Türkmenistanda 26-njy martda parlament saýlawlary geçirildi. Ýurt boýunça deputatlyga dalaşgär 258 raýat Mejlisdäki 125 orun üçin halkdan ses sorady.
Döwlet metbugaty saýlawlaryň açyklyk we aýdyňlyk ýörelgelerine laýyklykda geçirilendigini öňe sürdi. Merkezi saýlaw topary saýlawlara gatnaşygyň 91 göterim töweregi bolandygyny aýtdy. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary özleriniň baryp gören saýlaw okruglarynda raýatlaryň saýlawlara gatnaşygynyň pes bolandygyny habar berdiler.
Ýekşenbe güni parlament saýlawlary bilen bir hatarda ýerli halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hem geçirildi.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen saýlawlaryna gönükdirilýär. Gepleşigimize Pragadan ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.
Forum