Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) ýyla bahar ädimi bilen başlady.
Alty döwletden ybarat bolan Moskwanyň liderligindäki howpsuzlyk blogunyň Russiýanyň ýolbaşçylygynda Gazagystana goşun ýerleşdirmegi görlüp-eşidilmedik syýasy tolgunyşyklary basyp ýatyrmaga kömek etdi. Şol tolgunşyklarda 200-den gowrak adam öldürildi.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tolgunşygy "daşary ýurtly terroristler tarapyndan goldanýan döwlet agdarylyşygy synanyşygy" hökmünde häsiýetlendirip, oňa garşylyk görkezmek üçin KHŞG-den interwensiýa sorapdy.
Bu, KHŞG-niň taryhynda bileleşigiň köpçülikleýin goranyş mehanizmini ulanmagy bilen bagly birinji waka boldy we ýaranlygyň geljekde nädip we nirede goşulyp biljekdigi baradaky çaklamalary öjükdirdi.
Şol bir wagtda, aradan bir ýyldan hem az wagt geçensoň, Russiýanyň Ukraina weýrançylykly çozuşynyň fonunda, bir wagtlar Ýewraziýanyň NATO bileleşigine beren jogaby hökmünde häsiýetlendirilen bu gurama özüniň iň agyr pursatlaryndan birini başdan geçirýär.
Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan girýär.
Kremliň guramadaky bäş hyzmatdaşyndan diňe Belarus Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina sebäpsiz başlan çozuşyna goldaw berdi. Bu ädim, Günbataryň Minske garşy sanksiýalaryň täze tolkunyny güýje girizmegine sebäp boldy.
Bu aralykda, KHŞG-niň Russiýa garaşly iki agzasy Gyrgyzystan we Ermenistan degişlilikde birleşige agza Täjigistan we ozalky agza Azerbaýjan bilen bolan serhet çaknyşyklarynda guramanyň hereketsizligi bilen bagly gaharlaryny kynlyk bilen gizlediler.
Geçen hepde Gyrgyzystanyň KHŞG-niň goşunlarynyň 10-15-nji oktýabr aralygynda öz çäginde geçiriljek "Aýrylmaz doganlyk - 2022" atly harby türgenleşiklerini duýdansyz ýatyrmagy bileleşigiň agzybirligine soňky zarba boldy.
Bu kararyň yz ýany, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň Sankt-Peterburgda, rus prezidenti Wladimir Putiniň 70 ýaş doglan gününde geçirilen ýygnakda görünmedi. Japarow Kremliň başlygyny telefon arkaly gutlamak bilen çäklendi.
Rus metbugatyna beren interwýusynda türgenleşikleriň ýatyrylmagyna ünsi çeken rus kanunçykaryjysy Konstantin Zatulin Gyrgyzystany "oýun" oýnamakda we "Günbatar sanksiýalarynyň hiç birine duçar bolmak islemeýänlikde" aýyplady.
Zatulin Russiýanyň goňşulary "näçe güýçlidigimizi we Ukraina garşy söweşde nädip ýeňiş gazanjakdygymyzy" görüp, öz mümkinçiliklerine baha berýärler diýdi.
Emma Zatulin Gyrgyzystanyň özüni alyp barşynyň sanksiýalar ýa-da Russiýanyň Ukrainadaky harby kynçylyklary bilen baglanyşykly däldigini gowy bilýärdi.
Geçen aý Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda bolup geçen ýaragly çaknyşykda 100 çemesi adam öldi. Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki esasy hususy habar gulluklary Duşenbäniň hereketini "çozuş" diýip atlandyrdy.
Bişkek Putinden Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmona "sebit durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün edendigi" üçin abraýly baýragyň berilmegine hem gyssagly reaksiýa bildirdi. Täjik prezidentine bu baýrak 4-nji oktýabrda, Rahmonyň 70 ýaşyny bellemeginden bir gün öň gowşuryldy.
"Täjigistanyň ýolbaşçylarynyň edýän hereketleri ... Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky parahatçylygy we ylalaşygy ýyl-ýyldan pese gaçyrýan mahaly, haýsy sebit howpsuzlygy barada gürleşip boljakdygy gyzykly" diýip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Çingiz Kustebaýew Facebookda ýazan maglumatynda aýtdy.
Bişkekdäki ÝHHG akademiýasynyň postdoktor gözlegçisi Aijan Şarşenowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Putiniň Rahmona beren soňky baýragynyň köp gyrgyz üçin "erbet optika" bolandygyny we Kremliň konfliktde "halanýanlary oýnaýandygy" baradaky pikiri öjükdirendigini aýtdy.
Wise-premýer Edil Baýsalow, öz gezeginde, 10-njy oktýabrda Gyrgyzystanyň jemgyýetçilik pikiriniň gyrgyz topragynda täjik goşunlary bilen harby türgenleşikleriň geçirilmegini kabul etmejekdigini aýtdy. Bu çykyş, gyrgyz resmileriniň türgenleşikleriň ýatyrylmagy barada beren ilkinji düşündirişi boldy.
Gazagystan üçin howp duýgusy
KHŞG kökleri 1990-njy ýyllaryň başynda Azerbaýjany, Gürjüstany we Özbegistany, şeýle hem bileleşigiň häzirki alty agzasyny öz içine alýan Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasyndan (KHŞ) gözbaş alýar. Emma 2002-nji ýylda KHŞ KHŞG-e öwrülende bu üçlügiň hiç biri-de oňa agza bolmady.
Merkezi Aziýanyň iň uly goşunyna eýe bolan Özbegistan 2005-nji ýylda bileleşige goşuldy, ýöne ýedi ýyl soň ondan ýene aýryldy. Geçen hepde Daşkent agzalyga gaýtadan seretmek niýetiniň ýokdugyny aýtdy.
Bileleşikden ýakynda wagtda agzalaryň aýrylyp biljekdigi baradaky çaklamalar esasan Ermenistana we Gazagystana gönükdirildi.
Ýanwar aýynda KHŞG-niň harby gatyşmagyndan peýdalanandygyna garamazdan, Astana Ukrainadaky wakalara aýratyn alada bilen syn etdi.
Moskwa bilen 7 müň 644 kilometr araçägi bolan ýurt üçin howp duýgusy, Gazagystanyň uruşdaky bitarap pozisiýasyna gaharlaryny gizlemeýän rus syýasatçylarynyň, şol sanda Zatuliniň haýbat atyşy bilen güýçlendi.
Geçen aý Kiýewiň garşy hüjümleriniň arasynda, Moskwa harby mobilizasiýa yglan edende, Astana Russiýa bilen serhet ýakasynda goranyş türgenleşiklerini hem geçirdi.
Şol bir wagtda, Gazagystanyň resmileri bileleşikde galmak isleýändiklerini tassykladylar. Gazak goranmak ministri Ruslan Žaksylykow 12-nji oktýabrda žurnalistlere beren maglumatynda KHŞG "krizisiniň" bolandygyny inkär etdi.
Putiniň 13-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagtynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklara gatnaşmagyna garaşylýar.
Ermenistan KHŞG-ni ýitirýärmi ýa-da KHŞG Ermenistany ýitirýärmi?
Ermeni premýer-ministri Nikol Paşinýanyň KHŞG-den lapykeç bolmagy üçin köp sebäbi bolsa gerek.
Ýerewan geçen aý Azerbaýjan bilen bolan gazaply çaknyşyklar döwründe KHŞG-niň köpçülikleýin goranyşy sazlaýan 4-nji maddasyna ýüz tutdy. Bu çaknyşyk, iki kawkaz ýurdunyň arasynda 2020-nji ýyldaky söweş gutaraly bäri Dagly-Garabag sebitinde bolan iň ganly söweş boldy.
Iki ýyl ozal alty hepde dowam eden şol söweş Russiýanyň araçylygyndaky ýaraşyk şertnamasy esasynda tamamlanypdy. Şonda Ermenistan Dagly-Garabagyň we oňa ýanaşyk ýedi etrapçanyň üstünden gözegçiligi ýitirdi.
Geçen aýyň 13-14-ne we 28-ne bolan çaknyşyklarda iki tarapdan jemi 200-den gowrak esger öldi we diňe Dagly-Garabag däl, eýsem Ermenistanyň şäherleri hem güýçli oklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Emma Ermenistanyň kömek haýyşy kerleriň gulagyna düşdi. KHŞG guramasynyň Ermenistana beren jogaby sebite fakt gözlemek missiýasyny ibermek bilen çäklendi.
Sentýabryň ahyrynda bolan ikinji söweşden soň, Paşinýan bileleşikdäki käbir adamlardan Ermenistanyň gaharly halkyň basyşy astynda ýaranlygy terk edip biljekdigi ýa-da däldigi barada soraglaryň gelip gowuşýandygyny tassyklady.
"Men munuň tersini aýtdym: KHŞG-niň Ermenistandan çekilmegi barada gorkular bar" diýip, Paşinýan 30-njy sentýabrda ermeni jemgyýetçilik telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.
Ermeni howpsuzlyk analitigi Leonid Nersisýan AÝ/AR-na beren interwýusynda Ýerewanyň "bu kararyň ýaramaz netijelerini deňleşdirmek üçin hakyky alternatiwa" tapmazdan, Moskwanyň howpsuzlyk saýawanyndan çykmagynyň ähtimal däldigini aýtdy.
"Russiýa Ermenistana kömek bermeýär. Emma Ýerewan KHŞG-den çyksa, onda ol köp zyýan ýetirip biler"diýip, Nersisýan belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum