Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenhowaýollarynda' biletleriň döwlet bahasynyň üstüne ýene bäş esse para soralýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Türkmenhowaýollary” agentliginde korrupsiýa jenaýatlarynyň üstüniň açylandygy baradaky habarlara garamazdan, gullukda para almak tejribesi dowam edýär. Ýolagçylardan biletleriň döwlet bahasynyň üstüne ýene bäş esse para soralýar.

Häkimiýetler para-berimi azaltmak maksady bilen, indi gullugyň kassalarynda biletleriň bahasyny diňe bank kartlary arkaly kabul edip başladylar. Ýöne bu paranyň aradan aýrylmagyna ýardam bermedi.

"Kassa işgärleri online biletleriň haçan we haýsy wagtda Internetde satuwa çykaryljakdygyny bilýärler. Olar biletleriň tas ählisini satyn alyp, soňra-da kassalaryň üsti bilen başga adamlara resmileşdirýärler ýa-da bilet almak isleýän raýatlaryň şahsy maglumatlaryny ençeme sagat ýa-da bir gün öňünden alyp galýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Kassa işgärleri döwlet bahasy 150 manat bolan bilet üçin 800 manat para soraýarlar. Olar ýolagçylardan bilediň döwlet bahasyny bank karty arkaly, parany bolsa nagt tölemegi talap edýärler.

"Agentligiň websaýtyndan bilet satyn almak tas mümkin däl" diýip, habarçy sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada “Türkmenhowaýollaryndan" goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji dekabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşinde ýurduň baş prokurory Serdar Mälikgulyýew “Türkmenhowaýollary” agentliginde korrupsiýa jenaýatlarynyň üstüniň açylandygy barada hasabat berdi.

Aşgabadyň ýaşaýjylary we uçar biletleriniň satyjysy bilen bir hatarda, agentligiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kerim Kerimow sentýabryň dowamynda müşderilerden para alandyklaryny boýun aldylar. Döwlet telewideniýesine görä, kazyýetiň hökümi bilen olar degişlilikde 8 ýyldan 13 ýyla çenli aralykda azatlykdan mahrum edildi.

Aşgabatlylaryň ençemesi korrupsiýa jenaýatlarynda aýyplanýanlaryň görkezilmegi bilen hiç zadyň üýtgemeýändigine ünsi çekip, muny "häkimiýetleriň nobatdaky gözboýagçylygy" atlandyrýar.

"Ýurduň içinde ýene hususy taksilerde sapar etmek amatly bolýar. Sebäbi olar paýtagtdan başga bir welaýata gitmek üçin 300-400 manat aralygynda kireý alýarlar" diýip, paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 100-e golaý ýaşaýjy global pandemiýanyň başynda halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy zerarly ulanyp bilmedik uçar biletlerini gaýtadan dikeltmek ugrunda tagalla edýär.

"Döwlet telewideniýesiniň maglumatlaryndan soň, biletleri köýen raýatlar ýene Türkmenabadyň halkara aeroportunyň Gazna bölümine bardylar. Olar 2020-nji ýylyň fewral we mart aýlary üçin satyn alan biletleri bilen daşary ýurtlara gidip billmändiklerini aýdyp, biletleriniň gaýtadan dikeldilmegini soradylar" diýip, şol raýatlaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, pandemiýanyň ilkinji aýlary üçin bilet satyn alan 450-ä golaý raýat şu ýylyň martyndan bäri biletlerini dikeltmäge çalyşýar. Şondan bäri 350-ä golaý raýatyň bilet puly yzyna gaýdyp berildi. Galan 100-e golaýy biletlerini gaýtadan dikeltmäge çalyşýar.

"Kassa işgärleri halkara uçarlarynyň bölekleýin dikeldilendigini aýdyp, gatnawlar doly dikeldilenden soňra biletleriň dikeldilip beriljekdigini wada berdiler. Olar halkara uçar gatnawlarynyň 2023-nji ýylyň martynda doly dikeldiljekdigini aýtdylar" diýip, türkmenabatly raýat belledi.

Türkmen häkimiýetleri şu ýylyň maý aýynyň ahyryndan başlap halkara uçar gatnawlaryny bölekleýin dikeldip başladylar. Şondan bäri ýurduň içindäki uçar gatnawlarynyň sany hem bölekleýin artdyryldy.

Azatlyk uçar biletleriniň töweregindäki kynçylyklar, biletleriň tapdyrmaýandygy we olaryň döwlet bahasynyň üstüne para soralýandygy barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Türkmenistan korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarda, şol sanda "Transparency International” guramasynyň 2021-nji ýyldaky indeksinde dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG