Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda resmiler daşary ýurtlarda, hususanda Russiýada öndürilen spirtli içgileriň dükan tekjelerinden aýrylmagyny talap edýärler. Ýerli ilat hil taýdan ýerli alkogol önümlerinden has gowudygy aýdylýan bu içgileriň eýýäm gara bazarynyň hem emele gelendigini belleýärler.
“Bu günler Türkmenabatda polisiýa dükanlara aýlanyp, daşary ýurtlarda öndürilen alkogol içgilerini ele salýar. Olar esasan hem Russiýada öndürilen araklary gözleýärler. Polisiýa bu hereketine diňe “bulary satmak bolanok” diýip düşündiriş berýär we araklary ýanlary bilen alyp gidýär. Olar ‘aragyň gerek bolsa, polisiýa bölümine gelde al’ diýýärler. Emma ol ýerde goşmaça azar berilmeginden, jerime töledilmeginden howatyr edip, köpler barmaýarlar” diýip, türkmenabatly söwdagärleriň biri anonimlik şertinde 19-njy oktýabrda gürrüň berdi.
Ol, bahasynyň tas iki esse gymmatdygyna hem garamazdan, ýerli ilatyň daşary ýurtlarda öndürilen spirtli içgileri satyn almaga ýykgyn edýändiklerini hem belledi.
“Ýerli öndürilen onlarça arak satylyp dur. Emma olaryň hili degişlilikde ýaramaz. Olaryň içimi gowy däl, şeýle-de ertesi güni kelleagry ýaly oňaýsyz täsirleri bar” diýip, söhbetdeşimiz sözüne goşdy.
Ýokarda hem bellenilşi ýaly, ýerli resmiler soňky günlerden bäri daşary ýurt alkogol içgilerine garşy geçirilýän reýdleriň sebäplerini düşündirmeýärler we bu gadaganlygy, ýurtda adatça bolşy ýaly, diňe dil üsti bilen beýan edýärler. Azatlygyň ýerli söwda edaralaryndan, şeýle-de häkimliklerden bu barada düşündiriş almak synanyşyklary hem netije bermedi.
Bu aralykda, türkmen häkimiýetleriniň beýleki harytdyr hyzmatlara garşy emeli çäklendirmeleri girizmeginde hem bolşy ýaly, Türkmenabatda daşary ýurt spirtli içgileriň eýýäm gara bazary hem döredi.
“Rus aragyny dükan tekjeleriniň aşagyndan satyn alsa bolýar. Onuň bahasy, elbetde, öňküsinden hem ýokarlandy. 0,5 litrlik arak 90 manatdan başlap, 400 manada çenli ýetýär. Emma munuň üçin ynamdar söwdagäri tapmaly. Daşary ýurt alkogol içgisiniň gerekdigini aýtsaň, ol 10-15 minutdan getirip berýär. Görnüşinden, olar bulary ulaglarynyň içinde saklaýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.
Türkmenistanda uly baýramçylyklara gabat, şeýle-de saglyk aýynyň dowamynda alkogol önümleriniň satuwy göz-görtele çäklendirilýär. Emma türkmen häkimiýetleriniň Lebapdaky daşary ýurt spirtli içgilerine garşy soňky reýdiniň sebäplerini häzirlikçe resmi we näresmi ýagdaýda anyklamak başartmady.
Türkmen häkimiýetleri bu soňky çäklendirmeleri kommentirlemeýärler. Döwlet mediasy bu barada habar bermeýär.
2018-nji ýylyň aýagynda Türkmenistanda "Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Kanun kabul edildi. Resmi maglumatda bellenmegine görä, bu dokumentde “alkogolyň öndürilmeginiň, dolanyşygynyň çäklendirmegi, mahabatynyň düzgünleşdirilmegi ýaly çäreleriň toplumy kesgitlenýär. Munuň netijesinde, ýurtda alkogol önümleriniň salgydy hem galdyrydy. Bu kanunyň yzy bilen, ýurduň dürli künjeklerindealkogol önümleriniň söwdasynyň togtadylmagy ýaly ýagdaýlar hem ýygjamlaşdy.
Türkmenistanda häkimiýetler sagdyn durmuşyň propagandasyna döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdýarlar. Galyberse-de, türkmen hökümeti 2025-nji ýyla çenli ýurdy çilimden doly azat etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.
Emma munuň çäginde geçirilýän çäreler aglaba ýagdaýda diňe gadagan ediji düzgünler bilen çäklenýär we, Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, adamlary ýaramaz endiklerden ýüz öwürmegi üçin maslahat beriji, profilaktika çäreleri geçirilmeýär, alternatiwa hödürlenmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum