Maryda pagta ugradylan günlükçiler bilen potratçylaryň arasynda dawa döredi
Türkmenistanda dowam edýän pagta möwsüminiň çäklerinde, Maryda býujetçileriň öz ýerine hakyna tutup gowaça ýygymyna ugradýan günlükçileri bilen potratçylaryň arasynda töleg meselesinde dawa döredi. Bu sebäpli hakyna tutulan işgärler pagta meýdanlaryny terk edip, ýygylan pagta üçin kemeldilen pul haklary gaýtadan galdyrylmasa, onda kimdir birleriniň ýerine pagta gitmejekdiklerini duýdurdylar.