Türkmenistanda dowam edýän pagta möwsüminiň çäklerinde, Maryda býujetçileriň öz ýerine hakyna tutup gowaça ýygymyna ugradýan günlükçileri bilen potratçylaryň arasynda töleg meselesinde dawa döredi. Bu sebäpli hakyna tutulan işgärler pagta meýdanlaryny terk edip, ýygylan pagta üçin kemeldilen pul haklary gaýtadan galdyrylmasa, onda kimdir birleriniň ýerine pagta gitmejekdiklerini duýdurdylar.
Ýurduň günorta sebitinde 2-nji noýabrda dörän dawanyň jikme-jiklerine geçmezden ozal, türkmen häkimiýetleriniň pagta möwsümi döwründe, şol sanda döwlet edaralarynyň işgärlerini hem mejbury pagta ýygymyna çekýändigini ýatladýarys. Býujetçiler hem, howanyň ähli şertlerinde, uzakly gününi meýdanda geçirmegiň deregine, öz orunlaryna günlükçi tutup pagta ugradýarlar.
Emma soňky günlerde welaýata gelen ýagynyň netijesinde pagtanyň çyg almagy sebäpli, günlükçiler bilen pagta ýetişdirýän potratçylaryň arasynda töleg meselesinde ilki düşünişmezlik, soňra-da dawa döredi.
“Biz çarşenbe güni Sakarçägäniň golaýyndaky pagta meýdanyna baranymyzda, potratçy ýygylan pagtanyň her kilogramy üçin ozalky berýän tölegini etmejekdigini aýtdy” diýip, Mary-gresden onlarça kilometr aralygy söküp gelen ýaşaýjylaryň biri Azatlyga gürrüň berdi.
“Döwlet işgärleri bize öz deregine ýygyma gitmegimiz üçin 40 manat berýärler. Potratçylar-da ýygylan pagtanyň her kilogramy üçin 30 teňňe töleýärdiler. Daýhanlar her gün azyndan 25 kg pagta toplamagymyzy sorasalar-da, her bir günlükçi ortaça 50-60 kg pagta ýygýar. Netijede goşmaça 10-15 manat pul gazanýardyk” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde maglumat beren söhbetdeşimiz belledi.
Emma potratçylar çyg pagtanyň agramynyň esli artýandygy sebäpli, häzir ozalky töleglerini etseler, onda soňundan özleriniň uly zyýana galjakdyklaryny belleýärler.
“Uzakly gün ýagyş ýagyp dur, töleg edip biljek däl. Harmanhanalarda onsuz hem tabşyrylan pagtanyň 10-15%-ni hapa diýip jemi agramdan aýyrýarlar. Geçen ýyllar pagtanyň çyglygy üçin onuň 75-80%-ni kemeldipdiler. Men häzir günlükçileriň ýygan pagtasynyň 80%-ni aýyryp, degişli tölegi etsem, olaryň razy bolmajagyny bilýärin. Meniň hem her ýylda potratdan zyýana galman çykyp biljegim gümana” diýip, sakarçägeli daýhanlaryň biri öz ýagdaýyny düşündirmäge synanyşandygyny aýtdy, emma günlükçileriň onda-da pagta meýdanyny terk edendigini belledi.
“Diňe 40 manat üçin hojalykdan aýrylyp, uzakly güni meýdanda geçirip biljek däl. Ýygylan pagtanyň tölegi hem biziň diňe ýol harajatlarymyzy ýapmak üçin ýetýärdi. Ähli tölegler edilende-de, gazanýan pulumyz hojalygymyzyň diňe gündelik iýmitine ýetýär. Galan ýagdaý bizi gyzyklandyrmaýar, töleg edilse, pagta ýygarys, bolmasa-da, goý, döwlet işgärleriniň özleri meýdana çykybersin. Ýa-da, goý, ähli zadyň gülala-güllükdigini aýdan hökümet kombaýn alyp bersin” diýip, 40 ýaşlaryndaky Mary-gresden bolan ýaşaýjy nägileligini bildirdi.
Ýokarky ýagdaýlar boýunça Marynyň häkimliginden resmi ýagdaýda hiç hili kommentariýa ýa düşündiriş almak başartmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum