany uzaldyp, şol ýerde galýarlar. Dubaýa gidýänleriň şol ýerde ýörite türkmen myhmanhanasynda bolýandygy we gündelik 20 dollar töleýändigi aýdylýar. Olara iýip-içgi hem berilýär. Olar şol myhmanhanada bolup, iş gözleýärler. Bu myhmanhanada türkmenleriň köpdügi aýdylýar. Türkiýä wiza almak has kyn bolup, ýaşy 25-e ýetmedik ýaş zenanlaryň köpüsi wiza alyp bilmeýär" diýip, Azatlygyň habarçylary geçen aýda habar beripdi.
Soňky döwürde türkmen raýatlarynyň Türkiýä syýahat etmek mümkinçilikleri azaldy. 15 ýyldan soň Türkiýe türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça wiza talabyny girizdi.
Bu aralykda, Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýatyrmak mümkinçiligine seredýär.
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohin "Russiýa, Türkmenistan şeýle isleg bildirse, wizasyz düzgüne geçmäge taýýardyr" -diýip, 20-nji aprelde Russiýanyň TASS habar gullugyna aýtdy.
Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa sebäpli 2,5 ýyllap togtadylan halkara gatnawlaryny geçen tomusda täzeden başlaly bäri işiň gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sany ep-esli artdy. Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralarynyň öňünde biometrik pasportlaryny almak isleýänleriň uly nobatlary döredi.
Munuň bilen birlikde, ýurduň häkimiýetleri raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyny kynlaşdyrýan çäklendirmeleri hasam güýçlendirdiler, şu ýylyň başyndan bäri türk wizasyny almak üçin türkmen raýatlaryndan olaryň öz watanyna gaýdyp geljekdigini kepillendirýän resminamalar talap edilip başlandy, edil şeýle kepilnamalar goňşy Gazagystana gitjek bolýan raýatlardan hem talap edilip başlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum