Ýewropa Bileleşigi şu hepde Aşgabatda, ýyllyk adam hukuklary gepleşikleriniň çäginde, Türkmenistanyň hökümeti bilen duşuşar. Bu çäre ÝB-niň Russiýanyň Ukrainadaky urşy sebäpli ýüze çykan üýtgeýän geosyýasy reallyklaryň arasynda Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga synanyşýan wagtyna gabat geldi diýip, hukuk goraýjylaryň çap eden maglumatynda aýdylýar.
Adam hukuklary boýunça hyzmatdaşlyk we Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy toparlary Ýewropa Bileleşigine Türkmenistanyň hökümeti bilen geçirilýän gepleşikleriň çäginde adam hukuklary boýunça seredilmeli esasy meseleleri öz içine alan giňişleýin resminama hödürlediler.
Olar, hususan, şeýle meselelerden ybarat:
Häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasynyň repressiw mirasyndan ýüz öwrüp, 2022-nji ýylyň martynda işe başlaly bäri ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýyny gowulandyrmak babatynda täsirli çäreleri görmäge ukypsyzlygy.
Internet senzurasynyň güýçlenmegi - Türkmenistandaky onlaýn çeşmeleri barha kän eden-etdilikli ýagdaýda petiklenýär, petiklemelerden aýlanyp geçmek, elýeterli bolmadyk çeşmelere elýeterliligi üpjün etmek hyzmatyny bitirýän, petiklemeleri açyp berýän hünärmenler gorkuzylýar we yzygiderli ýanalýar. Şeýle-de, hökümet, ýurtda internet ulanmak mümkinçiligine girizilýän gözegçilik baradaky aladalary güýçlendirip, "özbaşdak milli sanly tor" dörediljekdigini habar berdi.
Şeýle-de beýanatda uzak möhletli tussaglyga höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň, žurnalist Nurgeldi Halykowyň, aktiwist Myrat Düşemowyň, aklawçy Pygambergeldi Allaberdiýewiň galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda türmä basylandygy, syýasy äheňli aýyplamalar bilen türmä basylan we alty ýyl soňra azat edilen 73 ýaşly Agajuma Baýramowyň şindi hem basyş astynda saklanylýandygy aýdylýar.
Türkiýede ýaşaýan we režimi tankytlaýan aktiwistleriň tussag edilmegi hem-de zor bilen yzyna, ýurduna iberilmek töwekgelçiligi saklanyp galýar, edil häzir deportasiýa edilenler hakynda maglumat bolmasa-da, Türkiýe türkmen hökümetiniň "amatsyz" hasaplanýan şahsyýetlerini jogapkärçilige çekmek baradaky haýyşlaryny ýerine ýetirýär diýip, hukuk goraýjylar türkmen aktiwistleriniň daşary ýurtlardaky yzarlanmalaryna hem ünsi çekýärler.
Ýurtdaky ýagdaý barada aç-açan gürrüň edýän, öz hukuklaryny soraýan ýa-da goramaga çalyşýan, Türkmenistanda we ýurduň daşynda pikirdeş adamlary bilen aragatnaşyk saklaýan adamlaryň, olaryň garyndaşlarynyň gorkuzylmagy hem adaty bir zada öwrüldi.
Zor bilen ýitirim edilmek praktikasynyň ulanylmagy dowam edýär, soňky 20 ýylda bu hili zulum-süteme sezewar bolan onlarça adamyň ykbaly näbelli bolmagynda galýar.
Adamlaryň gorkuzylyp, saglyk we ruhy ýagdaýyna howp salmak bilen, köpçülikleýin döwlet çärelerine, baýramçylyk dabaralaryna çekilmegi dowam etdirilýär.
Mundan başga, hukuk goraýjylar soňky döwürde Türkmenistanda aýallara edilýän gözegçiligiň, gender deňliginiň bozulmagynyň, ýokardan berilýän görkezmeler netijesinde, has güýçlendirilendigine ünsi çekýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum