Şu gün, 13-nji aprelde Samarkantda Owganystanyň iň ýakyn goňşularynyň dördünji ministrler maslahaty geçirilýär. Täjigistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşykda bu ýurtdaky häzirki ýagdaýa syn ediler.
Ozodi radiosyna Täjigistanyň Daşary işler ministrliginden habar berilmegine görä, Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy Sirojiddin Mukriddin 14-nji aprelde Samarkantda geçiriljek beýleki iki duşuşyga - GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň mejlisine (GDA-nyň Daşary gatnaşyklar geňeşi), şeýle-de Merkezi Aziýa we Russiýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşar.
Habarda aýdylmagyna görä, Pakistanyň daşary işler ministri Hina Rabbani Khar, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Hytaýyň daşary işler ministri Çin Gang öz ýurtlaryna wekilçilik eder. Eýranyň habar beriş serişdeleri Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahýanyň hem Samarkanda gelendigini habar berdiler.
Pakistanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mumtaz Zahra Buluç çarşenbe güni Samarkantdaky duşuşygyň owgan meselesi babatyndaky ylalaşygy pugtalandyrmaga kömek etjekdigini aýtdy.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi owgan meselesi boýunça öz pozisiýasyny şu günki duşuşygyň öňüsyrasynda beýan etdi. Ýaýradylan beýanatda Pekiniň hususan-da “Owganystanyň içerki işlerine hiç wagt goşulmajakdygy, Kabulyň açyk we öz içine alyjy syýasy gurluş döredip biljekdigine, deňagramly içerki we daşary syýasaty alyp barjakdygyna, beýleki ýurtlar, esasanam goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyna umyt baglaýandygy” aýdylýar.
Şeýle-de, dokumentde "Hytaý Owganystanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine, owgan halkynyň garaşsyz saýlawyna, dini ynançlaryna we etnik däp-dessurlaryna hormat goýýar" diýilýär.
Ýatladýarys, dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Täjigistanda ekstremist hökmünde ykrar edilen “Talyban” hereketiniň ýaragly toparlary 2021-nji ýylyň awgust aýynda Kabula girip, häkimiýeti basyp aldy.
Bu döwürde hiç bir ýurt “Talybanyň” düzen hökümetini Owganystanyň kanuny hökümeti hökmünde resmi taýdan ykrar etmedi.
Şol bir wagtda, "Talyban" wekilleri Owganystan meselesi boýunça Samarkantda geçirilýän ýygnaga gatnaşmaga çagyrylmady we bu ýagdaý barada hiç bir düşündiriş berilmedi.
Bosgunlykda “Talybana” garşy durýan oppozisiýa Samarkant ýygnagyna gatnaşýan ýurtlary “Talybana” basyş etmäge çagyrýan açyk hat çap etdi.
Owganystanyň öňki hökümetiniň Muhammadýunus Kanuni, Ata Muhammet Nur, Abduraşid Dostum ýaly syýasatçylaryny öz içine alýan Milli Garşylyk Geňeşiniň hatynda “Talyban” "global howp" diýlip atlandyryldy we bu ýurtlardan “Talybana” garşy göreşde kömek soraldy .
Owganystanyň öňki daşary işler ministri Muhammet Hanif Atmar hem Samarkantda owgan meselesi boýunça geçirilýän sammite gatnaşyjylara açyk hat bilen ýüzlendi. Ol bu ýurtlary owganara gepleşikleriniň täzeden başlanmagy üçin şert döretmäge çagyrdy.
Samarkant duşuşygy “Talyban” 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Kabuldaky häkimiýeti ele geçireli bäri owgan meselesi boýunça geçirilýän dördünji ýygnak bolup, birinji ýygnak 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistanda, ikinji ýygnak şol ýylyň noýabr aýynda Eýranda we üçünji ýygnak 2022-nji ýylyň mart aýynda Hytaýda geçirildi.
Forum