Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň Ankarada, 16-njy martda açylan nobatdan daşary mejlisine gatnaşyp, Türkmenistanyň ýakynda bu gurama agza döwlet hökmünde kabul edilmegine ynamlydygyny aýtdy.
"Nesip bolsa, Türkmenistan indi synçy hökmünde däl-de, TDG-ä hakyky agza hökmünde gatnaşjakdygyna ynam bildirýär" diýip, TDH onuň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Şeýle-de ol türk prezidentiniň parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenmegine goldaw bildirdi
Berdimuhamedow Ärdogany 22 ýyl bäri ýakyndan tanaýandygyny aýdyp, onuň görnükli şahsyýet we dünýä derejeli syýasy işgär bolup durýandygyny, diňe bir öz halkynyň däl, ähli musulman halklarynyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda hem uly işleri alyp barýandygyny nygtady.
Şeýle-de ol Ärdoganyň “...tutuş sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi, raýdaşlygy berkitmek barada uly tagallalary edýändigini” belledi.
Berdimuhamedow bu mejlise diňe bir synçy ýurduň wekili däl-de, Türki Döwletler Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde hem gatnaşýar we ol öz çykyşynda indiki gezek gelende Türkmenistanyň TDG-ä agza döwlet hökmünde kabul ediljekdigine ynam bildirildi.
Bu sapar Aşgabatda türk kompaniýalryna ynanylan, bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý üç sany uly desganyň düýbüniň tutulmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
TDH-nyň Berdimuhamedowyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanda türkiýeli işewürleriň gatnaşmagynda bahasy 110 milliard 382 million 53 müň amerikan dollaryna deň bolan taslamalar we işler ýerine ýetirildi.
Şeýle-de, Berdimuhamedow Ärdogana ýüzlenip, “eger-de biz, ýagny türki döwletler bolup kada-kanunlarymyzy berkitsek, onda diwersifikasiýa syýasaty bilen türkmen ýylylygyny türk doganlarymyzyň her biriniň ojagyna ýetirip bileris”, “...Türkmenistan, ilkinji nobatda, türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýar” diýdi.
Forum