Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Jenaýat sudy Putini tussag etmek barada order çykardy


Güman edilýän jenaýatlara Putiniň hut özüniň jogapkärdigini görkezýän esaslaryň bardygy nygtalýar.
Güman edilýän jenaýatlara Putiniň hut özüniň jogapkärdigini görkezýän esaslaryň bardygy nygtalýar.

Gaagadaky Halkara Jenaýat sudy (HJS) Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň tussag edilmegi boýunça orderi çykardy. Bu baradaky habar 17-nji martda suduň resmi websaýtynda peýda boldy.

Şeýle-de, order Russiýada çagalaryň hukuklary boýunça jogapkär Mariýa Lwowa-Belowa hem çykaryldy.

HJS bu ikisini uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda, has takygy Ukrainanyň okupirlenen sebitlerinde ilatyň, hususanda çagalaryň zor bilen Russiýa deportasiýa edilmegine we göçürilmegine jogapkär bolmakda güman edýär.

Halkara hukugy bu etmişleri genosid hökmünde häsiýetlendirip bilýär.

Suduň saýtyndaky maglumatda güman edilýän jenaýatlara Putiniň hut özüniň jogapkärdigini görkezýän esaslaryň bardygy nygtalýar.

Forum

XS
SM
MD
LG