Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabada paýtagtdan köne taksiler gelenden soň, hususy taksiçilere basyşlar güýçlendi


Ýol polisiýasy köçe hereketine gözegçilik edip dur (arhiw suraty)
Ýol polisiýasy köçe hereketine gözegçilik edip dur (arhiw suraty)

Aşgabatda ençeme ýyl ulanylan taksileriň sebitlere, şol sanda Lebap welaýatyna ugradylmagynyň yzy bilen, indi ýurduň gündogar regionlarynda hem hususy taksiçilere garşy basyşlar güýçlendi.

Ýatlatsak, geçen aý paýtagtda täze taksiler hyzmat edip başlandan soň, şäherde öňki hereket eden “Hyundai” kysymly köne ulaglaryň ýüzlerçesi sebitlere paýlandy. Azatlyk, hususanda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Türkmenabat şäherindäki 15-nji awtoparkynyň sürüjilerinden getirilen 100-den gowrak köne ulaglaryň käbir şaýlaryny öz harajatlarynyň hasabyna täzelemegi talap edendigi barada hem habar beripdi.

“Türkmenabatda Aşgabatdan getirilen taksiler guratlyk barlagyndan geçirilip, eýýäm ilata hyzmat edip başlady. Munuň yzy bilen, ýol polisiýasy salgyt gullugynyň işgärleri bilen birlikde köçelerde hususy taksiçilik bilen meşgullanýanlara garşy reýdlere başladylar. Hususyýetçiler saklanan halatynda, olara 570 manat jerime ýazylýar” diýip, sebitdäki habarçymyz 30-njy martda gürrüň berdi.

Munuň netijesinde, agyr ykdysady krizisiň we işsizligiň arasynda eklenç üçin taksiçilik edýän raýatlar, ulaglarynda ýerleşdirilen “taksi” nyşanalaryny aýyryp başladylar.

“Mundan başga-da, hususy taksiçiler, şol sanda adaty sürüjiler hem golaýda ýol polisiýasynyň reýd geçirýändigi barada, garşy tarapdan gelýän ulaglara çyralaryny ýakyp, raýdaşlyk hökmünde yşarat berýärler” diýip, habarçymyz belledi.

Şol bir wagta, salgyt gullugynyň käbir işgärleriniň adaty müşderi hökmünde köçelerde hususy taksileri saklap, gitmeli sebiti we nyrhy ylalaşandan soňra, olara jerime ýazmak ýaly emellere hem baş goşýandygy bellenilýär.

“Taksiçilik köpleriň ýeke-täk eklenç çeşmesi bolup dur. Bizem resmi ýagdaýda işlemek isleýäris. Ýöne häkimiýetler hususy awtoulaglara kireýine ýolagçy gatnatmak üçin ygtyýarnama bermeýärler. Döwletiň awtoparklaryna işe girjek bolsaň hem, ilki para bermeli, mundan başga-da ulagyň ätiýaçlyk şaýlarynyň aglabasyny öz hasabyňa almaly, gündelik plan borçnamasyny dolmaly... Gynansak-da, hökümet, beýleki meselelerde hem bolşy ýaly, çözgüt hödürlemän, diňe gadagançylyk girizmek bilen çäklenýär. Ol bizi galanja girdejimizden hem mahrum etdi” diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly sürüji habarçymyza gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça “Türkmenawtoulaglary” agentliginden kommentariýa almak başartmady. Galyberse-de, habarymyzyň söhbetdeşiniň nygtan para-berim ýagdaýyny hem resmi ýagdaýda tassyklatmak başartmady.

Azatlyk ýurduň beýleki sebitlerinde hem hususy taksi sürüjilerine garşy basyşlaryň güýçlenýändigi barada habar berip gelýär.

Şol bir wagtda, döwletiň awtoparklarynda işleýän sürüjiler-de gündelik plan borçnamasyny tabşyrmalydygny, gazançlarynyň güzeran aýlamaga ýetmeýändigini, özleriniň iş güni tamamlanandan soňra artykmaç işläp, goşmaça gazanç etmäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Maglumat üçin aýtsak, döwlet taksilerini dolandyrýan sürüjileriň gündelik plan borçnamasy 2020-nji ýylda 110 manada deň bolan bolsa, 2021-nji ýylda 250 manada we 2022-nji ýylda 350 manada ýokarlandyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG