Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýeke-täk hökümdarlygyny täzeden dikeltdi”


Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdary ikinji orna geçirip, döwletiň ýeke-täk ýolbaşçylygyny gazanmagy ýüregine düwen bolmaly. (arhiw suraty)
Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdary ikinji orna geçirip, döwletiň ýeke-täk ýolbaşçylygyny gazanmagy ýüregine düwen bolmaly. (arhiw suraty)

Türkmenistan Konstitusiýasy ýene-de üýtgedilip, iki palataly parlament (Milli Geňeş) ýeke palataly boldy hem Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmen halkynyň milli lideri" diýlip yglan edildi, şeýle-de oňa we onuň maşgala agzalaryna eldegrilmesizlik hukugy berildi. Bu gezek beýle öwrülişigi amala aşyrmak üçin, 21-nji ýanwarda parlamentiň ýokary we aşaky palatalarynyň bilelikdäki mejlisiniň maslahaty bary-ýogy birnäçe sagat dowam etdi. Parlamenti özgertmek teklibi golaýda, 11-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan teklip edildi, ol şol döwürde parlamentiň ýokarky palatasy Halk Maslahatyna baştutanlyk edýärdi. Şeýlelikde, şenbe güni geçirilen ýygnakda, parlamentiň ýokary palatasy ýatyryldy, Halk Maslahaty öňki prezidentiň ýolbaşçylygyndaky häkimiýetiň aýratyn organy hökmünde täzeden döredildi.

Konstitusiýany özgertmek bu gezek Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň bir ýaşaýjysy Garly Bazarowyň teklibi bilen amala aşyryldy. Ol parlamentiň bilelikdäki mejlisinde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň yz ýanyndan, teklip bilen çykyş etdi. Döwlet habarlar gullugy TDH-nyň maglumatyna görä, Bazarow ýurt ýaşulularynyň adyndan, "Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hem-de Esasy Kanuna üýtgeşmeler girizmek baradaky başlangyjy doly goldaýandygyny" aýtdy.

Onuň çykyşyndan mälim bolşuna görä, Konstitusiýanyň 77-nji maddasy üýtgedilip, parlamentiň ýokarky palatasy ýatyrylýar, Halk Maslahaty bolsa aýratyn häkimiýet hökmünde täzeden döredilýär. Bazarow sözüniň dowamynda, Gurbanguly Berdimuhamedowy Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine saýlamagyny hem teklip etdi.

Şonuň yz ýanyndan öz kakasynyň Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine belleýändigi hakynda, prezident Serdar Berdimuhamedowyň permany peýda boldy.

Bazarow bu "gazanylanlaryň" esaslandyryjysy däl, ol diňe "Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli lideri bolmagyny kanun esasynda ykrar edilmegini” teklip etdi.

Mundan soňra maslahata gatnaşyjylar haýal etmän Türkmenistanyň Konstitusiýasyna "Türkmen halkynyň milli lideri barada" kanunyň taslamasyny hödürlediler. Teklip dessine ara alnyp maslahatlaşyldy (maslahat dowamynda diňe G. Berdimuhamedowa ýüzlenilen öwgüli çykyşlar boldy) hem biragyzdan kabul edilip, kiçi Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlendi, ol bolsa ýüzugra gol çekdi.

Halk Maslahatyna aýratyn häkimiýet hökmünde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny makullamak, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, ýurduň içeri we daşary syýasatyny kesgitlemek ýaly giň ygtyýarlyklar berilýär.

Onuň düzümine Türkmenistanyň kanunçykaryjy, ýerine ýetiriji, (şol sanda prezident) we adalat ulgamlarynyň ýolbaşçylary, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Ministrler kabinetiniň agzalary, deputatlar we beýleki käbir ýokary derejeli resmiler dagy girýär.

Mundan başga-da, kanuny esasda Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmen halkynyň milli lideri” diýen dereje berlip, oňa ýurduň syýasy durmuşynda uly ygtyýarlyklar kepillendirildi. Galyberse-de, oňa we onuň maşgala agzalaryna eldegrilmesizlik hukugy hem berildi. Bu hukuk onuň eýeçiligine we maşgala agzalarynyň eýeçiliginde duran emläklere hem degişlidir. Şol bir wagtda, “Türkmen halkynyň milli lideri” Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy hem bolup durýar.

Türkmen bilermeni we ozalky hökümet resmisi 22-nji ýanwarda Azatlyk bilen geçirilen gürrüňdeşlikde, şeýle howlukmaçlygyň sebäbiniň öňki prezidentiň oglunyň prezidentlik wezipesini alyp barşy bilen kanagatlanmazlygy hem-de maşgalanyň içerki çäginde bolup geçen käbir oňuşmazlyklar bilen baglanyşykly bolmagy mümkin diýdi.

"Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda hökümet gurluşyny üýtgetmegi teklip edende, konstitusion reforma komissiýasynyň döredilýändigi yglan edildi, şonda türkmen režimi resmi däbi berjaý edýän ýaly bolup göründi, bu özgerişleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, azyndan birnäçe aý wagt sarp etmeli bolýar. Ýöne Berdimuhamedow muňa wagt ýok diýen karara gelen bolsa gerek. Serdar [Berdimuhamedow] kakasynyň nukdaýnazaryndan, diňe onuň garaýşy hem däl, ýolbaşçy wezipesine düýpden taýýar däl eken. Hut şonuň üçinem indi Serdar däl-de, onuň kakasynyň ýolbaşçydygyny nygtamak üçin, milli lider baradaky kanun kabul edildi. Döwleti dolandyrmakda tejribesizlikden başga-da, Serdar maşgalanyň içindäki dawalaryň sebäpkäri bolandyr. Onuň öz daýzasyny Gyzyl Ýarym Aý jemgyýetinden işden boşatmagy, şonuň bilen bir wagtda, käbir maglumatlara görä, ondan birnäçe ýüz million dollarlyk nagt pul almagy, elbetde, kakasyna ýaramadyk bolmaly. Nähili-de bolsa, Gülnabat onuň aýal dogany, ol doganynyň (G. Berdimuhamedowyň) hormatdan, prezident bolan wagtynda elmydama peýdalanyp geldi. Mundan başga-da, Serdar maşgalanyň beýleki täsirli agzalarynyň ykdysadyýetine-de täsir etdi. Şoňa görä, uly Berdimuhamedow öz maşgalasynda hem döwletde ýeke-täk ýolbaşçylyk derejesini yzyna almak üçin, oglunyň ýeňinden çekmek isländir” diýip, bilermen aýdýar.

Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn bir çeşmesiniň 12-nji ýanwarda ýazmagyna görä, uly Berdimuhamedow “häkimiýeti doly” öz ygtyýaryna almak üçin, nobatdaky reformany geçirmek barada, baryp 2022-nji ýylyň tomsunda oýlanypdyr.

"Halk Maslahaty özbaşdak institut hökmünde, üstesine-de iň ýokary häkimiýet bolansoň, Gurbangula öz oglunyň elindäki hökümet bilen maşgalasynyň arasynda özara işjeň gatnaşyga mümkinçilik döreder. Serdaryň döwlet işlerinde tejribesiniň ýokdugyny köp adam eýýäm gördi, onuň özüni oňaýsyz duýýandygy aýdyň, halypa hökmünde kakasynyň kömegine mätäçdigi bildirýär. Men Gurbanguly beýle işlere öň gatnaşmady diýemok, ol öňküleri ýaly, ýurduň içeri hem-de daşary syýasatyna işjeň gatnaşýar. Mysal üçin, ol birnäçe gezek daşary ýurt saparlaryna (häkimiýeti tabşyrandan soň hem – red.) gidipdi, Serdar häkimiýet başyna gelensoň, Türkmenistanda bolup geçen ähli sammitlere gatnaşdy. Ýöne munuň ählisi Serdaryň tejribesizligini aýdyň görkezýär. Halk Maslahatyny üýtgedip gurmak bilen Gurbanguly özüniň ýokary häkimiýetini formal taýdan resmileşdirmegi maksat edinýär. Ol şeýle etmek bilen ähli möhüm syýasy kararlary resmi taýdan kabul edip biler hem-de ‘onuň kakasy hukugy ýok ýerden prezidentiň wezipesine girýän işlere çakdan-aşa goşulyşýar’ diýilmezi ýaly, ogly Serdara zerur tejribäni toplamaga mümkinçilik we wagt döreder” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.

Ýatlatsak, mundan bir ýyla golaý öň, 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçen Halk Maslahatynyň adatdan daşary sessiýasynda, sol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet dolandyrylyşyny "ýaş nesle bermek" üçin, wezipesinden çekilmek niýetiniň bardygyny yglan etdi. Şondan birnäçe hepde geçenden soň, irki prezident saýlawlary geçirildi hem-de Türkmenistanda häkimiýet atadan ogla geçdi.

Halk Maslahaty ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe, 1992-nji ýylda ilkinji gezek döredilende, eýýäm iň ýokary wekilçilikli organ statusyna eýedi. Dogrusy, Nyýazow hem ony absolýut güýç-kuwwatyň guraly hökmünde ulandy. Mysal üçin, ony ömürlik prezident diýip yglan eden Halk Maslahaty bolupdy.

2006-njy ýylyň dekabrynda Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň, Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geldi we 2008-nji ýylyň sentýabrynda Halk Maslahaty ýatyrylyp, ornuna maslahat beriji organ hökmünde, Ýaşulular Maslahaty döredildi. 2017-nji ýylyň oktýabrynda Berdimuhamedow Halk Maslahatyny gaýtadan döretmegi teklip etdi. 2019-njy ýylda bolsa Konstitusiýany üýtgetmek boýunça ýene-de bir gezek teklip girizip, iki palataly parlament sistemasyna geçirdi hem Halk Maslahatyny parlamentiň ýokary palatasyna öwürdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu reformanyň zerurlygyny "dünýädäki çalt üýtgeýän ykdysady we syýasy ýagdaý" bilen düşündirdi. Bu çäreler 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlandy.

2021-nji ýylyň martynda ilkinji gezek parlamentiň ýokary palatasyna saýlawlar geçirildi. Şonda uly Berdimuhamedow hut özüniň täze kabul edilen Konstitusiýany bozup, Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanyldy we soňra onuň başlygy boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG