Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda orsýetçilik propagandasy güýçlenýär, Ukrainadaky uruş barada günbatar maglumatlaryny okamazlyga çagyryş edilýär


Orta mekdep (illýustrasiýa suraty)
Orta mekdep (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň okuw jaýlarynda, döwlet edaralarynda we kärhanalarynda Orsýet hakynda gowy, günbatar barada ýaramaz pikir döredýän çykyşlar edilýär we ýörite ýygnaklar geçirilýär. Azatlygyň habarçylarynyň we garaşsyz media çeşmeleriniň bu barada berýän maglumatlaryna görä, Orsýeti mahabatlandyrmak bilen bir wagtda günbataryň Ukraina bildirilýän goldawy tankytlanýar.

Şu günler Balkan welaýatynyň mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda günbatara garşy wagyz nesihat ýygnaklarynyň geçirilýändigini Azatlygyň ýerli habarçylary 8-nji dekabrda habar berdiler.

"Ukrainadaky ýagdaý barada aýdyp, Günbataryň we ABŞ-nyň güýçleriniň erbet maksatly faşizmi goldaýandygyny aýdyp, Orsýet hakda iň gowy pikirleri öňe sürýärler. 26, 21 we 10-njy orta mekdeplerde etrap bilim bölümleriniň, Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň wekilleri ýygnaklary geçirýärler we ýaşlaryň ruhuny ruslara tarapdar terbiýelemäge, Günbatary duşman edip görkezmäge synanyşýarlar" diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy aýdýar.

Şeýle ýygnaklar diňe bir okuw jaýlary bilen çäklenmeýär. Orsýetçilik propagandasy döwlet edaralarynda, şol sanda deňiz port kärhanalarynda hem geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň we aýallar geňeşiniň agzalary ýerli edara-kärhanalary bir-birden aýlanyp çykyş edýärler, şol sanda günbatar metbugatynyň Ukrainadaky uruş barada berýän maglumatlaryny okamazlyga ündeýärler.

"Propaganda ýygnaklaryny geçirip, Ukrainada bolýan söweş ertir Türkmenistanda hem bolup biler, eger ýaşlarmyzy günbatar metbugatyndan we medeniýetinden el çekdirmesek. Ýaşlaryň aňyny zäherleýän maglumatlar, Amerika we Ýewropa metbugatlary Ukrainadaky urşa baş sebäp boldy" diýip, ýygnaga gatnaşanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen anonim gürleşen ýerli ýaşaýjylaryň gürrüň bermegine görä, ýygnaklaryň guramaçylary ilatyň ýurduň içindäki problemalardan nägilelik bildirmeginiň hem öňüni almaga synanyşýarlar.

"Biziň aramyzda hem günbatar agentleri bar, olar Türkmenistandaky kemçilikleri daşary ýurtlardaky metbugatlarda çap edip, türkmen halkyny hem aýaga galdyryp, uruş turuzjak bolýarlar. Ukrainanyň günini başymyza salmak üçin hereket edýärler. Nebit-gaza baý bitarap garaşsyz döwletimiz Orsýet bilen dost-doganlyk strategik gatnaşygyny berkidýär" diýip, Azatlygyň türkmenbaşyly söhbetdeşleriniň biri kärhanada geçen ýygnagyň mazmuny barada gürrüň berdi.

Türkmenbaşynyň 26-njy orta mekdebinde geçirilen ýygnakda mekdep okuwçylarynyň Ukrainadaky uruş barada sosial ulgamlarda kommentariý ýazmak meselesi hem agzalypdyr.

"Ukrainadaky uruşda Orsýeti garalap kommentariý ýazýarlar, aslynda Ukrainany garalap ýazsaňyz dogry bolardy bu makalalaryň aşagyna. Emma günbatar metbugatynyň bu temada ýaşlaryň aňyny zäherländigi görnüp dur diýip" diýip, habarçymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň Türkmenbaşy şäherindäki kiber jenaýatlara garşy göreş bölüminiň ofiseriniň mekdepdäki ýygnakda aýdanlaryny sitirledi.

Azatlyk bilen gürleşen söhbetdeşleriň biri ýygnaklardaky orsýetçilik propagandasy barada özüniň we öz tanyşlarynyň pikirini paýlaşyp, şeýle diýdi: "Ýerli howpsuzlyk resmileriniň sözlerinden çen tutsak, Türkmenistan garaşsyz bitarap döwlet däl-de, Orsýetiň bir welaýaty. Olaryň çykyşlaryny diňlänlerde şeýle pikir döreýär. Kimsi Orsýet Türkmenistany uruşsyz eline geçirendir diýýän bolsa, beýlekiler Ukrainanyň Orsýete garşy durmak, goranmak üçin dünýäden kömek almaga haky bardyr diýýär. Orslar ilki Krymy ele geçirdi, Donbasa, Luganska, ýagny garaşsyz Ukrainanyň topragyna rugsatsyz el urdy diýýärler".

Türkmenistanda Orsýetçilik propagandasynyň güýçlenýändigini Turkmen.news neşiri hem habar berýär. 6-njy dekabrda çap edilen maglumatda şeýle ýygnaklaryň Lebapda geçirilýändigi mälim edildi. Welaýat mekdeplerinde mugallymlary we çagalary "ukrain maýdany" we "günbataryň azgynlygy" barada aýdyp, görkuzdylar diýip Turkmen.news neşiri habar berdi.

Maglumata görä, Lebapda hem duşuşyklara häkimlikleriň, etrap bilim bölümleriniň, polisiýanyň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Orsýetiň Ukraina esassyz çözup, goňşy ýurduň giňişliginde 9,5 aýlap alyp barýan uruşy baradaky pozisiýasyny şu çaka çenli reesmi derejede mälim etmediler. Şeýle-de bolsa, Turkmen news neşiri Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky konflikt meselesinde Türkmenistanyň Russiýany goldamak meýilini birnäçe gezek görkezendigine ünsi çekýär.

Maglumatda belenişi ýaly, 2022-nji ýylyň awgust aýynda Ukrainany Garaşsyzlyk güni bilen gutlanda, prezident Serdar Berdimuhamedow parahatçylyk islegini adaty sözlerden aýyrdy. 1-nji dekabrda ÝHHG-niň Polşada geçirilen ýygnagynda Türkmenistanyň hemişelik wekili Hemra Amannazarow Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň çykyşy wagtynda zaldan çykyp gitdi. Iki ýurduň syýasatçylarynyň soňky aýlarda edýän yzygiderli özara saparlaryna,Serdar Berdimuhamedow iýunda, onuň kakasynyň noýabrda Orsýete sapar edendigi maglumatda bellendi.

Soňky gezek türkmen häkimiýerleri il içinde Günbatar barada näletleýji çykyşlary üç ýyl mundana ozal gurnapdy. 2019-njy ýylyň awgust aýynda türkmen häkimiýetleri prezidentiň saglyk ýagdaýy barada iýulyň aýagynda ýaýran habarlaryň fonunda Günbatar ýurtlaryny we Birleşen Ştatlaryny duşmançylykda aýyplaýan äheňde tutuş ýurt boýunça çykyşalary geçiripdi. Bllemeli ýeri, şonda prezidentiň saglygy baradaky habarlar rus metbugatynda peýda bolupdy.

Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleri, ýurt resmileriniň agyr ykdysy krizden ejir çekýän we häkimiýerleriň basyşyndan ýadan ilat arasynda närazylygyň tutaşmagyndan howatyrlanýandygyny aýdýarlar. Şu sebäpden daşary ýurtlara uçar gatnawynyň uzaga çekilip çäkli görnüşde ýola goýlandygyny çeşmeler aýdýarlar. "Ýolbaşçylarymyz gozgalaňçylaryň gelmeginden gorkýarlar" diýip anonim gürleşen çeşme aýdýar.

2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri türkmen jemgyýetinde öň görlüp-eşidilmedik derejede raýat aktiwligi ýüze çykdy we ilatyň öz nägileligi açyk beýan etmegine höwes güýçlendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG