Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşynyň ilatyndan gaz, tok we suw hasaplaýjylaryny Balkanabatda barlagdan geçirmek talap edilýär


Ýaşaýyş jaýlarynda oturdylýan elektrik hasaplaýjy gural. Arhiw suraty
Ýaşaýyş jaýlarynda oturdylýan elektrik hasaplaýjy gural. Arhiw suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ilatdan öz öýlerindäki gaz, tok we suw hasaplaýjy enjamlaryny "Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynda barlagdan geçirmek we ýaramlylyk möhleti dolan hasaplaýjylary täzesine çalyşmak talap edilýär. Munuň üçin ýaşaýjylar 150 kilometr uzaklykda ýerleşýän welaýatyň dolandyryş merkezi Balkanabat şäherine birnäçe gezek gidip gelmeli bolýarlar. Bu talap we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"Şu günler Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary hojalyklaryndaky hasaplaýjylary barlagdan geçirmek üçin iki ýa-da üç gezek Balkanabada gidip gelmeli bolýarlar. Sebäbi "Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugy welaýat paýtagtynda ýerleşýär we ýaşaýjylardan öz hasaplaýjylaryny diňe şol ýerde barlagdan geçirmek talap edilýär. Bu talap ýaramlylyk möhleti dolan we dolmadyk hasaplaýjylaryň ählisine degişli" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, Balkanabada gidip gelmek her gezekde 200 manada düşýär. Hasaplaýjylary barlagdan geçirmek işi jemi 400-600 manada barabar bolýar.

"'Türkmenstandartlary'" baş döwlet gullugynyň hünärmenlerine 400 manat para berseň, 'ýene 15 günden taýyn bolar' diýýärler. Para bermeseň, bu proses has-da uzaýar. Şeýlelik-de, maddy çykdajylar hem köpelýär" diýip, ýaşaýjy belledi.

Türkmen hökümeti ilat üçin elektrik togy, gaz we suw ýeňilliklerini 2018-nji ýylda ýatyrdy we bu karar 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Ýurduň prezidenti şonda 25 ýyl ozal girizilen ýeňillikleri ýatyrmak kararyny ilatyň has gowy ýaşap başlandygy we döwletiň goldawyna mätäç däldigi bilen düşündirdi. Şondan soň ýaşaýyş jaýlarynda elektrik, gaz we suw hasaplaýjylary oturtmak işleri we onuň talaba laýyk işleýşine gözegçilikler güýçlendirildi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, Türkmenbaşynyň ýaşaýjylarynyň onlarçasy hasaplaýjylary şäherde barlagdan geçirmäge şert döredip bermegi sorap, şäher häkimligine ýüzlendi. Emma bu ýüzlenmäniň oňyn netijesi bolmady.

Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, häkimligiň resmileri hasaplaýjylaryň welaýat merkezinde barlagdan geçirilmelidigini tekrarlap, bu talabyň sebäplerini soňky sekiz aýyň dowamynda ilatyň elektrik, gaz we suw üçin geçiren maddy serişdesi bilen döwletiň akdyran elektriginiň, gazynyň we suwunyň arasynda 40 göterim tapawudyň bardygy bilen düşündirdiler.

"Döwlet ilata goýberen elektriginiň, gazynyň we suwunyň 60 göteriminiň tölegini alyp bildi. Galan 40 göterimiň töleginiň nirä gideni belli däl. Şeýlelik-de, döwlet 40 göterim ýitgi çekdi. Häzirki bu ýitginiň sebäpleri öwrenilmese, ençeme resminiň jogapkärçilige çekilmegi mümkin. Şol sebäpli ýaramlylyk möhleti dolan we dolmadyk hasaplaýjylaryň ählisi merkezde barlagdan geçirilýär. Olarda näsazlygyň bardygy ýa ýokdugy anyklanýar" diýip, ýaşaýjylaryň biri häkimlik resmisiniň sözlerini sitirledi.

Habarçymyz ýerli elektrik, gaz we suw edaralarynyň käbir hünärmenleriniň raýatlardan para alyp, hasaplaýjylardaky görkezijileri kemeldýändigi barada ilat arasynda gürrüňleriň bardygyny hem aýdýar.

"Bu hünärmenler uly möçberde bergisi bolan raýatlardan az möçberde para alyp, olaryň sarp eden elektrik, gaz we suw serişdeleriniň mukdarynyň ölçeglerini azaldýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenbaşynyň häkimliginden we ýerli elektrik, gaz we suw edaralaryndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Galyberse-de, habarçymyz köp ýaşaýjynyň täze gurnalan hasaplaýjylarynyň aradan bir hepde geçmänkä hatardan çykyp, işlemän galýandygyny hem habar berýär.

Türkmenistanda jaýlara oturdylýan gaz hasaplaýjy enjamlaryň birnäçe aýdan soňra hatardan çykýandygy barada garaşsyz neşir hem habar berýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň 8-nji sentýabrda çap eden habaryna görä, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerli gaz edaranyň işgärleri tarapyndan jaýlara oturdylan gaz ölçeýjiler üç-bäş aýdan soň işlemeýär.

"Hasaplaýjyny oturtmak üçin 350 manat tölendi. Indi gaz işgärleri olary ne çalşyp, ne-de bejerip berýärler. [Olar] göni turbalary birikdirip, hasaplaýjylary sökýärler" diýip, neşir ýazýar.

Mundan öň, Azatlyk ýaşaýjylaryň öýlerinde oturdylan hasaplaýjylardan gazyň syzmagy ýaly wakalaryň bolýandygy, käte munuň köp gatly jaýlarda partlamalaryň döremegine getirendigi barada ençeme gezek habar berdi.

Häkimiýetler bu habarlara reaksiýa bildirmeseler-de, partlamalaryň yz ýany, ýurduň ýangyn howpsuzlygy we gaz edaralarynyň işgärleri öýlere we edara-kärhanalara aýlanyp, ilat arasynda gaz we elektrik enjamlaryny howpsuz ulanmak barasynda düşündiriş işlerini geçirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG