Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň ýol polisiýasy sürüjilere jerime ýazmak çärelerini ýene güýçlendirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň köçelerinde polisiýa gözegçiligi güýçlendi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri köçelerde topar bolup durup, ýoldan geçýän ulaglary saklaýarlar we sürüjilere köpçülikleýin jerime ýazýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý soňky iki hepde bäri dowam edýär. PÝGG-niň işgärleri irden sagat 7-9 we giçlik sagat 6-7:30 aralygynda köçelerde gözegçiligi güýçlendirýärler.

"Her köçede ýol polisiýasynyň bäş-alty işgäriniň durandygyny görse bolýar. Olar her geçen ulagy saklaýarlar we ilki sürüjileriň resminamalaryny, guratlyk we ynanç hatlaryny barlaýarlar. Sürüjileriň resminamalary düzüw bolsa, bahana gözläp başlaýarlar. Bularyň çäginde ulagda goşmaça enjamyň bardygy, ulagy rugsat berlen tizlikden has ýokary dolandyrandygy, ulagdaky aýdym-sazyň sesiniň daşyna çykýandygy we ulagda radio diňlär ýaly antennanyň goýlandygy ýaly bahanalar bar. Saklanan sürüjileriň tas ählisine bu bahanalar esasynda dürli möçberde jerime salynýar we olaryň ulaglary polisiýanyň 'jerime duralgasyna' alnyp gidilýär" diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly sürüjileriň biri 15-nji awgustda gürrüň berdi.

Maryly başga bir sürüji polisiýanyň öz ulagynyň reňkinden bahana tapandygyny aýdyp, özüniň muňa yssy howa sebäpli günüň ýiti şöhlesiniň sebäp bolandygyny düşündirmäge synanyşandygyny, ýöne munuň netijesiz bolandygyny gürrüň berdi.

"Olar maňa awtoulagyň ýokarsyndaky reňk solupdyr diýdiler. Men olara tomus aýlarynda şeýle bolýandygyny, dört-bäş müň sarp edip, ulagy her bir-iki aýdan reňklemäge mümkinçiligiň ýokdugyny aýtdym. Olar bize ýokardan berlen buýruk şeýle diýmek bilen çäklendiler" diýip, sürüji belledi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, sürüjiler öz ulaglaryny polisiýanyň awtoduralgasyndan çykarmak üçin diňe jerimäni tölemeli bolmaýarlar. Eýse, olar ýol polisiýasyna para hem bermeli bolýarlar. Para bermedik sürüjileriň ulaglary ençeme günläp, hatda hepdeläp polisiýanyň awtoduralgasynda saklanýar.

"Polisiýa işgärleri jerimäni tölän sürüjileriň ulaglarynyň näme üçin dessine yzyna berilmeýändigini düşündirmeýärler. Men irden saklanan ulagymy giçlik 7-de yzyna almak üçin 600 manat para bermeli boldum" diýip, başga bir maryly sürüji başdan geçiren ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz häkimiýetleriň bu çäresi bilen baglylykda, polisiýanyň awtoduralgasynda ulaglaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini hem belleýär.

"Duralgada her hili ýagdaýa duş gelse bolýar. Köp adam hojalygy bilen bile jerime duralgasyna barýar. Bu ýerde elleri çagaly aýallar hem göze ilýär" diýip, maryly sürüji aýtdy.

Marynyň häkimiýetleri we ýerli metbugat serişdeleri sebitiň köçelerinde polisiýa gözegçiliginiň güýçlendirilmegi we onuň sebäpleri barada aç-açan habar bermeýärler. Azatlygyň bu barada Marynyň ýol polisiýasyndan kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ulag eýeleri häkimiýetleriň bu çäresine "halky talamagyň nobatdaky tapgyry" diýip baha berýärler.

Soňky aýlarda Türkmenistanda häkimiýetler köçelerde polisiýa gözegçiligini güýçlendirdiler. Geçen aýyň ortalarynda Mary şäheriniň ýol polisiýasy gizlenip durup, köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlara jerime salýandygy mälim boldy. Şol aýyň başynda Maryda ýol gözegçiligi polisiýasynyň işjeňleşendigi, polisiýa işgärlerinden "jerime planyny dolmagyň" talap edilýändigi habar berildi. Iýun aýynda bolsa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde polisiýa zenan sürüjilere gözegçiligi güýçlendirdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we oňa degişli edaralar alnyp barylýan bu çäreler barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. ​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG