Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mara gelen ýel oba ýaşaýjylarynyň elektrik üpjünçiligini 10 sagatlap bökdedi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda penşenbe güni, 20-nji oktýabrda irden öwsüp başlan şemal, soňy bilen güýçlenip ýele öwrüldi we öýläne çenli dowam etdi. Ýeliň netijesinde welaýatyň ençeme obasynda ilata berilýän elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlik döredi.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berip, ýeliň durmuş maksatly desgalara ýa-da ekerançylyga zyýan ýetirmändigini aýtdy. Ýöne ol käbir oba ýaşaýjylarynyň 9-10 sagatlap elektriksiz galandygyny, käbirine 21-nji oktýabrda günortana çenli tok berilmändigini belledi.

Türkmengala etrabynyň 27-nji oktýabr we Magtymguly geňeşlikleriniň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, 20-nji oktýabrda irden takmynan sagat 8 töweregi tok kesildi. Tok öýlän sagat 5-den soň, ýel ýatandan soňra berildi.

Welaýatyň Ak meýdan geňeşliginiň ýaşaýjylary bolsa, öýlere goýberilýän toguň ýel köşeşenden soňra-da, 21-nji oktýabrda günortana çenli berilmändigini aýtdylar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, ýaşaýjylar munuň sebäbi bilen gyzyklanyp, ýerli elektrik edaralaryna ýüzlenende, resmiler olara "köne elektrik diňleriniň ýykylmagynyň öňüni almaga synanyşýandyklaryny" aýdypdyrlar.

bilen düşündiripdirler"

"Elektrik diňleri könelip, sähel ýel tursa ýykyljak bolup dur. Şeýle bolanda elektrik simleri çaknyşyp, transformatorlar hatardan çykyp bilýär. Has uly bökdençligiň öňüni almak üçin elektrik energiýasyny öçürdik. Häzir ýeliň doly ýatmagyna garaşýarys" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran oba ýaşaýjysy ýerli elektrik edarasynyň bir işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Ýaşaýjylar adatça bolşy ýaly ne ýetip gelýän ýel, ne-de munuň bilen bagly elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesiljekdigi barada öňünden duýduryş edilendigini aýdýarlar.

"Tok bolmadygy sebäpli mekdeplerde jaň el bilen kakyldy. Soňky sapaklarda mugallymlar däl-de, okuwçylar el sagatlaryna seredip, mugallyma jaň wagtyny aýdypdyrlar" diýip, maryly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda soňky ýyllarda anomal howa hadysalary, şol sanda güýçli tozanly ýeller ýygy-ýygydan bolýar. Habarçylarymyz 2022-nji ýylyň başyndan bäri ýurtda şeýle ýelleriň 20-ä golaýynyň bolandygy habar berdiler.

15-nji iýunda Mara gelen güýçli ýel birnäçe etrapda elektrik togunyň kesilmegine, durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we dükanlaryň üçeklerindäki örtükleriň gopmagyna sebäp boldy. Şonda ýel ekerançylyga hem täsir ýetirip, daýhanlary uly zyýana goýupdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda turýan güýçli şemal, tupan ýa-da sil suwlarynyň joşmagy ýaly tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan habar berýärler. Şeýle-de, tebigy hadysalaryň netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada hem hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG