Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň aýal-gyzlaryna öz adyndan 60 manat sowgat bermegi buýurdy.
Prezident bu baradaky buýruga Ministrler Kabinetiniň 24-nji fewralda geçirilen nobatdaky mejlisinde gol goýdy.
Oňa laýyklykda, "eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzlara 2023-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak" bellenildi.
Sowgat beriljek 60 manat döwlet kursunda 17 dollardan gowrak, gara bazar bahasynda 3 dollar çemesi serişde bolýar.
2016-njy ýylyň başynda Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasy berk çäklendirildi. Bu çäklendirmeler ýurtda walýutanyň gara bazarynyň emele gelmegine getirdi. Ýurduň Merkezi banky 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýärkä, onuň gara bazardaky nyrhy azyndan bäş esse gymmatlygynda galýar.
Bu sowgat, öňki ýyllaryň tejribelerine laýyklykda, öý hojalykçy aýal-gyzlara, mekdepde okamaýan, çagalar bagyna gatnamaýan gyzlara, şeýle-de hususy kärhanalarda işleýän zenanlara berilmeýär.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan öý hojalykçy zenanlar özleriniň her ýyl ala tutulýandygyny we hökümetden göwünleriniň galýandygyny aýdyp gelýärler.