Birleşen Milletler Guramasy Ukrainadaky urşuň başlanmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda Russiýanyň bu ýurtdaky goşunlaryny haýal etmän we hiç bir şert goýmazdan yzyna çykarmagyny talap edýän karara aglaba köplükde ses berdi.
23-nji fewralda kabul edilen karara BMG-niň Baş Assambleýasynyň 193 agzasynyň 141-siniň goldaw bildirmegi dünýä guramasynda Ukraina berilýän goldawyň güýçli bolmagynda galýandygyny görkezýär.
Bu karara Russiýa we ýene alty ýurt - Belarus, Demirgazyk Koreýa, Eritreýa, Mali, Nikaragua we Siriýa garşy ses berdi, Hytaý, Hindistan, Eýran we Günorta Afrika ýaly 32 ýurt bolsa saklandy.
"Russiýa, edil bir ýyl ozal bolşy ýaly, öz urşy bilen izolýasiýa edildi" diýip, Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok aýtdy.
"Dünýä parahatçylyk isleýär. Bu dünýäniň döwletleri muny şu gün Birleşen Milletler Guramasynda bilelikde açyk aýtdy" diýip, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba öz kanagatlanmasyny bildirdi.
Şeýle-de ol Russiýanyň "halkara tertibini bozmakda" şowsuzlyga uçrandygyny we Ukrainany goldaýan koalisiýanyň giň hem-de güýçli bolmagynda galandygyny aýtdy.
Ukrain urşy we rus agressiýasy bilen bagly öňki ses berişliklerde bolşy ýaly, Russiýany strategiki hyzmatdaşy hasaplaýan Türkmenistan ýene BMG-däki ses berişlige gatnaşmady.