Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda itleriň guduzlamagy adam ölümine sebäp boldy 


Illýustrasiýa suraty 
Illýustrasiýa suraty 

Türkmenistanda itleriň guduzlamagy bilen bagly ýagdaý ýüze çykdy. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary, hususan-da, Balkan welaýatynda ýaňy-ýakynda guduz itler zerarly çagalaryň ölmegi bilen bagly birnäçe ýagdaýy anykladylar.

"Balkanyň günorta Garrygala sebitinde soňky bir aýda azyndan iki çaga guduz keseliniň geçmegi zerarly ýogaldy. Olaryň biri 25-nji mekdepde, beýlekisi 19-njy orta mekdepde 4-nji we 7-nji klaslarda okaýardy. Bu çagalaryň guduzlama wirusyndan heläk bolandygy tassyklanasoň, olaryň mugallymlary, klasdaşlary we olaryň maşgala agzalary karantina alyndy" diýip, Balkandaky habarçymyz 27-njy dekabrda aýtdy.

Habarçylaryň, anonim gürleşen ýerli lukmanlara salgylanyp, aýtmagyna görä, ýogalan çagalar itiň dişländigini dessine aýtmansoň, wirusyň geçmegini anyklamak üçin barlag wagtynda geçirilmändir we zerur çäreler görülmändir.

Adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürleşen lukmanlar, köçelerde guduzlan itleriň dişlemegi bilen bagly ýagdaýlaryň köp duş gelip başlandygyny aýdýarlar we çagalaryň itlere duş gelseler, ýa-da it çalaja dişlese öýlerinde ene-atasyna köplenç aýtmaýandygyny gürrüň berýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýy Balkan welaýatynyň saglygy saklaýyş wekillerinden resmi taýdan tassyklatmak we regiondaky umumy ýagdaý barada goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşygy netije bermedi.

Balkan häkimiýetleri bu ýagdaý dogrusynda ilata resmi düşündiriş bermediler. Saglygy saklaýyş bilermenleriniň ýerli media serişdelerinde öňüni alyş çäreleri barada duýduryşly we düşündirişli çykyşlary göze ilmedi. Ýöne, habarçylaryň sözlerine görä, guduz itleriň bardygy anyklanan ençeme obada sygyr süýdüni we etini satmak gadagan edildi.

Garrygala etrabynda weterinariýa sanepidemiologiýa gullugy ýok, şu sebäpden ýaşaýjylar öý haýwanlaryny we mallaryny barlatmak we keselleriň öňüni almak üçin sanjymalary etmek mümkinçiliginden mahrum boldular.

"Garrygala weterinariýa bölümleri bar wagtynda öý haýwanlaryna guduza garşy waksina sanjymlaryny geçirip bolardy. Şeýle mümkinçilik bolan bolsa, uly zyýanlaryň öňüni alyp bolardy" diýip, ýagdaýy öwrenen habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ýerli weterinarlar guduz keselinde garşy waksinanynyň ýokdugny aýdýarka, häkimiýetler öý haýwanlaryny saklaýan adamlary itlere we pişiklere wagtynda sanjym etmezlikde we olara zerur resminamalary almazlykda aýyplaýarlar.

Bu aralykda ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi guduzlama keselinden goranmak üçin özbaşdak çäre görmäge çalyşýarlar.

"It-pişik saklaýan maşgalalar hem indi özlerinde guduzlama wirusy barmy-ýokmy anyklamak üçin analiz tabşyryp, ätiýaçda guduzlama garşy 6 sany sanjym alýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Emma keseli anyklamak üçin analiz tabşyrmak we öýlerinde saklanýan haýwanlaryna we özlerine sanjym etdirmek ençeme çykdajyny talap edýär.

Habarçylar Garrygalanyň keselhanasynda we saglyk öýlerinde guduzlama wirusyna garşy dermanlaryň näsaglara her bir sanjymy üçin 216 manatdan edilýändigini aýdýarlar.

"Bir kurs bejergi 21 sanjymdan ybarat. Şeýdip, bir näsag üçin tas 5 müň manada düşýär. Köp adamda muňa puly bolmaýar. Bir guduzlan itiň ýetiren zelelinden onlarça adam bejergi almaga mejbur bolýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Guduz barada açyk çeşmelerdäki saglyk maglumatlaryna görä, bu howply kesele hem adam, hem-de haýwanlar uçraýar. Itleriň kesellemegine tebigatdaky wirus sebäp bolup, ol öý haýwanlaryna kesel tilki, möjek, syçan, kirpi ýaly ýabany haýwanlardan ýokýar. Diňe waksinasiýa bilen onuň öňüni alyp bolýar.

Ençeme ýurduň kanunlary ähli öý haýwanlaryna guduzdan ýyllyk esasynda hökmany sanjym etmegi talap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG