Dekabr aýynyň başynda, türkmen migrantlary Stambuldaky we Türkiýäniň beýleki şäherlerindäki migrantlara maslahat ýardamyny berýän gulluklara köpçülikleýin telefon edip, ählisi-de biragyzdan golaýda türkmen raýatlary üçin girizilen wiza düzgüniniň hakykatdan-da ýatyrylandygyny soraýarlar. Maslahat beriji edaralar hem biragyzdan "bu hakykata laýyk däl" diýip jogap berdiler. Türkmen migrantlaryň arasynda ýüze çykan howsalanyň sebäbi, mundan üç aý öň, türkmen ýarym resmi neşirleriniň biri tarapyndan çap edilen wideo bolup çykdy, onda türk häkimiýetleri tarapyndan, türkmen raýatlaryna wiza düzgüniniň girizilmegi barada habar berlipdi.
Şu ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistan döwletiň haýyşy boýunça, Türkiýe türkmen raýatlary üçin, 15 ýyl bäri hereket edýän wizasyz düzgüni ýatyrdy. Hökümeti goldaýan salamnews.tm türkmen saýty tarapyndan döredilen wideo ilkinji gezek 14-nji sentýabrda "TikTok" sosial torunyň sahypasynda çap edildi. Ýöne soňra bilnişi ýaly, wideony döredenler takyk kesgitleme ulanmandylar, bu bolsa nädogry düşünilmegine getirdi.
14-nji sentýabrdaky wideo ýazgyda salamnews.tm-iň žurnalistleriniň biri bildirişe şeýle sözler bilen başlaýar: "Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýä gitmekleri üçin, ýeňillikli wiza düzgüni ýatyrylýar", bu hakykata laýyk gelmeýär. Ýokarda hem aýdylyşy ýaly, 13-nji sentýabrda, ol ýatyrylman, eýsem wiza düzgüni girizdi. Şondan öň bolsa "ýeňillikli wiza düzgüni" däl-de, wizasyz režim hereket etdi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň graždanlarynyň Türkiýäniň çäginde, 30 günläp wizasyz galmaga mümkinçiligi bardy.
Görnüşinden, nädogry düşündirişe şol wagtda üns berilmändir, sebäbi wizalaryň girizilmegi baradaky habar şindi täzedi.
Dekabr aýynyň başynda, bu wideo sosial ulgamlaryň türkmen dilindäki bölüminde täzeden peýda boldy we IMO, ICQ, WhatsApp hem Telegram ýaly messenjerlerde çalt ýaýrap, türkmen migrantlarynyň arasynda başagaýlyk döretdi.
Türkiýedäki türkmen migrantlary öz hossarlaryna we Türkmenistandan gelen ildeşlerine, tanyş-bilişlerine jaň edip, "wizanyň ýatyrylandygy dogrumy" diýip soramaga başladylar.
"Dürli şäherlerden üç garyndaşymyz bir günde telefona çykdylar, meniň pikirimçe, bu 2-nji dekabrda bolsa gerek. Olar IMO messenjerinde goýlan wideony görüpdirler. Olaryň ählisi Türkiýä gidýän türkmenler üçin, wizanyň ýatyrylandygyny aýdyňlaşdyrmagy soradylar. Men beýle maglumatyň ýokdugyny, munuň hakykat däldigini aýtsam-da, olar meni mejburlap ýa-da haýyş edip, bu barada gulluga jaň etmegimi soradylar” diýip, Stambulda ýaşaýan Annajemal (ady üýtgedildi) aýdýar.
Migrantlara maslahat berýän edaralara bolsa şol bir sorag bilen onlarça we ýüzlerçe jaň gelipdir, olaryň barynyň soraýany-da şol bir sowal: "Türkmen graždanlaryna berlen wizanyň ýatyrylandygy hakykatmy?"
Maslahat beriji gullugyna gelen jaňlar şeýle köp bolup, olar jogap bermäge wagt tapman, edaranyň wekilleri "türkmen raýatlary üçin hiç hili wiza ýatyrylmaýar" diýip, YouTube kanalynda, ýörite bildiriş goýberip başladylar.
«Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky wiza ýatyryldymy? Ýok, ol ýatyrylmady. Wiza düzgüni dowam edýär. Soňky birnäçe günüň dowamynda, bize ýygy-ýygydan ýüz tutup, sorap başlaýarlar: "Siz şeýle maglumaty nireden aldyňyz? Ol dogry däl". Olar bize şol wideony hem ýollaýarlar» diýip, "Atasa Daışmanlık" maslahat edarasynyň wekili 3-nji dekabrda, YouTube kanalynda ýerleşdirilen wideo bildirişde aýdýar.
Ol salamnews.tm neşirinde ýerleşdirilen wideony görkezip, türkmenleriň bu maglumata nädogry düşünendigini düşündirýär.
Sentýabrda wiza düzgüni girizilenden soň, türkmen migrantlarynyň-da, Türkmenistanda ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň-da, olaryň ýakynlarynyň-da aladasynyň artandygy barada, Azatlyk habar beripdi. Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde, olar wiza režimi girizilenden soň, köpler Türkiýä işe gitmek mümkinçiliginden mahrum bolar, Türkmenistanda bolsa işsizligiň giňden ýaýramagy bilen mätäç galýarlar diýip, ýagdaýy beýan etdiler.
Türkiýä gitmegiň bahasynyň, şol sanda wiza çykdajylary, uçar biletleri we para bilen birlikde, 1 müň amerikan dollardan gowraga düşýändigini, noýabryň ahyrynda biziň habarçylarymyz aýtdylar.
«Aşgabatdan Stambul şäherine uçjak bir ýolagçynyň umumy çykdajysy gara bazar nyrhy boýunça 1000 dollara ýetýär. Uçar biletiniň resmi bahasy 440 dollar bolsa, üstüne 200 dollar para berilýär, şeýdip biletiň bahasy 640 dollara ýetýär. Wiza bilen bagly çykdajylar 250 dollardan geçýär. Çykdajynyň galan bölegini koronawirus bilen bagly sprawkalar we testler düzýär» diýip, Türkmenistandan biri gürrüň berdi.
Resmi maglumata görä, Türkiýede 250 müňe golaý türkmenistanly ýaşaýar, ýöne garaşsyz çeşmeler bikanun ýagdaýda ýaşaýanlaryň sanynyň birnäçe esse köpdügini aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum