Mary welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärlerinden saglyk kepilnamasyny tabşyrmak talap edilýär. Edara ýolbaşçylary kepilnamany tabşyrmadyk işgärleriň işe goýberilmejekdigini duýdurýarlar. Býujet işgärleri kepilnamany almak üçin ýüzlerçe manat möçberinde çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdyp, bu çäre "halkyň puluny talap, döwlet býujetini doldurmakdan başga zat däl" diýýärler.
"Fewral aýynyň başynda edara-kärhanalar işgärlerden saglyk kepilnamasyny tabşyrmagy talap edip başladylar. Munuň üçin işgärler özlerine degişli saglyk öýlerine baryp, dürli saglyk barlaglaryndan geçip, kepilnamany almaly bolýarlar. Köp işgär kepilnamany tabşyran bolsa-da, diňe biziň edaramyzda onlarça işgär heniz ony tabşyryp bilmeýär" diýip, maryly bir býujet işgäri 6-njy martda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, muňa kepilnamany almak üçin zerur bolan saglyk barlaglaryna sarp edilýän serişdäniň köp işgäriň aýlyk zähmet hakynyň 20-25 göterimine barabar bolmagy we maşgala býujetine agram salmagy sebäp bolýar.
"Ilki bilen saglyk öýüniň kassasyna 120 manat tölemeli, soňra-da saglyk barlaglaryndan geçmek üçin 20-ä golaý otaga aýlanmaly. Bu otaglarda işgärler göz-gulak, gan we beýleki barlaglardan geçmeli bolsa-da, bular berjaý edilmeýär. Işgärler diňe bu otaglara girip, kepilnama gol goýdurýarlar. Olar gol goýdurmak üçin otaglardaky saglyk işgärleriniň her birine 3-10 manat aralygynda pul bermeli bolýarlar. Şeýlelikde, azyndan 300 manat sarp etmeli bolýar. Men ýaly köp işgäriň aýlygy bolsa 1300-1500 manada deň bolup, biz aýdan-aýa zordan güzeran aýlaýarys" diýip, býujet işgäri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, saglyk wekilleri soralýan puly bermekden ýüz öwren işgärlerde bahana tapyp, kepilnama gol çekmeýärler we olary ençeme günläp saglyk öýüne gatnadýarlar.
"Işgärler näme etjeklerini bilmeýärler. Sebäbi edara ýolbaşçylarymyz hem gyssaýarlar. Olar kepilnama bolmasa işe goýberip bilmeýäris we işlemedi diýip, aýlyklaryňyz hem az çykar diýýärler. Işgärler saglyk öýüniň kassasyna geçirilýän tölegiň-de saglyk ätiýaçlandyryşyndan tutulmaýandygyny aýdyp, bu çäräniň halkyň puluny talamakdan we döwlet býujetini doldurmakdan başga zat däldigini aýdýarlar" diýip, býujet işgäri aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada sebitiň Saglygy goraýyş müdirliginden kommentariýa alyp bilmedi. Redaksiýa bu kepilnamany tabşyrmagyň edara-kärhanalaryň ählisine degişlimi ýa däldigini hem anyklap bilmedi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, býujet işgärleri synplary abatlamak, Täze ýyl bezegleri, prezidentiň portretini çalyşmak ýaly dürli maksatlar üçin ýylyň dowamynda onlarça gezek pul goşmaga mejbur bolýarlar. Olar bu pul goşantlary üçin käbir ýyllarda müňlerçe manat bermeli bolýarlar.
Şeýle-de, häkimiýetler býujet işgärlerini pagtanyň çürtüm işlerine, pagta ýygymyna, pile önümçiligine, şugundyr ýygnamak işlerine çekmek ýa-da bular üçin olardan pul ýygnamak arkaly, oba hojalyk önümçiligini belli bir derejede býujetçileriň hasabyna amal edýärler.
Mundan başga-da, häkimiýetler köçeleriň arassaçylygyny üpjün etmekde hem býujet işgärleriniň zähmetinden ýa-da maddy serişdesinden peýdalanýarlar.
"Bu çykdajylar öňden hem az aýlyk alýan adamlary juda çykgynsyz ýagdaýa salýar. Olaryň käbirlerini işden çykmaga, käbirini para almaga iterýär" diýip, maryly býujet işgäri sözüni jemledi.
Bu ýagdaýlar barada ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde hiç zat aýdylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum