Soňky döwürde, hususan-da täze prezident saýlawy geçirileli bäri, aýal-gyzlaryň hak-hukuklarynyň has çäklendirilýän ýurdy hökmünde tankytlanýan Türkmenistanda milli parlamentiň 125 agzasynyň 32-si aýal-gyzlardan ybarat boldy.
Hökümetçi neşiriň resmi maglumatlara salgylanyp ýazmagyna görä, türkmen mejlisiniň ýedinji çagyrylyşyna geçirilen saýlawlarda täze düzüme saýlanan aýallaryň sany 26%-e golaý (25,60) bolup, çärýek derejesinden geçdi, ýagny 125 deputatyň 32 sanysy aýallardan ybarat boldy.
Bu görkeziji welaýatlardaky halk maslahatlaryna saýlanan agzalaryň arasynda hasam ýokary - olaryň takmynan 29% -i aýallardan ybarat; etrap halk maslahatlaryna saýlanan wekilleriň 30%-e golaýy aýallar; geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň bolsa 28%-i aýallardan ybarat boldy.
Hökümet tankytçylary Türkmenistanyň Mejlisini “jübi parlamenti” hökmünde tankyt edýärler we onuň saýlawlarynyň netijeleriniň öňünden, häkimiýetleriň kesgitlän sanawlary esasynda, diňe “diýen ediji” adamlardan düzülýändigini öňe sürýärler.
Aýal-gyzlaryň dürli döwlet wezipelerine çekilmegi, saýlawly orunlara saýlanmagy bolsa, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, sowet ýyllaryndan gelýän ýalan ‘gender deňligi’ bilen bagly bolup, hakykatda aýal-gyzlaryň öz bilim-sowady, jemgyýetdäki işjeňligi sebäpli öňe çykarylýandygyny asla aňlatmaýar.
Parlament orunlarynyň 32 sanysynyň aýal-gyzlara degişli bolandygy baradaky habar türkmen hökümetiniň aýal-gyzlary dürli köpçülik çärelerinde mejbury-meýletin ýagdaýda, diňe beze üçin ulanmagy bilen ylalaşyp bilmeýän synçylaryň käbirinde içi ýananyň gülküsini döretse, käbirinde gahar döretdi.
“Türkmen aýal-gyzlary parlamenti bezemegini dowam etdirýär, indi has kän san bilen” diýip, “Saglyk” žurnalynyň twitterde ýerleşdiren reaksiýasynda olaryň hiç birini arçyn, häkim bellenmändigi aýdylýar.
Türkmenistanda aýal-gyzlaryň kemsidilmegi, hem maşgalada, hem halk hojalygynda sessiz, arzan işçi güýji hökmünde ulanylmagy sowet ýyllaryndan bäri belli bolup, bu ýagdaý şahyr Annasoltan Kekilowanyň “Gyrnak” goşgusyndan giňden beýan edildi.
Emma ýerli häkimiýetler ozal Rus patyşasy tarapyndan basylyp alnan topraklarda döredilen döwletleri çig mal bazasy hökmünde ulanan Moskwanyň garaşlylygyndan resmi ýagdaýda dynandyklaryna garamazdan, aýal-gyzlary, şol sanda erkekleri kemsitmek praktikasyny dowam etdirýär diýip, hökümet tankytçylary aýdýar.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda 26-njy martda geçirilen umumy saýlawlar, Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, 3185935 saýlawçynyň gatnaşmagy, ses berişlige gatnaşygyň 91,12% bolmagy bilen, ýurt resmileri tarapyndan adalatly we azat, giň bäsleşik esasynda geçirilen saýlaw diýlip ykrar edildi.
Emma abraýly halkara guramalary Türkmenistanda şu wagta çenli azat we adalatly diýlip ykrar edilen saýlawyň geçirilmändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum