Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hytaýa on aýda $8,23 milliardlyk tebigy gaz satdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Hytaýa 8,23 milliard dollarlyk tebigy gaz eksport etdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53% ýokary bolýar. “Biznes Türkmenistan” bu habary TASS habar gullugynyň Hytaýyň baş gümrük müdirligine salgylanyp çap eden maglumaty esasynda berdi.

Bu aýlarda Russiýa Hytaýa 3 milliard 100 million dollarlyk tebigy gaz iberipdir. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 182% köp bolýar.

Hytaý on aýda geçiriji arkaly Mýanmadan ($1,13 milliard), Gazagystandan ($996,5 million) we Özbegistandan ($916,7 million) hem tebigy gaz aldy.

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça çekilen üç gaz geçirijisi ýylda 55 milliard kubmetr gaz ibermäge mümkinçilik berýär.

Habarda bellenmegine görä, Türkmenistan geçen ýyl Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

XS
SM
MD
LG