Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji gün Ahal welaýatynyň täze gurulýan edara ediş merkezine iş saparyny edip, bu ýerde guruljak metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Ol täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň 7-nji oktýabrda, 6-njy oktýabrda bellenilýän Hatyra gününiň ertesi kesgitleniljegini aýdyp, öz kitaplarynyň söwdasyndan düşen galam hakynyň hasabyna toý sadakasyny berjekdigini habar berdi.
Türkmen metbugaty täze guruljak metjidiň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigini aýtmaýar.
Mundan öň, prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynda gurulmaly täze metjileriň gurluşygyna rugsat berende hem olaryň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi agzalmandy.
Türkmenistanda soňky ýyllarda onlarça metjit bina edildi, olaryň gurluşygy üçin raýatlardan serişde ýygnalan halatlary hem az bolmady.
Türkmenistan ýurtda din azatlygyny yzygiderli gysmakda, onlarça dindary gümürtik aýyplamalar esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etmekde we olaryň soňky ykballary hakynda habar bermezlikde tankyt edilýär.