Daşarky dünýäden üzňe galýan türkmen syýasatynda 30 ýyl bäri ýeke-täk ýolbaşçynyň, diňe prezidentiň agalygy we “atalyk aladasy” ýurduň içerki we daşarky syýasatyny şekillendirýär diýlen düşünje öňe sürülýärdi. Ýöne 2022-nji ýylyň mart aýynda prezident wezipesi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan onuň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirilenden soňra, Türkmenistanda ýagdaýlar üýtgedi, “iki lider fenomeni” emele geldi.
Prezident kürsüsini terk edip, Türkmenistanyň Milli geňeşiniň ýokarky palatasynyň, Halk Maslahatynyň başlygy wezipesinde galan Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlara sapar edýär, daýhanlar bilen duşuşýar, häkimler bilen maslahat geçirýär, ýurduň dolandyryş-çäk özgertmeleriniň başyny çekýär. Ol ýurduň daşary syýasatynda hem işjeň rol oýnaýar, daşary ýurtlara sapar edip, döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşýar, halkara sammitlerde Türkmenistana wekilçilik edýär. Ýatlasak, noýabryň başynda öňki türkmen prezidenti Russiýa sapar edip, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň ýygnagynda çykyş etdi, prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy. Ýaňy-ýakynda bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Özbegistana sapar edip, Türki Döwletler Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkantda geçirilen ýygnagyna gatnaşdy.
Şol bir wagtda, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident ogly Serdar Berdimuhamedow hökümet mejlislerini geçirýär, möhüm kararlara gol çekýär, açylyş dabaralaryna gatnaşýar, welaýatlara sapar edýär, daşary ýurtlara döwlet saparlaryny amala aşyrýar, halkara we regional sammitlerde Türkmenistana wekilçilik edýär.
Öňler diňe prezidentleriň geçirýän ýygnaklary, amala aşyrýan ýerli we daşary ýurt saparlary, ýa-da olaryň dynç alyş günlerini nähili geçirýändikleri barada habar bermek bilen borçlandyrylan döwlet media giňişligi indi, hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hem-de Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan “il-ýurt bähbitli işleri” barada habar bermeli bolýar.
Şol bir wagtda, döwlet metbugaty, hem Serdar Berdimuhamedowyň, hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt liderlerine iberýän gutlag ýa-da gynanç hatlaryny çap etmeli bolýar. Türkmenistanyň syýasy giňişliginde soňky sekiz aýyň dowamynda, megerem, iki lider fenomeni doly kemala geldi.
Aslyýetinde, türkmen halkynyň däp-dessurlaryndan we syýasat medeniýetinden çen tutulsa, türkmenleriň arasynda goşa başlylyk oňlanmaýar. Meselem, “iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz”, ýa-da “iki gylyç bir gyna sygmaz” ýaly halk nakyllary türkmeniň syýasat medeniýetinde ikibaşlylygyň oňlanmaýandygyna yşarat edýän alamatlar bolup durýar.
Ýöne şol bir wagtda, patriarhal türkmen jemgyýetinde atanyň orny aýratyn hasaplanýar. Ata Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ogul Serdar Berdimuhamedowyň syýasat sahnasyndaky roluna patriarhal jemgyýetiň ýazylmadyk kada-kanunlarynyň nukdaýnazaryndan çemeleşilende, ogul Berdimuhamedowyň eýeleýän ýokary döwlet wezipesine garamazdan, atasy Gurbanguly Berdimuhamedowdan syýasy taýdan asgyndygyny çaklamak mümkin. Bu bolsa ýurduň syýasatynda, iş ýüzünde, “goşa başlylygyň” ýokdugyna yşarat edýän ýaly bolup görünýär. Megerem, hut şonuň üçin döwlet mediasy we “köşk tarypçylary”, şol sanda tanymal ýazyjy-şahyrlar we sungat işgärleri Serdar Berdimuhamedowy “Arkadagly Serdar”, Gurbanguly Berdimuhamedowy bolsa “Gahryman Arkadag” atlandyrýarlar.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa synçysy Brýus Panniýer 15-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ata Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň hususan-da daşary syýasatyny şekillendirmekdäki roluna ünsi çekdi:
“Meniň pikirimçe, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda, her niçik-de bolsa, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy arhitektory bolup durýar. Gurbanguly we onuň ýakyn töweregi, megerem, heniz-de Serdara ýol görkezýärler, ýardam berýärler. Ýöne, geň ýeri, Serdar prezident wezipesi üçin has-da hünärli bolaýjak ýaly, ol daşary ýurtlarda ýaşady, Russiýada, ýurduň daşynda ýokary bilim aldy, ol [asyl käri] diş lukmany bolan kakasy bilen deňeşdirilende halkara jemgyýetçiliginiň has köp täsirinde boldy. Ýöne, elbetde, onuň kakasynda 2006-njy ýylyň ahyrlaryndan bäri ýurda ýolbaşçylyk etmek tejribesi bar. Olar, belki-de, Serdar bu zatlara heniz gaty bir özbaşdak taýýar däl ýaly duýýandyrlar. Galyberse-de, Gurbanguly Berdimuhamedow aýatda diri wagty, megerem, Türkmenistanyň syýasatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm täsire eýe bolar. Lider bolmaklyk wagt talap edýär. Entek Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň hem lider bolmagyň tärlerine dogry düşünendigi jedelli” diýip, Merkezi Aziýa boýunça synçy aýtdy.
Ata Berdimuhamedow fewral aýynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde sözlän sözünde döwleti dolandyrmakda ýaşlara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny aýdyp, prezident wezipesinden çekilmek niýetini mälim edipdi. Munuň yz ýany, ýurtda 12-nji martda howul-hara prezident saýlawlary geçirildi we ogul Berdimuhamedow 73 göterim töweregi ses bilen Türkmenistanyň täze prezidenti yglan edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow prezident kürsüsini eýelän döwürlerinde ýurduň içinde we daşynda atlara bolan söýgüsi, yzly-yzyna çap etdirýän kitaplary, aýdym aýtmagy, saz çalmagy, dijeýlik etmegi, sport maşynlaryna erk etmegi we çapyksuwarlygy bilen tanaldy. Ol wagtal-wagtal gitarany eline alyp, agtyklary bilen aýdym aýdardy, saz çalardy. Ýöne soňky ýyllarda birden onuň saçy çalaryp başlady. Ol il öňüne çal saçly we äýnekli dana ýaşuly hökmünde çykyp başlady.
Merkezi Aziýa synçysy Serdar Berdimuhamedowyň kakasy bilen deňeşdirilende şeýle güýmenjeler nukdaýnazaryndan garasöýmeziräkdigini, köpçülikden üzňeräkdigini aýdýar.
“Bilşimiz ýaly, Serdar kän bir ile gatyşagan ýigit däl. Ol düýbünden kakasynyň tersi. Onuň kakasy özüniň prezidentlik wezipesine geçen ilkinji ýyllarynda, hususan-da ilkinji on ýylyň dowamynda telewizora çykmak isleýärdi. Ol köpçülik çärelerine gatnaşýardy, at çapyşyklara gatnaşýardy, awtomobil ýaryşlaryna we şuňa meňzeşlere gatnaşýardy. Serdar ýöne olar ýaly däl. Ol köpçülige gatyşmakda oňaýsyzlyk duýýan ýaly bolup görünýär. Meniň pikirimçe, Gurbanguly aradan geçen şunça ýyla garamazdan, heniz-de ogluny taýýarlaýar. Onuň ogly hakykatdan-da wezipe basgançaklaryny örän çalt geçdi” diýip, Panniýer aýtdy.
Türkmenistanda 2020-nji ýylda konstitusiýa üýtgetmeleri kabul edilip, ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi. Munuň yz ýany, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet we döwlet ýolbaşçysy wezipeleri bilen bir hatarda kanun çykaryjy ulgama, parlamentiň ýokarky palatasynyň, Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlandy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna görä, prezident, meselem, saglyk ýagdaýlary sebäpli, öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, prezidentiň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň başlygyna geçýär. Häzirki wagtda, Halk Maslahatyna Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.
Panniýer Türkmenistanda prezident wezipesiniň atadan ogla geçirilmeginden soňra hem, ata Berdimuhamedowyň ýurduň syýasatynda işjeň rol oýnamagyna garaşandygyny gürrüň berdi.
“Men Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdy dolandyrmakda ägirt uly täsiriniň dowam etjekdigini çak etdim. Onuň Halk Maslahatynyň başlygy wezipesinde galmagynyň özi onuň ýurtda iki belgili wezipede oturjakdygyny, onuň häkimiýet başyndan gaty bir uzaga gitmejekdigini görkezdi. Döwleti dolandyrmakda ýaşlara ýol bermegiň makul hasaplanmagy barada aýdylanlar diňe onuň oglunyň prezident wezipesini eýelemegi üçin aýdyldy. Ýöne bu Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy bilen hem bagly bolup durýar. Ol görnetin garrap barýar. Ol garry adam ýaly görnüp başlady, garry adam ýaly hereket edip başlady” diýip, Panniýer aýtdy we şol sebäpden režimiň durnuklylygyny saklap galmak üçin, Türkmenistanda häkimiýet çalşygynyň amala aşyrylandygyny sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanda döwlet ýolbaşçysy wezipesi ata Berdimuhamedowdan ogul Berdimuhamedowa geçirilse-de, geçirilmese-de halkyň hal ýagdaýy, durmuş derejesi gowulaşmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum