Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalynyň merkezi bazary ýapyldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň merkezi bazary üç gün bäri ýapyk bolmagynda galýar. Bazar administrasiýasy munuň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermese-de, bu ýerde söwda edýän telekeçiler muny "Aşgabatdan welaýata, şol sanda söwda nokadyna barlagçylaryň gelendigi" bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň 27-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, polisiýa işgärleri söwdegärleri we alyjylary bazara goýbermeýärler.

"25-nji oktýabrdan bäri polisiýa işgärleri bazara hiç kimi goýbermeýär. Olar bu hepde bazarda söwda etmegiň gadagandygyny aýdýarlar. Söwdegärler bazaryň içinde gaçyp işlejek boldular, ýöne bu başa barmady. Söwda etmek üçin bazara baran adamlar hem yzyna gaýtmaly boldular" diýip, ýagdaýdan habarly baýramalyly telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Telekeçileriň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, bazaryň ýapyljakdygy barada öňünden hiç hili duýduryş berilmedi. Şeýle-de, bazar administrasiýasy söwda nokadynyň näçe wagt ýapyk durjakdygy, ýapylmagynyň sebäpleri barada hem hiç hili maglumat ýa düşündiriş bermeýärler.

"Bazar resmileri ikiçäk gürrüňlerde söwda nokadynyň ýapylmagynyň sebäplerini Aşgabatdan welaýata, şol sanda söwda nokadyna barlagçylaryň gelendigi bilen düşündirýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran başga bir telekeçi aýtdy.

Telekeçiler bazar resmilerine salgylanyp, barlagçylaryň gelmeginiň sebäbi barada iki sany teoriýanyň orta atylýandygyny aýdýarlar. Bularyň biri bazarlardaky kafeleriň, beýlekisi polisiýa işgärleriniň üstünden edilen şikaýatlar bilen baglanyşykly.

"Bazardaky kafelerde birnäçe gün öňki bişirilen naharlaryň gyzdyrylyp halka hödürlenýändigi, olary iýen käbir adamlaryň hassahana düşendigi we olaryň kafeleriň üstünden arza ýazandygy barada maglumatlar bar. Mundan başga-da, bazardaky polisiýa işgärleriniň, dürli bahanalar bilen, söwdegärlerden we bazara gelýän adamlardan pul çöpleýändigi, pul bermeýänlere çilim çekýändigi, nas atýandygy ýa-da ýanynda hapa kagyzlaryň kändigini aýdyp, olara jerime ýazýandygy ýa-da olary polisiýa bölümine alyp gidýändigi barada maglumatlar hem bar. Köp adam bu polisiýalaryň üstünden arza ýazyp, prokuratura tabşyrypdyr" diýip, baýramalyly telekeçi aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Baýramalynyň merkezi bazaryndan, häkimliginden we polisiýa bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli sebitlerindäki edara-kärhanalarda, durmuş maksatly desgalarda, bazarlarda wagtal-wagtal barlaglary geçirip, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, işleriň talaba laýyk alnyp barlyşyny we bidüzgünçilikleri derňeýärler.

Ýöne habarçylarymyz bu barlaglaryň köplenç oňyn netijesiniň bolmaýandygyny, söwda nokatlarynda barlag geçirýän häkimiýet wekilleriniň para bilen kemçiliklere göz ýummagy ýaly wakalaryň köp bolýandygyny aýdýarlar.

Şu hepdäniň başynda Marydaky habarçylarymyz welaýatyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleriniň durmuş maksatly desgalara, hojalyk jaýlaryna we hususy eýeçilikdäki dükanlara aýlanyp, ýangyn döredip biljek enjamlary barlaýandygyny habar berdiler. Şonda habarçylarymyz barlagçylaryň 'kemçiliklere göz ýummak' üçin her edaradan azyndan 400-500 manat para soraýandygyny hem aýtdylar.

Türkmenistan korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda pes orunlary eýeleýär. "Transparency International” guramasynyň 2021-nji ýyldaky korrupsiýa garaýyş indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG