3-nji sentýabrda Türkmenistanyň öňki prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň bu sapary bilen bagly, welaýatda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, köçeler ýapyldy we giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylary maglumat berdiler.
TDH-nyň habaryna görä, döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbanguly sebitdäki işleriň ýagdaýy, welaýatyň çagalar hassahanasynda alnyp barylýan işler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Şeýle-de, ol Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi.
Resmi media Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet baştutanynyň tabşyrygy boýunça Mara iş saparyny amala aşyrandygyny habar berýär. Habarda sapara görülen taýýarlyklar, onuň ilata ýetiren täsirleri barada adatça bolşy ýaly hiç zat aýdylmaýar.
Sebitdäki habarçylarymyz bu saparky taýýarlyklara býujet işgärleriniň çekilmändigini, ýöne jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň gije ýatman, köçeleri arassalandygyny habar berýärler.
"Anna güni, ýagny 2-nji sentýabrda jemagat hojalygynyň ähli işgärleri aeroportdan şäheriň merkezi köçelerine çenli aralygy, şol sanda Mollanepes, Kemine we Görogly köçelerini arassaladylar. Işgärler gijesi bilen ýatman, köçeleri süpürip, ýuwmaly boldular. Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri iki günläp öýlerine goýberilmedi. Köçelerdäki çyralaryň ählisi täzelendi. Görogly köçesinde ýerleşýän köp ugurly çagalar hassahanasynda hem güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirildi" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Mundan başga-da, şäheriň içindäki dükanlaryň we bazarlaryň ählisi ýapyldy. Dükanlardaky gözegçilik kameralary hem, organ işgärleri tarapyndan öçürildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata gelen güni Internetiň tizligi hem örän pes ýagdaýda boldy. Şäheriň ençeme köçesi 2-nji sentýabrda ýapylyp, 3-nji sentýabrda agşama golaý açylyp başlandy.
"Köp gatly jaýlaryň girelgelerinde organ işgärleri durup, ýaşaýjylary jaýlaryndan çykarmadylar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, şäher mekdepleriniň mugallymlary ene-atalardan 3-nji sentýabrda çagalaryny mekdebe ibermezligi haýyş etdiler. Olar munuň sebäplerini ýollaryň ýapylmagy we mugallymlaryň köpçülikleýin çärelere äkidilýändigi bilen düşündirdiler.
Türkmenistanda şeýle taýýarlyklar we başagaýlyklar adatça döwlet baştutanynyň sebitlere etjek saparlarynyň öňüsyrasynda we dowamynda bolýar. Ýöne soňky aýlarda ýurtda şeýle taýynlyklar döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbangulynyň sebitlere saparlarynyň öňüsyrasynda we dowamynda hem bolup geçýär.
"Gurbanguly Berdimuhamedow welaýata gelmezden öň, sebite Serdaryň gelmegine garaşylýandygy barada gürrüňler ýaýrady. Sebäbi taýýarlyklar prezident gelende görülýän taýýarlyklara meňzeýärdi" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum