Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň “Lebap” daýhan birleşiginde 31-nji dekabrda bolan awtoulag heläkçiliginde bir maşgaladan bäş adam heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji ýanwarda sebitden habar berdi.
Heläkçilik “Opel” kysymly bir ýeňil awtoulagyň ýoly kesip geçýän bir kollektoryň üstündäki köprüden suwa gaçmagy netijesinde boldy. Ulag uzynlygy alty metrlik köpriniň haýatyna baryp urýar we kollektora gaçýar.
Bir maşgaladan bäş adam – kaka, eje, olaryň iki gyzlary we bir ogly – köprüden kollektora gaçan ulagda, suwuň içinde jan berýär.
Pajygaly waka maşgalanyň Täze ýyl gijesi myhmançylykdan öýlerine dolanyp barýan mahaly bolýar.
“Awtoulagyň köprüden aşak gaçyşyny hiç kim görmändir we hiç kim dessine kömek edip bilmändir” diýip, Azatlygyň çeşmesi maglumat berýär.
Wakanyň ertesi güni heläkçilikde wepat bolan ejäniň ene-atasy howatyrlanyp, maşgalanyň gözlegine çykýar. Olar ýoluň üstünde haýatlary döwlen köprini görüp, şol ýerde bir heläkçiligiň bolandygyna göz ýetirýärler. Munuň yz ýany, wakanyň bolan ýerine Adatdan daşary gullugyň işgärleri gelýär. Halas edijiler heläkçilige uçran awtoulagy suwdan kran bilen çekip, ýokary çykarýarlar. Heläk bolan ene-atanyň we olaryň bir gyzynyň we oglunyň jesedi ulagdan tapylýar. Ýöne bäş ýaşly gyzyň jesedi tapylmaýar.
Adatdan daşary gullugyň we beýleki gulluklaryň 50-den gowrak işgäri kollektoryň ugry bilen wakanyň bolan ýerinden Saýat etrabyna çenli bolan aralykda gyz çaganyň jesedini gözleýärler. Etrap polisiýa işgärleri şor suw akabasynyň kenarynda gözleg işlerini geçirýär.
Bir gün töweregi towam eden gözleglerden soň, 2-nji ýanwarda günüň ikinji ýarymynda bäş ýaşly gyz çaganyň jansyz jesedi wakanyň bolan ýerinden 600 metr töweregi uzaklykda, kollektoryň içindäki agaç şahalarynyň arasyndan tapylýar.
Gözbaşyny öňki Garabekewül etrabyndan alyp gaýdýan şor suw akabasy, zeý suwlaryny ýygnaýjy kollektor Türkmenabadyň Zerger kiçi etrapçasyny kesip, Seýdi şäherine tarap akýar.
“Akymyň badyna akyp giden gyzjagaz bir şaha ilip galypdyr. Şol çagajygy hem 3-nji ýanwar güni ene-atasynyň we doganlarynyň ýanynda jaýlapdyrlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi maglumat berdi.
Awtoulag heläkçiligi häzirki Halajyň öňki Garabekewül etrabynyň çäklerini öz içine alýan sebitlerinde, ilat arasynda “Leninizm” diýlip tanalýan obada bolup geçýär.
Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurduň çäginde bolýan heläkçilik hadysalary, şol sanda awtoulag heläkçilikleri barada habar bermeýär.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň ýollarynda hasaba alynýan heläkçilik hadysalary barada hasabatlary çap etmeýär.
Ýaňy-ýakynda garaşsyz turkmen.news neşiri Täze ýylyň ilkinji günlerinde Aşgabatda bolan bir awtoulag heläkçiliginde iki okuwçy gyzyň aradan çykandygyny habar berdi.
Azatlyk Radiosy 2-nji ýanwarda Täze ýylyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda suw akabalaryny gazmak işlerine gatnaşýan bir ekskawatoryň agdarylmagy netijesinde ekskawator sürüjisiniň heläk bolandygyny habar berdi.
"29-njy dekabr güni Saýadyň Bujak obasynda ýaplary arassalamak we gazmak işlerini amal edýän bir ekskawator sürüjisi aradan çykdy. 40 ýaş töweregindäki sürüjiniň üç çagasy ýetim galdy" diýip, şonda Azatlygyň habarçysy maglumat berdi.
Baýramçylyk günlerinde kanun goraýjy edaralar güýçlendirme iş tertibini yglan edip, ýurduň ähli sebitlerinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum