Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ýene işjeňleşdi. Olar ulaglary saklap, dürli bahanalar esasynda, sürüjilere günde birnäçe gezek jerime salýarlar. PÝGG-niň işgärleri bu çäreleri özleriniň gündelik "jerime planynyň" artdyrylandygy bilen düşündirýärler.
"Ýol polisiýasy günüň dowamynda ençeme gezek saklap, her bir sürüjä 4-5 gezek jerime salýar. Olar derman gutusyny, ýangyn söndürijini barlaýarlar. Olar bar bolsa, bularyň ýaramlylyk möhletini barlaýarlar. Ýaramlylyk möhletiniň ýazgysy görünmeýän bolsa, dessine jerime salýarlar. Eger ýaramlylyk möhleti görünýän bolsa, onda başga zatlary barlap, bahana gözläp başlaýarlar. Garaz, bir zat tapýançalar barlaýarlar" diýip, maryly sürüji aýtdy.
Polisiýa işgärleriniň birnäçesiniň Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna aýtmagyna görä, bu çäreler olardan edilýän talabyň güýçlenendigi, gündelik "jerime planynyň" 30-a çykarylandygy bilen baglanyşykly.
"Şu aýyň başyndan her birimizi her günde 30 protokol ýazmaga borçly etdiler. Bizden hem edilýän talap şeýle. Käte käbir sürüjilere yzly-yzyna iki günläp, her güni 5-6 jerime ýazýarys. Köp ulag eýesiniň wezipeli tanyşlary bar. Olara degip bilmeýäris. Şol sebäpli olara ýazyp bilmedik jerimäni wezipeli tanyş-bilişi bolmadyk raýatlara salmaly bolýarys" diýip, polisiýa işgäri aýtdy.
Şu ýylyň iýulynda maryly polisiýa işgärleri "gündelik planyň" 5 protokoldan 20-ä çykarylandygyny gürrüň beripdiler.
Sürüjiler bu çäreleri "garyp halky talamakdan başga zat däl" diýip häsiýetlendirýärler.
"Ýene sada ilatyň hasabyna býujeti dolmaga çalyşýarlar" diýip, marly sürüji sözüni jemledi.
Polisiýanyň sürüjilere jerime salmak çäresiniň güýçlenmegi Mary şäheriniň ýol polisiýa bölüminde we "Halkbankyň" şahamçasynda adamlaryň uly nobatlarynyň döremegine hem getirdi.
"Adam gaty kän. Men düýn uzakly gün garaşyp, maňa salnan jerimeleri töläp bilmän gaýtdym. Şu gün gaýtadan bardym. Nobatym ýetdi, emma resminamalary düzedip, jerimäni tölemek üçin Halk banka baranymda, bu ýerde hem adamlaryň uly nobatyny gördüm" diýip, başga bir sürüji 8-nji dekabrda gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we oňa degişli edaralar, şeýle-de ýerli media serişdeleri sebitde polisiýa gözegçiliginiň güýçlendirilmegi we onuň sebäpleri barada aç-açan habar bermeýärler. Azatlygyň bu barada Marynyň ýol polisiýasyndan kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.
Türkmenistanda häkimiýetler köçelerde polisiýa gözegçiligini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Munuň çäginde polisiýa işgärleri dürli bahanalar esasynda, sürüjilere yzygiderli jerime salýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum