Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýalan maglumatlar urşy”. Hytaý näme üçin Ukrainadaky uruş barada, rus ritorikasyny gaýtalaýar?


Hytaýlylar rus goşunlarynyň Ukrainadaky hüjümi baradaky habary restoranda görýärler. Gonkong, 2022-nji ýylyň 24-nji fewraly.
Hytaýlylar rus goşunlarynyň Ukrainadaky hüjümi baradaky habary restoranda görýärler. Gonkong, 2022-nji ýylyň 24-nji fewraly.

Germaniýanyň Marşall fondy hytaý we rus döwlet işgärleriniň maglumat giňişligindäki ýakynlygy baradaky hasabaty çap etdi. Ol dokumente laýyklykda, taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde köplenç biri-biriniň ritorikasyny gaýtalaýarlar. Hasabatyň awtorlary Günbataryň pozisiýasyny gowşatmaga gönükdirilen giň strategiýa barada gürrüň edýärler.

Demokratiýany goramak boýunça Germaniýanyň Marşall fondundaky bileleşik bir ýylyň dowamynda barlag geçirdi. Olar Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina basyp girenden soň, Hytaýyň resmileriniň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň öz hasabatlaryny üýtgedendigini, has köp ýagdaýda "Kremliň ritorikasyny örtük" edinýändiklerini görkezýärler. Şol bir wagtda hem Pekin resmi ýagdaýda çaknyşyk meselesinde, bitaraplyk pozisiýasyna berk eýerýär.

«Elbetde, ugurlary kesgitlemekde Russiýa ýakynlaşma bolup geçýär hem-de uruş başlanandan bäri Hytaý rus tarapynyň ritorikany gaýtalaýar, şol wagtyň özünde, Orsýetiň harby jenaýatlarynyň derejesini kiçeldýär hem ruslaryň diýýänlerine aýratyn üns berýär» diýip, Demokratiýany goramak bileleşiginiň analitigi we 24-nji fewralda çap edilen hasabatyň awtorlarynyň biri Etienn Soula Azatlyk Radiosyna beren düşündirişinde aýdýar.

Hasabatda "Hytaýyň Günbatary gowşatmak üçin, öz global täsir ulgamyny ulanmak ukyby" oňa ägirt uly Günortadaky birleşige goşulmaýan döwletleriň arasyndaky garaýyşlara we pozisiýalara täsir etmekde, güýçli orun berýändigi nygtalýar.

"Günbatar demokratiýalaryny we olaryň ýaranlaryny gowşatmak üçin, Hytaý global Günorta ýüz tutup, töwerekdäki ýurtlary hem çetleşdirmäge çalyşýar. Ukrainadaky urşuň şertlerinde, dünýäniň beýleki ýurtlaryna garanda, Hytaý Ukrainany goldaýan ýurtlara ikiýüzli we biperwaý garaýandygyny tassyklaýar” diýlip, hasabatda aýdylýar.

URUŞ ÝYLY

Hytaýyň berk döwlet gözegçiligindäki habar serişdeleri harby çozuşlary uruş diýip atlandyrmaýar, onuň ýerine Kremliň ulanýan "ýörite harby operasiýa" diýen sözi ulanýar. Beýleki ýagdaýlarda bolsa hytaý mediasy Russiýanyň döwlet kanallarynda giňden ýaýran ýalan maglumatlary we dildüwşük teoriýalaryny öňe sürýär; mysal üçin, ABŞ-nyň Ukrainada biologiki ýaraglar laboratoriýalarynyň bardygyny, Buça şäherinde rus harbylary tarapyndan parahat ilatyň hiç bir soragsyz öldürilmeginiň ýörite gurnalan zatdygyny aýdýarlar. Mundan başga-da, köpçülikleýin habar serişdelerinde ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý amerikaly milliarder Jorj Soros tarapyndan dolandyrylýar diýip çaklanýan maglumatlar bar.

Hytaý telewideniýesi boýunça Zelenskiý elgarama prezident hökmünde görkezilýär.
Hytaý telewideniýesi boýunça Zelenskiý elgarama prezident hökmünde görkezilýär.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan, 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwary aralygynda, Hytaý diplomatik we döwlet mediasy Twitterde Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň sözüni, onuň ukrain kärdeşi Dmytro Kuleba garanyňda "ýygy-ýygydan üç esse" köp mysal getiripdir. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem Zelenskiden sekiz esse köp agzalýar.

Hasabatda bellenilişine görä, hytaý mediasynyň rus ‘ertekisini’ gaýtalamagy bilen olara ABŞ-y tankytlamaga mümkinçilik berdi hem-de Pekine ABŞ-nyň daşary syýasatyna bolan öňden gelýän garaýyşlaryny güýçlendirmäge mümkinçilik döretdi.

Urşuň dowam eden bir ýylynda, Hytaýyň diplomatiki we döwlet mediasy "uruş" barada gürrüň gideninde, Twitter arkaly ABŞ-y Russiýadan iki esse ýygy agzap geçdi, aýratyn-da "uruşdan öňki Hytaýyň [köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň] adaty tejribesinden, NATO has köp üns berdi.

2021-nji ýylda demokratiýany goramak baradaky bileleşik tarapyndan taýýarlanan maglumatlara görä, Hytaý döwlet mediasy 1200-den gowrak teswirde NATO barada agzap geçdi. Bileleşigiň "giňeldilmegi" diňe 52 teswirde agzalýar. Russiýanyň çozuşlaryndan soň hem NATO, hem-de "giňeldilmek" salgylanmalaryň ýygylygy degişlilikde, 540% we 1700%-den gowrak artdy.

Hytaý prezidenti Si Jinping, Günorta Afrikanyň prezidenti Siril Ramafosa we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 2018-nji ýylda, Ýohannesburgda geçirilen BRICS-iň 10-njy sammitinde.
Hytaý prezidenti Si Jinping, Günorta Afrikanyň prezidenti Siril Ramafosa we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 2018-nji ýylda, Ýohannesburgda geçirilen BRICS-iň 10-njy sammitinde.

Taýwan — ýene bir aýratyn mesele, geçen ýyl rus çozuşlary başlanandan bäri salgylanmalaryň sany düýpli artdy, ýogsa bu maglumat giňişliginde Hytaýyň Russiýa bilen ýakyn gatnaşygynda, oňaýsyz ýagdaýy döredýär.

Öz-özüni döwlet diýip dolandyrýan adany Pekin özüniňki hasaplaýar, Hytaý habarlarynda Ukraina bilen bir teswirde 500 gezekden gowrak agzalýar. Hasabatda bellenilişine görä, hytaý resmileriniň ýa-da köpçülikleýin habar serişdeleriniň habarlarynyň aglabasy bu iki ýurduň arasyndaky deňeşdirmeleri göz öňünde tutmaýar. Pekin Taýwany çetki welaýat hasaplaýar we köplenç ýagdaýda özüniň "garaşsyzlygyna we territorial bitewiligine" hormat goýulmalydygyna salgylanyp, Taýbeý bilen garaşsyz döwlet hökmünde gatnaşyk saklamaly däldigini ýatladýar.

«Hytaýyň Russiýany goldamagy bir taraply däl. Çäk şunda – her näme-de bolsa, Hytaý bähbitleri bar zatdan ileri. Bu örän aýdyň: her halda Taýwan meselesinden gürrüň gideninde, maglumat serişdeleri Ukraina bilen Taýwanyň birmeňzeş däldigi baradaky berk garaýşy nygtaýarlar, şeýlelikde, Russiýanyň aýdýan zadyny tankyt astynda goýýarlar» diýip, Soula belleýär.

HYTAÝ WE RUSSIÝA GLOBAL GÜNORTADA

Hasabatyň netijeleri– daşary ýurt propagandasyny we ýalan maglumatlary "paş etmek we garşy durmak" boýunça döredilen ABŞ-nyň Döwlet departament edarasy bolan Global işjeňlik merkeziniň koordinatory Jeýms Rubiniň beren teswirlerini gaýtalaýar. Ol mart aýynyň başynda Ýewropa saparynyň dowamynda, Hytaýyň maglumat giňişliginde peýda bolmagyna we Pekiniň Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklaryna jogap bermekde, Günbataryň gijä galýandygyny duýdurdy.

«Biz millet hökmünde we Günbatar reaksiýa bildirmäge howlukmaýarys, munuň üçin biziň örän-örän uly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýandygymyzy aýtmak dogry bolar. Aragatnaşyk giňişliginde Hytaý we Russiýa öz edýän işleri barada tas ylalaşdylar diýse boljak» diýip, Rubin 28-nji fewralda metbugat işgärlerine mälim etdi.

Hytaýyň döwlet habar serişdeleri beýleki ýurtlara täsir etmekde, Pekiniň güýji bilen Kommunistik partiýa baradaky maglumatlara gözegçilik etmek, Hytaýyň ýaýradýan syýasaty we dünýäde onuň tutýan orny baradaky maglumatyny ýaýratmak üçin edýän tagallalarynda esasy orun eýeleýär.

Taýbeýdäki rus wekilhanasynyň daşynda Russiýanyň Ukraina basyp girmegine garşy protest geçirilende, plakat tutup duran adamlar. 2022-nji ýylyň 1-nji marty.
Taýbeýdäki rus wekilhanasynyň daşynda Russiýanyň Ukraina basyp girmegine garşy protest geçirilende, plakat tutup duran adamlar. 2022-nji ýylyň 1-nji marty.

Ukrainadaky urşuň barşynda, global Günortada öz göwünlerine laýyk habarlary ýaýratmak üçin, amatly ýer tapan ýaly görünýär. Fewral aýynyň aýagynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça geçiren pikir soralyşygynda, günbatar ýurtlarynyň aglaba bölegi Ukrainany goldap dursa-da, uly Günorta döwletlerinde soraglara gatnaşanlar Moskwanyň nägileligine has köp duýgudaşlyk bildirdiler we günbatar liderleriniň niýetlerine şübheli garadylar.

Soulanyň aýtmagyna görä, munuň özi hatda iki ýurduň aýry-aýry meseleler boýunça garaýşy deň gelmese-de, Pekin bilen Moskwanyň arasyndaky ýakynlygyň giňelýändigini aňladýar.

«Maglumat giňişligi – bu ýeňil nyşandyr. Hiç kim Russiýany goldajakdygy üçin, Hytaýa sanksiýa goýuljakdygyny aýtmaýar. Bu Orsýet üçin amatly, şeýle hem Afrika ýaly ýurtlarda Günbataryň täsiriniň ýitmegini tizleşdirmekde, Pekiniň giň çäkdäki bähbitlerine hyzmat edýär, ol ýerlerde günbatar döwletleriniň galdyran boşlugyny diňe Hytaý dolduryp bilýär» diýip, ol hasap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG