Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IEA: Türkmen elektriginiň eksporty 30% ýokarlandy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistany elektrik eksporty geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirende 30% ýokarlandy diýip, “Biznes Türkmenistan” Halkara energetika agentliginiň (IEA) “Elektrik energiýa bazary 2023” atly hasabatyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistan elektrik önümçiligini geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11% ýokarlandyrdy diýip, habarda bellenýär.

Aýdylmagyna görä, eksportyň ýokarlanmagy Mary sebitindäki iri elektrik stansiýasynda önümçiligiň artdyrylmagy bilen bagly.

2021-nji ýylyň awgust aýynda Gyrgyzystana elektrik eksportyny ýola goýan Türkmenistan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda onuň üpjünçiligini 1,7 terawat sagada çenli artdyrdy diýip, IEA-nyň hasabatynda aýdylýar.

Türkmenistan bilen Özbegistan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda elektrik üpjünçiligini ýylda 4 terawat sagada çenli artdyrmak ylalaşygyna geldi.

Merkezi Parižde ýerleşýän Halkara energetika agentligi 1974-nji ýylda döredilip, energiýa howpsuzlygyny döretmegi maksat edinýär diýip, habarda bellenýär.

XS
SM
MD
LG